07:23
Maña düşün!
MAÑA DÜŞÜN!

Bir ýanda paşmadyk durmuş bijesi,
Bildirlen ynam hem borjum bir ýanym.
Sen bolsa kemsinip berýärsiñ azar,
Şygra çümen, eý ýazyksyz ykbalym!

Hol gün bir ýigidiñ ala gözlerniñ
Saña bakanyny "duýmanym" üçin.
Azar berdiñ uzakly gün ýürege,
Özümi iş bilen güýmänim üçin.

Dek düýn elwan gülli ýaza höwrügip,
Atygsadyñ durduñ owadan sähra.
Maña düşün, janym, beýtmäñ bolanok,
Ýogsa, meñem juda ýüregim gysýar.

Seni kän ynjytdym üstüñden basyp,
Çökäýmeseñ, aladañy etmedim.
Islesemem, señ çagyrýan ýeriñe,
Içiñ ýakyp, göwnüñ döwüp, gitmedim!

Kyn düşdi! Görküme çykdyñ gam bolup,
Ýaşlygymyñ soluşyna şaýat sen.
Men señ çydamyña buýsanyp gezdim,
Bagtym tapyp berdiñ gussa-perýatdan.

Enejan HANGULYÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 59 | Добавил: Haweran | Теги: Enejan Hangulyýewa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gamgyn goşgy / Goşgular - 11.02.2021
"Ykbalym baglydyr..." / Goşgular - 16.03.2021
Söýgimiziñ şaýady / Goşgular - 07.02.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Ýitgi / Goşgular - 06.01.2021
Dostsyz başym - duzsuz aşym / Goşgular - 05.04.2021
Garaşmak / Goşgular - 13.03.2021
Kaýyllyk / Goşgular - 30.01.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Syr / Goşgular - 01.06.2021



Всего комментариев: 1
1
1 Tumarly   [Материал]
Enejan neresse. Imanyñ hemra bolsun, boýdaş.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]