18:41
Mejlishalarlar

MEJLISHALARLAR

"Düýn men "Izwestiýada" Maýakowskiniñ syýasy temadaky goşgusyny tötänden okadym. Men onuñ şahyrçylyk tarantyna maýyllardan däldirin, onsoñam şahyrçylyk barasynda özümiñ habarymyñ ýokdugyny doly boýnuma alýaryn. Emma men syýasy we adminstratiw nukdaý nazardan garamda köp .de kommunistler hemişe mejlis edip otyrlar we mejlis üstüne mejlis geçirýärler diýip olaryñ üstünden gülýär. Poeziýa dogrusynda nähilidigini bilmeýärin, ýöne syýasat dogrusynda munuñ bütinleý dogrudygyna kepil bolýaryn".
                                                              W.I.Lenin.


Gije geçip,
                 ýañy dañ atan bada,
Kimiñ baş edara,
                            ýa başga birne,
Kimiñ syýas,
Kimiñ añ-bilim
                          ýa-da
Komlaryñ birne
Ýüzüniñ ugruna
Haýdap barşyn
                            görýän
Her gün ertirne.
Hat işi ýagyp dur
                                ýagyş dek bolup,
Edara girdigiñ sussuñ basýarlar.
Ýarym ýüz
Iñ wajyp
               hat işin alyp,
Işgärler mejlise
                            ýelk ýasaýarlar.
Diýersiñ:
"Men gelip
                   gidýän örän kän
Kabul künjeginden
                                   orun tutmaga!"
"Ýoldaş Iwan Wanyç
                                      Teo hem Gukon
Birlige gitdiler
                          mejlis etmäge!"
Ýüz basgançak ýöräp iki arada
Irersiñ.
Diýerler:
"Bir sagatdan gel!
Bir çüýşejik syýa
                              almak barada,
Gubkoopyñ
                     mejlisi gidýär şu mahal".
Bir sagatdan welin -
                                      ne sekretary,
Ne özgesin
                      görýän gulluk ýerinde.
22 ýaşa çenlileñ bary
Otyrlar komsomol mejlislerinde.
Ýene
Ýüzüm tutup garañka bakan.
Çykýan beýik jaýyñ soñky gatyna.
Diýýän:
"Iwan Wanyç geldilermikän?"
Ol bolsa gidipdir
A-be-we-ge-de-ýe-že-ze-komuñ
                 Maslahatyna.
Gazap bilen
Länet okap,
Küpürsäp,
Girýän mejlise
Bat bilen kürsäp.
Görsem:
Ýarym göwre adam barysy.
Bu nä şumluk!
Diýýän özüm dürsäp -
Nirdekä
Göwreleñ galan ýarysy?
"Gyrdylar!
Soýdular!"
                  diýip, men aşa
Gygyryp urundym
Añdym hemmesin.
Bu elhenç görnüşe
                                 akylym çaşa,
Eşidýän kätibiñ anjaýyn sesin:
"Olar bir mahalda
                                   iki ýygnakda,
Günde biz
Ýigrimi mejlis etmeli.
Bialaç bölünýäs -
                                 ýygnanyşmakda -
Guşaklyga çenli bolup bu ýerde,
Galan ýary bolsa
                              köp mejlislerde
Özüne
             hemişe
                              orun tutmaly."

* * *

Tolgunyp ýatmadym
                                       ekip bolsady:
"Mejlisleriñ baryn ýok etmek hakda
Ýene-de
Käşgä bir mejlis bolsady!"
Diýen arzuw möwç urýar gursakda.

1922 ý.

Wladimir MAÝAKOWSKIÝ.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 81 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Wladimir Maýakowskiý | Рейтинг: 0.0/0
Goşgular bölümiň başga makalalary

Gapy kakýan ýok / Goşgular - 15.03.2021
Irki gündelikler / Goşgular - 29.05.2021
Şygyrlardan parçalar / Goşgular - 18.03.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Dagdaky heýkel / Goşgular - 12.01.2021
Yşk hakynda / Goşgular - 07.03.2021
Surat / Goşgular - 08.02.2021
Şahyry atdylar gara zyndana / Goşgular - 07.04.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Ýagşydyr / Goşgular - 25.05.2021
Всего комментариев: 4
0
2 Garayolly1936   [Mowzuga geç]
Terjimeci, yalñysmasam, Durdy Haldurdy bolmaly.

0
1 mango   [Mowzuga geç]
Ýarym ýüz
Iñ wajyp
hat işin alyp,

Işgärler mejlise
ýelk ýasaýarlar.

