06:08
Men dünýäňden ýitip barýan
MEN DÜNÝÄŇDEN ÝITIP BARÝAN

Ýaňy tanyşdym diýemde,
Sen dünýämden ýitip barýaň.
Dünýäm ýaz donun geýende,
Sen gyş sary ötüp barýaň.

Öňler bir däli derýadym,
Indi kem-kem ýatyp barýan.
Ýazgydymdaky saýýardym,
Del ykbala çatyp barýaň.

Günlermiň süýji, balydyň,
Ajy şerbet gatyp barýan.
Duýgulam hyrydarydyň,
Muzdsyz alyp, satyp barýaň.

Seni söýen aşyk ýigdiň,
Ýüregini atyp baryaň.
Kalbymyň Titanigidiň,
Söýgüm alman batyp barýaň.

Beýle tiz bolar öýtmedim,
Arzuwyňa ýetip barýaň.
Sen dünýämden hiç gaýtmadyň,
Men dünýäňden ýitip barýan.

Ylham GURBANALYÝEW.

2020.





Категория: Goşgular | Просмотров: 46 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Вечер / Goşgular - 20.02.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022
Ömür düýşi / Goşgular - 13.01.2022
Garaňkylykdaky dessan / Goşgular - 29.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Мой черт / Goşgular - 16.02.2022
Готическая миниатюра / Goşgular - 17.01.2022
Heýkeller ýylgyrmaýar / Goşgular - 02.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]