01:57
Melhemli bada
MELHEMLI BADA

Hawa, men lukman, ýara saramak, bejermek, derde derman tapmak meniñ borjum. Ýogsa-da Sen şu wagta çenli menden näme üçin ýarañy gizlediñ?! Seniñ sag goluñ aşak tarapyndaky ýarany haýsy näletsiñen salanam bolsa mertlik seniñ ganyña siñen ussatlygyñ. Deñziñ içinde õzüni kemal eden dag degresinde mesgen eýlän saraýyña gelen günüñden bäri maña dünýä seýranyna çykan wagtyñ gõren gõzellikleriñ, täsinlikleriñ hakynda, gynanjyñ begenjiñ hakynda gürrüñ berseñem, her günki ýõremeli ýolumyñ, indiki ýetmeli menzilimiñ salgysyny berip meni uzak ýollarda büdremezligim üçin çelgi bolýan paýhasyñy ýoluma yşyk edip ýaksañam õz ýarañy birjigem maña duýdurmansyñ... Ýa duýdursañam men õz ynjyklygym, tekepbirligim bilen oña üns bermändirin. Ýaranyñ haçan salynandygyny-ha bilemok welin, meni saña duşuran ykbal hut şu ýaranyñ melhemli badasyny meniñ elime tutdyrany ikiuçsyz. Ýogsa şunça gazaply şertleri õñümde goýulanyna garamazdan elimdäki badany gaçyrsam-da melhemini dõkmäni ýene elime alyp hut seniñ mesgen tutan saraýyña ýetmek üçin munça kynçylyklary bõwsüp geçip bilmäge gurbatym çatmazdy.
Ýadyñdamy?! Sen her gezek bu mekandaky jenneti saraýyñy ýerde galdyryp Asmana galjak wagtyñ menem Senden meni-de ganatlaryña mündürip dünýä aýlamagyñy haýyş edýärdim. Sen şonda ýylgyrardyñ-da diñe ikimiziñ düşünýän dilimizde: "Uzaklara uçsamam sen mydama meniñ ýanymda, seniñ ismiñ meniñ şa jygama, ganatlaryma ýazylan, wagty geler sabyrly bolmagy başarsañ indiki uçuşlarymda hokman saña dünýäniñ ähli gõzelligini gõrkezerin, ýõne şu wagt däl" diyip pyşyrdardyñ..
Men agyr oýlara berilip:
-Ýõne bize biraz wagt gerek bolar..-diýip seniñ ganatlaryñ ýarasyny sarap oturşyma pyşyrdaýaryn.
Sen:
-Ýok, men ertir hokman uçmaly, indi wagt ýok, diñe ertir...
Men ýene elimi asmana açyp, mõhmüñe ýetmegiñ üćin dileg edýärin:
Allahym Ony ýolundan goýma, gudratyñ baryny jemle-de, haýyr gapyñy aç, ganatlaryna gaýrat, kõñlüne rahatlyk ber, Onuñ ähli islegini hasyl eýle, Ony menzilleriñ iñ kämil mesgenine ulaşdyr, ähli erbetliklerden gora, Saña bolan ynanjyna gõrä Ony Õz gatyñdaky iñ üstün derejelere beýgelt Beýik Allahym...eger men lukman bolyan bolsam meni Oña melhem eýläp ganatyny seýikläp oña uçup bilmek bagtyny bermekden mahrum etme Ýaradanym.."
Bilýämiñ Şa Durnam, ertir irden men gelerin hem seniñ ganatlaryñ sargysyny açyp gõrerin. Şonda ýara bitmedik hem bolsa Sen darykma, her işde bir haýyr bardyr, ganatlaryñ ertir bolmasa-da tiz wagtdan hokman seýik tutar, çünki meniñ elimde Hak gowşuran melhemli bada, ol bada elimden gaçsa-da dõwmäni saklamagy, melhemini dõkmäni ýygnamagy maña ygtyýar eden Güýç ýene-de bize menzilmize ýetmäge pursat dõreder...Men şeyle boljagyna ynanýaryn..





Категория: Hekaýalar | Просмотров: 482 | Добавил: Nurdan | Теги: Kalba Nur | Рейтинг: 5.0/6
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Как спать с тремя сразу - 26.06.2021
Небо надежды / рассказ - 25.06.2021
Видение / новелла - 04.04.2021
Маленькая комната / рассказ - 25.06.2021
Совершенно питерская история / рассказ - 25.06.2021
Приятель Пасьянс / рассказ - 08.05.2021
Сын / новелла - 24.03.2021
Пьеро / новелла - 23.03.2021
Сумасшедший / рассказ - 03.06.2021
И праздника не будет / рассказ - 25.06.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]