09:08
Men bahara garaşypdym
MEN BAHARA GARAŞYPDYM

Men bahara garaşypdym,
Maýsalykda ezilmäge.
Gülden gotaz ýasan gyzlaň
kirpiginde süzülmäge.
Soňky gezek bolsa-da, goý,
Söýülmäge.

Men bahara garaşypdym,
Sözlem janly bolar ýaly.
Peýmanam dolsa bimahal
Bir ahmyrsyz öler ýaly.
Ýitgilerim, puşmanlarym,
Dostlarym hem duşmanlarym...
geler ýaly.

Men bahara garaşypdym,
Alma gülün ysgamaga,
Dag ýodasyn yzlamaga.
Aglap bilmedim agymy,
Döküp bilmedim ajymy.

Men bahara garaşypdym,
Ýuwaşjadan alyp demim.
Ýuwudan gaharym telim
Bokurdaga tegek boldy.
Olam hiç kime görünmän
Aglanymda gerek boldy.

Men bahara garaşypdym,
Bu gyş juda uzak boldy.
Diljagazym-ýaňrajygym.
Görnüp dur-a bahar hakda
Üýtgeşik zat ýazmajagym.
Güneşde ýylynar ýaly,
Garaz, obalylar ýaly.

Men bahara garaşypdym
Ýoňdan galan oýnawaç deý,
Bir arzuwçyl garlawaç deý...

Men bahara garaşypdym...

Suraý BABANYÝAZOWA.




Категория: Goşgular | Просмотров: 147 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Mynajat / Goşgular - 27.03.2021
Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Dagdan agajy / Goşgular - 05.02.2021
Gözler gözellikde eglensin / Goşgular - 02.02.2021
Iki kitap / Goşgular - 03.06.2021
Kemalyma... / Goşgular - 09.01.2021
Ýeri, sen şol gyza meñzäýmelimi?! / Goşgular - 09.02.2021
Çopan / Goşgular - 30.05.2021
Okap bersene / Goşgular - 01.06.2021



Всего комментариев: 5
0
5 nurgeldiyewam232   [Материал]
Gowy ,Suraý ,sadaja duýguny okyja geçirip bilýänje goşgy.Üstünlik arzuw edýän!Köpräk ýazjak bol!(Ýa köp ýazyp gizlin saklaýañmy gyz)

0
4 Sergezzan   [Материал]
Dostlukdaki Mahribanmy?

0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Pessimist goşgy bolsa-da duýgularyňy dörjeläp bildi. Galamyňa bereket Suraý

0
2 Zyýada   [Материал]
Ylhamyňa bereket Suraý!Galamyň ötgir bolsun. smile

0
1 mango   [Материал]
Suraý hanym.
gowja, pessimistje goşgy bolupdyr.
"soňky gezek söýülmäge" bilen "bir ahmyrsyz ölmäge" bahara garaşyşyň ýüreklerde biraz howsala döredýär.
---
hawa, bahara bizem garaşýarys,
ýöne "bu gyş juda uzak boldy".
---
"Ýoňdan galan oýnawaç deý" diýe setirde "ýoň" diýip modany göz öňüne tutanam bolsaň, ol "ýoňlamak, dümewlemek" ýaly manylary bolany üçin bulaşdyrýar. başgarak aýdyp bolsady.
---
berekella!
(üç ýyzzyly bassym)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]