11:52
Masgarabaz

MASGARABAZ

Indi şalar girdi başga bir geýme,
Indi başa geýmeýärler jygany.
Biz olary şeýle
göterdik beýge
Olara ýetenok iliň pygany.
Indiki şalarda masgarabaz ýok
Şol sebäplem şindi dirikä olar
Hiç kim hakykaty aýdyp bilenok.

* * *

WADA BERME!

- Wada berme!
- Ol nähili wadamyş!
Melegim sen - jennet seniňki bolsun.
Melikäm sen - söýeniňki şu ýaşaýyş.
- Wada berme!
- Ol nähili wadamyş!
Öz ellerim bilen berýän janymy
Ýarpy ömrüm gözlegiňe bagş etdim,
Saňa gurban edýän galan ýaryny.
- Wada berme maňa mümkin däl zady!
- Sen aslynda kimdir öýdýäň şahyry,
Wada bersem eger mümkin zady men
Bermeli bor ahyry...

Nobatguly REJEBOW.






Категория: Goşgular | Просмотров: 71 | Добавил: Revo | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Türkmeniñ sözi / Goşgular - 25.02.2021
Gysgajyk goşgular / Goşgular - 11.03.2021
Syrajetdin Nagyşbendi / Goşgular - 14.04.2021
Ýazlaryñ ýurdy / Goşgular - 01.06.2021
Yşkym / Goşgular - 12.02.2021
Bakylyk / Goşgular - 15.03.2021
Dagdan agajy / Goşgular - 05.02.2021
Rubagylar / Goşgular - 21.02.2021
Sen saz çaldyñ / Goşgular - 08.02.2021
Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021



Всего комментариев: 6
0
4 Revo   [Материал]
Masgarabazlar diňe özleriniň gülkili sahnalary ýada tomaşalary bilen patyşalary (...), patyşanyň ýakyn garyndaşlaryny, dost - ýarlaryny, wezir - wekillerini ýada halky gümemän. Köpçüligiň içinde ýerine ýetirýän parodiýalary, satiralary, anekdotlary we dürli röwüşli sahnalary bilen ýurdyň içki we daşky syýasatyny, wezir - wekillerini, emeldarlaryny tankytlap, ýada, köp halatlarda halkyň gündelik gabat gelýän (ejir çekýän) meselelerini patyşa ýada patyşanyň ýakyn golamlaryna eşitdirýän, halkyň sesi bolubam çykyş edipdirler. Doly ýadyma düşünek welin kiçikäm gören, köpüňiziňem belki ýadyňyzda galan "masgarabaz Bakbakly" kinoda, bu wezipedäki adamlaryň köşk içinde alyp baran syýasatyny belli bir derejede açyp görkezýän bolmaly. Bakbagyň ölümem bir emeldaryň aýybyny açany üçin gelýär.

0
5 mango   [Материал]
Raýkin, Petrosýan, Zadornow... dagylaram masgarabazmy?
bularam, hökümediň, jemgyýetiň üstünden düşüp bilýädiler...

0
6 Revo   [Материал]
@Mango daýy şu soragyňa jogap aljak bolsaň, şu teswiriň aşagyndaky ýazylan teswiri ýada ýokarda ýazylan goşgyny okap görüň. Belki aýdyňlaşar.)

0
3 Revo   [Материал]
Зачем шуты были нужны правителям?

Во-первых, развлекать самих правителей и их близких во времена, когда у людей не было кино, телевизора и даже книг. Придворные шуты как форма досуга исчезли в XVII-XVIII веке, с наступлением эпохи Просвещения, уступив место театру, танцу и литературе.
Кроме того, шуты бывали доверенными лицами королей и князей, их советниками, "записными книжками", секретарями, тайными посланниками и даже телохранителями.
Положение дурака при дворе давало шуту возможность говорить то, что другим запрещалось, хотя открытая критика короля или других влиятельных персон в Европе в прошлые столетия не была распространенной практикой.

1
1 mango   [Материал]
geň zat.
köşk masgarabazlary hakykaty aýdançylardymy?
---
ikinji goşguda öwrenäýmeli zat bar eken.
mümkin däl zady wada bermeli eken.
---
goşgular bäşýyzzyllyk.

1
2 Bagabat   [Материал]
Muňa filosofik antogonistik dualizm diýilýär.
Mysal üçin: Lukman - Ajal, Betnyşan (Küýki, Kwazimoda, Guinplen we ş.m.) - Gözel Näzenin, Hökümdar - Masgarabaz, Takwa - Müşrik, Tersokan - Ruhany, Şeýtan - Perişde (Ýa-da Pygamber).
Hökümdar - Masgarabaz dualizminde jemgyýetde iň belent derejede duran şahsyň jemgyýetde halys pesde hasaplanýan, uliliň üstünden gülýän jandarynyň arasyndaky baglanyşyg-a bir tarapdan görkezilýär. Ikinji tarapdanam, durmuşy hakykatyň nirede emele gelip, nädip degişi nokadyna ýetmelidigi pynhan beýan edilýär. Başga-da taraplary bar. Ýöne...ýaltanýan.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]