05:31
Maña gözleriñ ýakyn
MAÑA GÖZLERIÑ ÝAKYN

Indi nädip söze sygnyp gezeýin?!.
Sözlerem güýjüni ýitirdi, hakyt!
Eý, meň bar-ýok ýerlermiň bezegi,
Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn!

Sözleriň — sallançak, sesiňem hüwdi.
Aňymda-da görülmedik düýş ýatyr…
Men, hatda, şolardan geçipler diýdim:
— Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn!

Ýok, ýok, sen aýdyber, sözem bir sungat.
(Ynansyn, gözlerňi görmedik pakyr).
A men pyşyrdaryn, bar bolsa gurbat,
“Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn…”

“Iki dag” diýerin,
ýa “iki ada”…
Hem o dünýä, hem bu dünýä deňärin.
Olar meni ýaňra etmese-etmez,
Ýöne olar köp ýazdyrar, sebäbi —

Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn.
Iki sany deňiz ýakyn – dup-dury.
Ol deňizleň birje tolkunna degmez,
Çekimli-çekimsiz sesleň gopguny!.

Aýgül BAÝADOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 75 | Добавил: Nurdan | Теги: Aýgül Garaýewa | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Düýş / Goşgular - 12.02.2021
Lukmanlar / Goşgular - 24.01.2021
Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Talyp haky alynýan gün / Goşgular - 01.03.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
A.Çüriýewe bagyşlanan goşgulardan / Goşgular - 10.04.2021
Towakga / Goşgular - 18.03.2021
Durmuş otlusy / Goşgular - 20.03.2021
Igde gülleri... / Goşgular - 26.02.2021
Aýdylmadyk söz / Goşgular - 07.03.2021



Всего комментариев: 4
1
4 permanh2206   [Материал]
Ūstinlik hemrañyz bolsun

0
Farsycasyny goyup beräýiñ pliz

-1
ПЛЕННИЦА

я жажду тебя и знаю: никогда
мое любяшее сердце не будет биться вместе с твоим.
ть — чистое светлое небо,
я… птица-пленница в тесной кпетке.
я мечтаю: настанет мгновение —
и я вылечу из этой безмолвной тюрьмы,
засмеюсь в лицо тюремшику
и начну жить снова подле
тебя.

так я думаю, но знаю: никогда
у меня не хватит сил уйти из этой клетки.
если даже тюремшик отпустит,
у меня не хватит дыхания, чтобы взлететь.
я та свеча, что горением своего сердца
воспламеняет развалины.
если выберу себе в удел угасание,
я развею свое обиталище.
Форуг Ферруфзад

1
1 mango   [Материал]
iki dag, iki ada, iki dünýä, iki deňiz – bu iki göz baradamyka?
owadan goşgy.....

Iki dag” diýerin,
ýa “iki ada”…
Hem o dünýä, hem bu dünýä deňärin.
Olar meni ýaňra etmese-etmez,
Ýöne olar köp ýazdyrar, sebäbi —

Maňa sözleriňden gözleriň ýakyn.
Iki sany deňiz ýakyn – dup-dury.
Ol deňizleň birje tolkunna degmez,
Çekimli-çekimsiz sesleň gopguny!.

owadan gep.
aýgül hanym, size üstünlikler!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]