10:54
Mämmet yrza / hekaýa
MÄMMET YRZA

…Tarhanyň oýunyň orruk-ortarasyndaky guýynyň töweregine egele bolup oturan bäş oýnam öýli, çaklaňja gum obasynyň üstünde mazaly garaňky gatlyşypdy. Towşan guýrujaklaryny saklaýan köne düwünçegini öňüne alyp, ütelgisine* berjek iýmiti mazaly siňenden soň ýuwutdyrar ýaly gaýaw* taýýarlaýan goja mürüşgär* edip oturan işini gözleri kesmejek bolýandygy üçin, gapdalyndaky nebit çyranyň peltesini azajyk galdyrdy. Işini boldum eden Amanmämmet aga düwünçegini gaýtadan düwdi-de, gaýawyny bir gyrada goýdy. Daşary sowuk bolandygy zerarly gara öýüň tärimine golaýda dikilen tuguň* üstünde gözlerini ýumjukladyp oturan hemrasynyň ýanyna bardy. Ysgynsyz elleri bilen soňky bäş-alty ýylyň dowamynda bile aw eden elguşynyň arkasyny sypady. Goja mürüşgär hemrasynyň gerşiniň ysgynsyzlyk bilen ýeňiljek sandyraýandygyny aýasy bilen syzdy. Dözmedi. Gyýyldy.
-Äý, hawa-da! Meýdanda guran toruma düşeniňde-de sen eýýäm esli ýaşan guşduň-da! Onsoň näme, sen haýwan bol, ynsan bol, guş bol, ahbetin Biribaryň dünýäsinde bir ýerden şully gözlerini nemlendirip, üç aýakly, itenek-çomanak garrylyk hem geläýýär-dä! Birmahal inişine awuny kakyp geçýän, oljasyna dalaş etseler, bürgüt diýmän, böri diýmän, sagynman üstüne topulyp bilýän, ütelgim, bu gün, ine, öz göwräň agramyna tap getirip bilmän, saňňyldap otyrsyň!-diýip goja mürüşgär pyşyrdady. Soňra köne edähetine eýerip, elguşynyň aýagyndaky salar bagyny barlaşdyrdy.
-Häzir janawerim, men saňa gaýraky goňşy, Atamyrat çopanyň agtyjagynyň getirip giden goýun etindenem dograşdyryp, bereýin! Awdan galanymyza birküç ýyl bolanam bolsa, il-gün seniň bilen uruş ýyllarynda awjagaz awlan bolup, oba ölmez-ödi getirip duranymyzy, biziň şojagaz teperrigimiziň hem köpleri açlykdan halas edendigini unutmaýar. Goýun soýanam, aw edenem jylkaja ýerinden saňa niýetläp getirip durlar.-diýip Amanmämmet aga jowur ak sakgalyna siňdirip hümürdedi-de, tärime söýelgi çuwalyň ýanyna ýöneldi. Çuwalyň üstündäki agzy gapakly çanagy aldy. Içindäki ep-esli bölek jylka etden şapbat ýalysyny kesip aldy-da, “hyk-çoklap” aşak oturdy. Etini dogramak üçin gapagyň üstünde goýdy. Şol pille-de göýä onuň guşuna aýdan ýaňky gürrüňlerini göwnüne alyp, indem özüniň-de juda garrandygyny duýdurmakçy bolýan ýaly, ýüregi gursagynda ynjyly alas-gopaslyk döretdi. Amanmämmet aga pyçak ýöretmesini goýdy-da, böwrüne diň saldy. Kükreginde dörän ýiti agyra gahary gelen ýaly, ynjyly gaşyny çytdy-da, ýene-de pyçagyny ýöredip başlaýşyna içini hümledip ugrady.
