11:15
Men
MЕN

Hiç haçan ertämi gaýgy etmedim,
Ýaşadym göwnüme gelşine görä.
Sürdüm dünýäň döwranyny hepbesiz,
Sizem gömüberiň ölşüme görä.

Ýanyp yşkyň heserlije ýelinden,
Terahum şerabyn içdim badalap.
Şygrym çykar bukjasyndan gelinleň,
Şygrym gyzlaň dahanyndan dat alar.

Içdim, lagnat daşyn atyp şeýtana,
Içdim, diwana deý undup dünýäni.
Görogly imes men,
emma meýhana
Öwrendirin pukaraja külbämi.

Ne ömrümi, ne pulumy gaýgyrdym,
Arş-kürsde,
ters-dürsde
bilmedim ýerläp.
Mawy asman içre gaýgymy sürdüm,
Çöller içre akdym sil deý heserläp.

Yşk ah ursa dünýäniň dürs ýüzünde,
Çöwresinde ýer goduklap, gaý turar.
Ýürekden ataşly sözler üzülse,
Jahany lerzana salar duýgulam.

Keşt eýledim harasada atlanyp,
Men bir apy-tupan,
Gara ýeldirin!
Kalbymda uzaýar gögüň nagrasy
Arşy çat açdyryp çaksa ýyldyrym.

Goý, heňňamlar biljek bolup kimligmi
Jedel etsin,
pitjiň atsyn,
pal atsyn!
Alla bilýär, şahyr bolup bildimmi?
Ýöne şahyr kibi ýaşanym hakdyr!

Nobatguly Rejebow
Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: mango | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Всего комментариев: 3
1
1 mango   [Материал]
Mawy asman içre gaýgymy sürdüm,
Çöller içre akdym sil deý heserläp.


hawa, şahyrlar başarýar asmanda gaýykly ýüzmegi we çöllerde sil bolup akmagy...
(asmanda gaýyk küreklemek - has gyzykly).

0
2 Bagabat   [Материал]
Gaýykdyr-kürek barada şuny okasana! Janyň hezil edermikä diýýän:

SEN BOLSAÑ

Gaýyk bolsa,
Kürek bolsa,
Sen bolsaň
Çar tarapam deňiz bolsa ümmülmez
Didarymdan, ykbalymdan gaçmanyň
Ebeteýni asla tapyp bilmeseň
Kürekleri gezek-gezek kürekläp
Elimiz kartasyz, kompossyz,z atsyz
Syýahata çyksak, azaşsak soňam
Güni garşylasak ir säher dogan
Eýläň deňiz, beýläň deňiz gurşasa
Göz öňümde gözi deňiz sen bolsaň
Biygtyýar gözleriňe gaçar men
Hem kalbyňda yşgyň ýolun açar men
Onsoň…
Onsoň «bagt» diýen geler-de
Ikimize gujagyny giň açar
Il gerek däl toyumyzy tutmaga
Däp gerek däl, nämä gerek gyňajam?
Meňkiligiň gözleriňden bildirse
Söýýänligiň sözleriňden bildirse
Ýeter maňa.. Hem saňa-da ýeter şol
Ýeter bize gaýyk-kürek jem bolsa

Duýgularmy jylawlaman onsoň men
Öýüňize ýol ogurlabam ýörmerin
Maňlaýymda deňiz gözli sen bolsaň
Bagtly ýatyp, bagtlylykda örerin,
Hut şu pursat bar aladam sem bolsa
Gaýyk bolsa,
Kürek bolsa,
sen bolsaň…

Aşyr HANOW.

0
3 mango   [Материал]
hawa, okapdym "galamdaşda".
gowy goşgy.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]