12:29
Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme

MAÑA SÖÝGI HAKDA HIÇ ZAT GÜRLEME

Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme,
Çekerden juda kyn söýginiň derdi.
Ol ejiziň asla golundan gelmez,
Yşk... müzzerder eken men diýen merdi.

Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme,
Agtarmaly toslamalaň gatyny,
Geçmiş depderçesin reňklere boýan,
Ýatlamak islämok, söýgi hatyny.

Hatda, ne hakykat ne-de, bir çäk bar,
Owadan sözleri tutup ýalana,
Diňe bir meni däl, aldap özüni,
Nälet bolsun, şeýle haty ýazana.

Maňa söýgi hakda hiç zat gürleme,
Gürleme sen ýüregimi dagladyp,
Eý, biwepa muňa neneň dözýärsiň?!
Bigünä ynsany ýeke agladyp?!

Söýginiň sarpasyny belentde tutup,
Söýginiň adyna getirmäň ysnap,
Goý durmuşdan çyksyn ýalan söýgüler,
Ynsanlara özüň berewör ynsap.

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 70 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/3
Goşgular bölümiň başga makalalary

Bizden size kim gerek? / Goşgular - 15.02.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021
Gursagyña seret / Goşgular - 22.02.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Irki gündelikler / Goşgular - 29.05.2021
Bahar toý tutýar / Goşgular - 20.03.2021
Gar ýagyp dur... / Goşgular - 12.02.2021
Näme boldy? / Goşgular - 26.05.2021
"Tanyş ýollañ, gumaksyja ýodalañ..." / Goşgular - 25.05.2021
Küýsemen / Goşgular - 15.03.2021
Всего комментариев: 1
1
1 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Başy gaty gowy başlapdyr welin aşaklygyna tarap gowşap gidipdirdä.Şu tersine bolup goşgy jemlemä tarap güýçlenip gitmeli.Aslynda beýleki hemme bendem gowy welin jemleme garaşyşym ýaly bolmady.Ýöne şunuñyz beýlekileriñize garanyñda çuñ.Şu tarapa ugrugsañyz ökünmersiñiz.Kämilleşme bar.Berekella!Üstünlik!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]