23:15
Men Aý bilen söhbet etdim
MEN AÝ BILEN SÖHBET ETDIM

Aý bilen gürleşdim
sen hakda.
O syrdam boýludygyňy aýtdy
Saçlaryňam yza daraklaýanyňy.
men ony diňledim
üns bilen
elimiň üstünde kellämi goýup
gözöňümde janlandyrdym keşbiňi
Nurana ýigit.
Goňşy obadaky gerçekleň
birine-de meňzeş däl.
Sen - üýtgeşik!
Didelerme intizardygyňam aýtdy.
Allajana şükür!
Arzuwlarymy asmandan alan ekenim.

Geleweri(!),
kiçelip,
egrelip
inçejik bolup
garaşýar saňa...
süýtreňk Aýyň astynda
bugdaýreňk Suraý.

Suraý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 107 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Jigime nesihat / Goşgular - 13.01.2022
«Я только уснула...» / Goşgular - 26.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Гадание / Goşgular - 20.01.2022
Täze ýyl agşamy ýazylan goşgy / Goşgular - 04.01.2022
Ýitmek / Goşgular - 12.01.2022
Дума вассалов / Goşgular - 20.01.2022
"Dogry dana diňe dogrusyn diýer..." / Goşgular - 18.01.2022



Всего комментариев: 4
0
4 Mähriban   [Материал]
Ybraýym aga, biz ýaly ýönekeý bir awtora goýýan hormatyňyz, bildirýän ynamyňyz üçin Size köp taňryýalkasyn aýdýaryn. Köp goşgularymy diňe Siziň ynamyňyzy ödejek bolup, jan edibem goýýardym saýtda, Halypam! Entegem Siziň kimin uly adamlaň yhlasy bizi goldaýar. Ýogsam bu ýollar...
Janyňyz sag, mertebäňiz belent bolsun! Alla Sizden razy bolsun!

0
2 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Päh, Meniñ ÿazan synlarymyñ baryn bozupdyrlar. Ÿazma diÿdiklerimikän??? ÿa-da erbet zat ÿazaÿdymmykan. Śu bölejikde gös-göni ÿazaÿanym üçin, ol ÿazgylar özümde-de galmandyr. Kitapçynyñ müdirlerine haÿyš, ÿazanlarymy öz šahsy sahypama goÿaÿyñ, soñ, maña baša bir zat ÿazypsyñ diÿip ynandyraÿmasynlar. HAŸYŠ!

0
3 Haweran   [Материал]
Ybraýym aga, bagyşlañ! Awtoryñ göwnüne degip ýazlan teswirleri öçürenimde atdanlykdan bilmän siziñ teswiriñizi hem öçüräýipdirin. Ýogsa, gymmatly wagtyñyzy sarp edip ýazan düşündirişiñizde ýaşlara sapak alarlyk köp zatlar bardy. Aýyplaşmañ. Ýene bir gezek ötünç soraýarys.

0
1 Raýdaş   [Материал]
@Ybraýym Badahşany,
Haýyş edýän agam, siz ähli babatda ýaşuly maňa görä. Şonuň üçin salam bilen başlaýyn: salawmaleýkim!
Meniň hiç kim bilen şahsy meseläm ýok, şu atmosferada bolup hem bilmez. Siziň http://kitapcy.com/news/bicare_halkym/2021-11-30-18491 goşgyňyzda beýan edişiňiz ýaly aslynda derdimiz bir, ýöne birimiz üzüm diýýäs, birimiz inab diýýäs, ýene birimiz engur. Ähli jähtden ösmegiň-özgermegiň tarapdary; özem asylly (uniwersal ösüşi milli gymmatlyklar bilen ýugrup), hakyky (ýasama istatistikalar boýunça däl) we dowamly (bir ädim öňe iki ädim yza ýortman) özgerişiň tarapdary. Çünki:
- globalny intiligensiýadan bihabar galyp, ne millilige ne halk köpçüligine ýeterlik hyzmat edip bolmazmyka diýýän;
- ýasama istatistikalar bilen publikany aldap bolýar, ýöne özüňem aldap bolanok, hakykatam gizläp bolanok;
- bir ädim öňe iki ädim yza ýöreseň duran ýeriňde hem durup bolanok, tersine gitdigiçe yza gaýdýaň.
Höwesjeňligi, zähmetsöýerligi goldamaly elbet-de, basgylamaly däl. Emma, haçanda bu goldaw elipden jim ýasap "götergilemek" derejesine gelse, men ýaly biriniň "haýt" diýip çykjagy ikuçsyz (tebigatyň terezi kanuny şeýle)...
Galyberse-de kitap dükanlary kanagatlandyrsa mawy ekranda setir yzarlap gözümi ýadatjak dälle, kagyz sahypadan okanyň ýalam bir zat bormy?!
Ýaňky belläp geçişiňiz ýaly nusgawy žanryň bulagy müň ýyllyk tejribä direýär. Köneden doýman täzeçillige ymtylyp bolarmy? Men siziň goşgularyňyzy hem okap çykdym. Öwüp teswir ýazmadyk bolsam okamandyr öýtmäň :-)
Klassiki terzde ýazan eserleriňiz, rubagylaryňyz bolşy ýaly, erkin formada-da pikir-heň-çeperçilik babatda nusgalyk derejede şygyrlaryňyz bar diýip biljek. Bu bolsa siziň klassiki derýadan ganyp, täze çeşmelere ümzük atmagyňyzyň şaýady. Meni köne pikirli däl muhtaram, siz ýaly erkin terzde ýazanlara göz gurban. Ýöne diňe "ýoň" bolany üçin kem galmajak bolup kellesine geleni goşgy diýip ýazsalar, soňam köpçülige ýetirseler, yzyndanam ýaranlary methiýe düzüp Arşa galdyrsa dymyp oturyp bilmejekdigimi bilsinler...

(Sözümiň arkasynda durýan, ýazanymy pozup gaçamok, maňa derek pozsalar hem baş üstüne, Halylulla suw daşan garynja ýaly tarapym bir belli bolsun...)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]