01:56
Men birin-ä garaşýardym
MEN BIRIN-Ä GARAŞÝARDYM

Men birin-ä garaşýardym:
Birinji ukyma gitmänkäm,
Görmänkäm birinji düýşi,
Ilkinji gezek elimi ýakmankam,
agzym bişmänkä,
Ilki gezek aglamankam,
aldanmankam,
aldamankam,
suwsamankam,
ajygmankam,
entek hiç ses eşitmänkäm,
şindi hiç kimi görmänkäm,
heniz hiç yza çekmänkäm,
ýöremänkäm,
ýigrenmänkäm,
söýmänkäm,
entek ýer garbamankam,
togalanmankam,
öwülmänkäm,
söýülmänkäm,
sögülmänkäm,
gaharlanyp ýetişmänkäm,
zäherlenip ýetişmänkäm,
pähimlenip ýetişmänkäm,
entek adam bolmankam,
bir arzuwam döremänkä,
ýokka göwün ýüwürtmäm,
optimizm,
pessimizm,
aksiomam,
teoremam
bir subutnamam,
ýokka güman-şübhäm,
analiz we ş.m...
filosofiýam,
psihologiýam,
melodiýam...
ýokka duşmanym,
dostum,
ezizim,
garaňky-ýagty:m...
wagtym ýokka,
bagtym ýokka,
tagtym ýokka,
gussam,
sazym,
kyssam ýokka,
entek pasyllar gelmänkä,
entek hiç ýyldyz dogmanka,
entek birinji gezek ölmänkäm...

Men birin-ä garaşýardym.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 203 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.6/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Daşa ýüzlenme / Goşgular - 18.01.2022
Aldawaç / Goşgular - 26.01.2022
Dolan käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Watanym / Goşgular - 18.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Sag bolsa bolýar / Goşgular - 16.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022
Käşgä gidip bolsa... / Goşgular - 25.01.2022
Syrlar / Goşgular - 07.01.2022



Всего комментариев: 12
0
12 Alaýabyly   [Материал]
Çagyrylýan köp, garaşylýan az.

0
10 Mähriban   [Материал]
Köp sag boluň, Hydyr aga! Taňryýalkasyn!

0
9 Hydyr   [Материал]
Şygry gaty gowy gördüm, sag bol. Bapba neresse ýadyma düşüp gitdi. Berekella. Öwmegem, öwülmegem halamok welin, başga aýdara söz tapmadym. Miwe köp bolsa eger, Bag başyn aşak eger. Başyňy galdyrma-da ýazyber hemem oka. Alla müşgiliňi aňsat etsin.

0
8 Mähriban   [Материал]
Hoş sözleriňiz, ýagşy dilegleriňiz üçin köp-köp sag boluň! Ömrüňiz uzak bolsun!

0
6 mango   [Материал]
Suraý kime garaşýar?
Syr.
Birhili kalu-bela* ýada düşdi.
* Kalu-bela entek dünýä ýaradylmaka geljek-geçjek ruhlaryň toplanan ýeri….

0
7 Taryhçy   [Материал]
Ol syra wakyf bolan - Suraýa sahyp bolan ne bagtly fakih ýigitdir!

0
11 Raýdaş   [Материал]
"Elesti bi rabbikum diýgende guluň boldum" diýşi ýalymy Pyragyň?!..

0
5 Edebiyatcy   [Материал]
Berekella, Suraý mugallym! Garaşýan zadyňa basymrak ýetmegiňi dileýäs

0
4 Allanazar   [Материал]
Suraý jan saglyk, uzak ýaş, bagtly durmuş arzuw edýän. Şygryýet äleminde peselmek, eselmek saňa nesip etmesin.

0
2 Gumlygelin   [Материал]
Ybraýym aga! Köp sag boluñ, goldaýan sizi. Ömrüñiz uzak bolsun.

0
1 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Ybraýym Suraýyñ goşgularyna syn ýazyp, ony öwüp ýörşi diýýänsiñiz!? Hakykatdanam öwerligi bar bu goşgulañ! Sebäbini sizem bilýänsiñiz, menem aýdaýyn. Suraýyñ şygyra nähili çemeleşÿändigi ajaýyp, özüne mahsus. goşgyñ başynda ÿa soñunda adyny agtarmak gerek däl, birinji beýtlerini okap başlanyñda, "bizi Suraý ýazdy" diýip gygyrşyp durlar, diýmek ol ýaş hem bolsa öz stilini tapmaga, döretmäge talaş edip ýör. Ÿene halaýan zadym, Suraýyñ goşgularynda öz huzury, ol hiç kime zat öwretjek bolmaÿar, diñe öz şahyrana dünÿäsinden söz açÿar. Real dünýä bulaşyk, hapa hem pajygadan doly dünýä bolýar, ýöne sungat adamlaryñ dünýäsi arassa, gözel, çuñ hyÿallar, teswirlerden doly bolýar. Bu ýerde añyñ, söýginiñ, şatlygyñ, dünýägaraýyşyñ hili parh edýär. Haçanda şahyryñ özüne döreden jahany, real dünýe bilen çaknyşanda şygyr döreýär. Uzaga çekdi! Suraýyñ belki ýaşlygyndan, tejribesi azlygyndandyr!? Goşgularynyñ forma taÿdan, şygryýet taÿdan kemter gaýdýan ýeri az däl, emma şu ugry bilen dowam ediberse türkmen sungat äleminde, edebiÿat äleminde gowy yz galdyryp biljek şahyr. Barýan ugry hakyky, hakykata tarap. Üstünlik saña Suraý jan! Şu ýaşuly nämüçin JAN diýip adyn tutýarkan diýýänsiñiz!? Bu elbetde Türkmenistanda geñ görülmegem mümkin, ýöne biz arada beýle däl. parslardan öwrenen bolmagymyz mümkin, köplenç garyndaşlar, dost-ýarlar we s. m.-lere jan diÿip ýüzlenýäris. Hasam gowy görýän ýaşlaryma Jan diýip ýüzlenmek maña-da adat bolan!

0
3 Taryhçy   [Материал]
Ybraýym aga entägem bärden gaýdýar.
Öwülmäge mynasypsyñ jigim. Üstünlik arzuw edýärin. Her goşgyña sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]