05:56
Maňa "Uçma" diýme!
MAŇA "UÇMA" DIÝME!

Sen maňa: "Uçma" diýme!
Uçmak - meň ykbalym.
Uçmak - meň ömrüm.

Kepderiler sallanjyrap...
Kebelekler hiňlenjiräp...
Öran-örän golaýjygymdan
Geçýärkäler gysmyljyrap
Neneň yzlarna düşmäýin..

Her gün
Her gün
Asman meni çagyrýarka
Nädip uçmaýyn..

Sen maňa: "Uç" diý
gaýta
"Hiç mahal
Ýere düşme" diý!

♢ GUŞ WE DERWÜŞ

Asmanda ýalňyz guş.
Ýerde bir derwüş.
(He.eý, guş, ýuwaş!!!)
(E.eý, derwüş, çüş.ş!)
Guş-a kermiş.
Derwüş körmüş.
Ýöne guş eşidýärmiş.
Derwüş görýärmiş.
Eýgörmüş.

Men şol:
Gökdäki guş -
Ýerdäki derwüş!

♢ BEGENMEK. AGLAMAK. BAGYŞLAMAK...

Begenmegi öwrendim:
Öz şatlygma,
Iň gowusam: özgeleň
Şatlygna begenmegi...

Aglamagy öwrendim:
Öz agymy,
Iň esasam: özgeleň
agysyn aglamagy...

Bagyşlamagy öwrendim
Özümi.
Has gowusam: Başgalary
Öwrendim... Bagyşlamagy.

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 125 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Конекесир мой! / Goşgular - 19.03.2021
Watan / Goşgular - 25.03.2021
Garaşýan / Goşgular - 14.03.2021
Goşgy / Goşgular - 31.01.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Dilber / Goşgular - 28.05.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
Men ýigrenip bilemok / Goşgular - 05.11.2021
Düýş / Goşgular - 12.02.2021



Всего комментариев: 6
0
6 Pero   [Материал]
Ajap çakylyk! Ýürekdeşlik. Göýä,birmahallar J.Rumynyñ Şemse düýşlerde göýberen çakylygy ýaly.

0
5 Gumlygelin   [Материал]
HUMAÝ GUŞUM.
(Suraý Babanyýazowa)

Humaý guşum perwaz urýañ,
Tapmaýan deý gonalga.
Bagt ahyry sen başyna gonanña,
Haýsy başa gonjagyñy bilmediñmi?
Kalby körler bir-birini ýonanda.
Bagtdygyñy añmasalar gynanma.
Gel saýama,
Saýaly,miweli bag men.
Saýa küýsäne saýa men,
Arkaýyn bol!
Özümi dag saýman.
Gel,
Bileje owaz edeli,
Soñra-da,şemaldan ýol petek alyp,
Saña ýaran edip ýapraklarymy,
Şeýtanyñ şerinden özün saklanlañ,
"Alla" diýyp, gursagyny päklänleñ,
Ýene,gözlegne gideli...

Gyzylgül Annagylyjowa.

0
4 mango   [Материал]
"BEGENMEK. AGLAMAK. BAGYŞLAMAK..."
gowy zady öwrenipsiňiz.
dogrulyga barypsyňyz, dogrulykda-da galyň.
---
ir bilen okap hezil etdim.
belligimem ine, öýleden soň ýazdym (dogrusy başgalaryň belligine garaşdym).
üstünlik.

0
3 mango   [Материал]
Guş-a kermiş.
Derwüş körmüş.
Ýöne guş eşidýärmiş.
Derwüş görýärmiş.

şu goşgyňyzy hasam haladym.
näme ýada düşdi Suraý hanym, bilýäňmi?
ýunus emrede bar öýdýän:
"Göz odur ki Haky görer, gündüz gören göz däldir".
hawa, görýän göze görýär diýip bolmaz, göz Haky görmegi (duýmagy) başarmalydyr.
"derwüş körmüş hem görýärmiş" - bu hakyky derwüş eken.
ajaýyp.

0
2 mango   [Материал]
Kepderiler sallanjyrap...
Kebelekler hiňlenjiräp...
Öran-örän golaýjygymdan
Geçýärkäler gysmyljyrap
Neneň yzlarna düşmäýin..
----
Öran-örän golaýjykdan - bolsa?
osoňam, bolýaram kepderi sallanjyrasa, kebelegem hiňlenjirese... ýöne "Geçýärkäler gysmyljyrap" diýeňde.... "geçmek" ýöräp geçmekmi, ýa uçup geçmek? "gysmyljyrap" diýişiňe ýöreýän kepderi ýada düşdi... ýöne kebelegiň ýöräp ýörüşini göz öňüne getirmek kyn....

emmä welin, goşgy gowy we men saňa: "Uç" diýýärin, "Hiç mahal ýere düşme" diýýärin.

0
1 Allanazar   [Материал]
Batyr, kim bolnda-da, nähili bolan-da "aý" diýmäň ýüzleseň gowy. Men-ä seň bilen ylalaşamok, beýlekiler näme diýerkä...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]