---
чуть войдешь в здание:
отобрав с полсотни –
самые важные!-

служащие расходятся на заседания.

terjimede: "Ýarym ýüz Iñ wajyp hat işin alýarlar"
bolmalysy: ýarym ýüz (50) hatyň arasyndan iň wajybyny saýlap alýarlar.

----

Eşidýän kätibiñ anjaýyn sesin:
"Olar bir mahalda
iki ýygnakda
,

И слышу
спокойнейший голосок секретаря:
“Оне на двух заседаниях сразу.

спокойный - anjaýynmy(ka)?
"Olar bir mahalda iki ýygnakda" diýen ýeri "Olar şol bir wagtda iki ýygnakda" diýseňem boljak eken.

----

Günde biz
Ýigrimi mejlis etmeli.
Bialaç bölünýäs -
ýygnanyşmakda -
Guşaklyga çenli bolup bu ýerde,
Galan ýary bolsa
köp mejlislerde
Özüne
hemişe
orun tutmaly."


В день
заседаний на двадцать
надо поспеть нам.
Поневоле приходится раздвояться.
До пояса здесь,
а остальное
там”.

terjimeçi manysyny doly berip bilmändir şu ýerde.
originalda diýýär: günde 20 mejlise ýetişmeli, onsoň biygtyýar ikä bölünmeli bolýas, guşaklygymyza çenli bölegimiz bu mejlisde, ýokarky bölegimizem başga mejlisde" diýýä...
terjimäň edil şu ýeri biraz düşnüksizden, çylşyrymly bolupdyr.
---
terjimeçi kimkä?

0
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Terjimeçi görkezilmedik. Goşgy segseninji ýyllaryñ 6-njy klas ü.n edebiýat okuw gollanmasyndan alyndy (fotokopiýa edenimde, kitabyñ anyk ýylyny belläp almak ýada düşmändir), ýöne goşgy welin has irräk, ellinji ýyllarda türkmen dilinde çap bolan Maýakowskiniñ goşgular kitabyndan alnan bolmaly. (Kitaby irräk okapdym, şoñ ü.n onuñam ýyly ýadymda däl, ýöne Şyhmyrat aganyñ aýdyşy ýaly, terjimeçiniñ Durdy Haldurdy (ýa-da Çary Aşyrow) bolmagy ahmal, sebäbi şu saýtdaky beýleki "100%" we "Sowet pasporty hakda goşgy" hem şol kitapdan alnyp goýlupdy.)

Edil häzirki wagtyñ gözi b.n alanda bellikleriñiz dogram bolup biler.
Ýöne terjime edilen wagtyna seredende şol ýyllar Maýakowskiniñ türkmençe ýañlanmagynyñ özem ullakan üstünlik hasap edýärin. Her hal olaryñ ikimizden has dilçi, has tankytçy, has edebiýatçy bolandygyna ynanýaryn.
Halypa ýazyjy-terjimeçilerimiziñ ýatan ýerleri ýagty bolsun.

Özüm-ä ilkinji nobatda goşgy barada, goşgynyñ gozgaýan pikiri barada aýdylmagyny islärdim. Ideologiýalar çalyşýar, häkimiýetler çalyşýar, döwür çalyşýar, nesiller çalşyp gidipdir... gozgalýan pikir welin nähili aktual! Leniniñ aýdyşy ýaly munuñ häzirem dogrudygyna, şindem şeýledigine arkaýyn kepil geçip boljak!

2
4 mango   [Mowzuga geç]
Her hal olaryñ (Durdy Haldyrdy) ikimizden has dilçi, has tankytçy, has edebiýatçy bolandygyna ynanýaryn.

Eden belligim terjimeçi barada däl-de, terjime baradady….
Bellik edilende “seň özüň näme?” diýen ýaly gürrüňler dogry däl.
Onda uly-kiçi hiç kime bellik etmelem däl…
—-
Dogry, manysy baradada aýdyp bolar, onam aýdybermeli…
Ýöne meni, tehniki tarapy gyzyklandyrdy.
Öňki serdarymyz Lenini bolsa syýasy tarapy gyzyklandyrypdyr.
“Mejlisleriň üstünden gülmäň, mejlis gerek” diýýär.
Elbet-de Wladimir Ilýiçiň belleýşiýaly mejlis gerek, maslahat gerek…. edil atalarymyzyň diýişi ýaly “maslahatly biçilen don, gysga bolmaz”….
Ýöne, artyk maslahatlaram artyk bolýandyrda, Wladimir Maýakowskiň belleýşi ýaly.
Her kimiň dogry paýy bar.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]