10:38
Maslahatlaryñ demonstrasiýasy
MASLAHATLARYŇ DEMONSTRASIÝASY

Birinji — Penjegiň ýakasyn galdyr!
Ikinji — Göge tut, demalawajyň!
Goý, golaýlap bilmesinler şagallar,
Bolup bilmesinler ýaranjaňjygyň.

Üçünji — Şu ýagdaý eljagazlaryň,
Galgamasa gowy, kisäňe salaý!
O, samsyk syrtarýan seň şagallaryň,
Öwgüsem, söýgüsem, wepasam — YALAN!

Dördünji — Özüňe gelşipjik duran,
Gedemje ýöreýşem goşaý üstüne!
Her saýhally ädim duşmana okdur.
Bas gadam, ýaranjaň didäň üstüne!

Bäşinji — Dessandan bir aýdym tap-da,
Burnuňa salybrak sykylyk atdyr!
Bolsa «Ýusup-Züleýhaly» kitapdan,
«Könegüzer» hakda aýdym aňsatdyr.

Altynjy — Nadana jogap hökmünde,
Bes, ýaltalyk bilen pallap goýberseň!
Emma Allatagalanyň hökmi deý —
Dana akyl berýän bolsa,
toý ber, sen!

Ýedinji...
Ellinji...
Elli ýedinji...
Töwekgel bol, maksadyňda, göwnüňde,
Bolmasyn hiç hili ýaýdanç-ýygrylyş!
Iň esasy bolsa, ýadyňda bolsun,
Iki zat hemişe ýanyňda bolsun:
täze goşgy bilen tämiz ýylgyryş.

30.01 — 01.02.2007 ý.

Laçyn PÜRJE.





Категория: Goşgular | Просмотров: 68 | Добавил: Myhman0430 | Теги: Laçyn Pürjäýewa | Рейтинг: 3.8/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Hoş geldiň ylham / Goşgular - 19.01.2022
Halkyň Arkadagly zamanasynda! / Goşgular - 14.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Ýylgyr, eje, ýylgyr, eje! / Goşgular - 05.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Neçüýn söýdüň? / Goşgular - 14.01.2022
"Dünýäm saña näme boldy?" / Goşgular - 05.01.2022
Aldawaç / Goşgular - 26.01.2022



Всего комментариев: 2
1
2 Nurdan   [Материал]
"demalawajyñ" Burny suratlandyrşyny diýsene))

Burundan sykylyk atyljagyna-da ynansa bolar, "giñdir dünýe geñdir dünýe". Bolmaly däl zatlar bolup dur, bolmaly däl zatlaryñ bolup yöräni üçinem bolmaly zatlar dymyp dur,))
Elli ýedinji makullaýjy ýylgyryş döretdi mende))

1
1 mango   [Материал]
Burnuňa salybrak sykylyk atdyr!

Burnuňa salyp geplenýänini bilýän, ýöne burnuňa salyp sykylyk atmagy eşitmedim.
Ýa-da men bilemok…

Iki zat hemişe ýanyňda bolsun:
täze goşgy bilen tämiz ýylgyryş.

Hemişe tämiz ýylgyryş - kyn däl.
Ýöne, täze goşgy - ine bu kyn….

Ýedinji...
Ellinji...
Elli ýedinji...

Ine, bu sanaşyňy haladym.
Altydan soň ýedi… soňa elli we elli ýedi…
Demonstrasiýa çykan maslahatlaryň hemmesi, elli ýedisem gowy.
Täze goşgularyňam okamak isleýäris Laçyn hanym.
Üstünlikler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]