15:02
Meñ deñze gidesim gelýär
MEÑ DEÑZE GIDESIM GELÝÄR

Meñ deňze gidesim gelýär...
Şatlansam ýa ynjadygym.
Kenaryna dyzym epip.
Duýasym gelýär özimiň
Deňizden bir damjadygym.

Meñ deňze gidesim gelýär...
Duýmak üçin deňizleriň
Bu durmuşa meňzeşligin...
Tolkunlaň ötegçiligne
Kenarlaryň werzişligni

Meñ deňze gidesim gelýär...
Gözelligi duýmak üçin
Ýiti ukyp gerek däl-ä.
Goý,ýüzip bilmämde näme,
Söygim bar hemem yhlasym-
Olar meni küreklärler.

Meñ deňze gidesim gelýär...
Bakman gomlaň, gopbamlygna
Maýdalyna gidip barýan
Töwekgel gaýgy synlap,
Onuň kenara ýetmegin
Çyn arzuw edesim gelýär.

Meñ deñze gidesim gelýär...





Категория: Goşgular | Просмотров: 108 | Добавил: Aziza | Теги: Kakamyrat Rejepow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
«Я только уснула...» / Goşgular - 26.01.2022
Talant gara däldir / Goşgular - 22.01.2022
Mukaddes Gala / Goşgular - 15.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Ýyldyrym / Goşgular - 27.01.2022
Ähtimallyk / Goşgular - 17.01.2022
"Он был студентом, театр любил и книжки..." / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 4
-2
4 mango   [Материал]
“Barjak ýerini bilmän (maksatsyz) ýüzüp ýören gäminiň barjak ýeri deňiziň düýbidir” diýen ýalyrak bir akylly gep ýada düşdi…

-2
3 mango   [Материал]
Goý,ýüzip bilmämde näme,
Söygim bar hemem yhlasym-
Olar meni küreklärler.

Bir inçe bulaşyklyk barmy?
Söýgüsi we yhlasy (ýüzüp bilmeýän) gahrymany küreklemelimi
ýa-da gahryman söýgüsi we yhlasyny kürek edip ulanyp (kürekläp) deňizde ýüzmelimi?
Umuman suw küreklenmeli (ýüzmek, hereket etmek üçin).
Gahryman küreklenmeli däl…..
Ýa men ýaňlyşýammy?
—-
Maýdalyna gidip barýan
Töwekgel gaýgy synlap,
Onuň kenara ýetmegin
Çyn arzuw edesim gelýär.

Arzuw edesiň gelse, edip göýbermeli. :-)
Töwekgellik erbet zadam däl.
Ýöne, gaýygyň saglam bolmasa deňiz ýolagçylygy howply.
Gaýykdyr-da… belki syçan deşen deşigi bardyr, belki çüýrän parçalary bardyr….
Ýolagçylygyň öň ýany gowja edip bir gözden geçirmeli…
Kakamyrat kaka üstünlikler.

2
2 Nurdan   [Материал]
Kakamyrat dogan gowy ýazýa, gowy goşgy,
@Aziza, paýlaşanyñyza sag boluñ, gel deñizde gel özüñem))

2
1 Taryhçy   [Материал]
Deñize git, deñze.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]