“Näme, ýürek! “Jahanyň ýüzünde gaty kän ýaşadym, öte köp işledim, indi bahymrak dynç alasym gelýär” diýmek isleýärsiňmi? Heý ýürek, ýürek! Togtajak bolsaň, durjak bolsaň, öň näme işlediň, sen?! Ýumruk ýaly oglanlykda, ýaňy on üç-on dördümde nägehan ýagy galamyzy başymyza ýumrup, enem-atamdan, dag ýaly iki erkek doganymdan jyda düşürip, ýurdumy daban astyna alanda, näme üçin sen, elheder alyp togtamadyň?! Soňam-a jahan urşy diýdi, ynkylap diýdi, gyrgynçylyk diýdi, açlyk-keselçilik diýdi, ýene-de bir gör-lähet diýdi, görmedigim görde galdy. Şonda-da sanjyp-sanjyp darka ýarylaýman, özbaşyňa urduň ýördüň, ýaşatdyň ýördüň meni! Ýogsa şol wagtam-a bir pille ekeni. Soňky öý-öwzaryňy, halalja mal-halyňy gözüňe basyp, eliňden gaňryp alyşlaryny, iliň öňüne düşen adamlaryň tut-ha-tutlugyny, wa-ah milletiň gülüni gyryşlaryny dagy diýsene, ondan soňky aýylganç urşy görmezlik üçin şonda-da bir ölüp gidäýmek Hudaýyň berdigi ekeni…Heý ýüregim, heýhatly zamananyň apy-tupanlaryna iki sany, ner kimin, her biri ýüze taý oglumy aldyrdym, körpämden nyşan galdy diýip ýörenjäm, keşbinden nur dökülip duran körpe agtygym aýylganç urşuň odunda ýanyp, kül boldy. Didary gözüme gün bolup görünýän balamyň balasynyň derek boýunyň, guwanyp-söýünip, doýup bolmaýan kaddy-kamatynyň öwezine: “gahrymanlarça…” diýen sygryň dili ýaly kagyz gelende, asman üstüme inip, günäkär tenimi zemin hopdumyka diýipdirin. Aldy şol kagyzjyk, elli ýyllap ajyny-süýjüni bölüşen ýassykdaşymy, ahbetin alyp ýatdy! “Basmaçy” diýip, ata-babalarymyzyň dessuryna eýerip, watan üçin, erkinlik üçin ata çykan uly oglumy ýuwdan ynkylap alyp bilmedi, “halk duşmany” diýip körpämi dereksiz ýitiren tut-ha-tutluk alyp bilmedi, emma körpämden ýadygär galanja ýalňyz uçgunjygymyzy söndüren näletsiňen kagyz welin, ahyry aldy, ony!... Indi senem, şol zatlardan soň, men, daş göwüniň näzini segsen ýyllap çeke-çeke, bu günki gün, ykbalyma kaýyl bolup, agtyk-çowluklaryň arasynda birsellem şolaryň ösüp-örňeýişlerine guwanaýyn diýsem, maňa öz şikaýatnamaňy somlaýarsyňmy?! Munyň-a bolmaýar, bolmaýar-ow, bolmaýar!”
Azsalymdan soňra goja mürüşgär eti dograp boldy-da, şakäsä saldy. Ýene-de kuwwaty giden dyzlaryna agram salyp, ýerinden galdy. Guşuna tarap ýöneldi. Onuň şakäseden owunjak et böleklerini çokalap alyp, iýşine sabyrlylyk bilen tomaşa edip ugrady. Şol wagtam üç-dört ýaşlaryndaky tokarja çowlugy ala-güpürdi bolup, içerik kürsäp girdi:
-Ata, ata-how!-diýdi-de, dogumlyja bezzatjyk elguşa gözi düşen badyna özüniň näme üçin garry atasynyň ýanyna gelendigini huşundan uçurdy. Amanmämmet aga:
-Näme, ballym?!-diýende, pelteli çyranyň ýagtysyna gözjagazlary türkmen köpeginiň güjüjeginiň gözleri ýaly garagol batyrlyk bilen ýyldyraýan bezzat, düýbünden başga zat peltekledi:
-Ata-how, şu geýek algyýguşa men etjik beýäýsemmikäm?!
Bezzatlygy zerarly agtyk-çowluklarynyň içinde iň ezizleýäni bolandygy zerarly garagoluň bazzyk-buzzugyna Amanmämmet aga monça boldy. Jowur ak sakgalyna siňdirip, mys-mys güldi-de, şakäsäni çowlugyna uzatdy:
-Aý köşek, bize maslahat salýan bolsaň-a, beräýseňem bolman durmaz! Häý ataňa, kakaňa çeken diljagazyňa döneýin seniň, batyrjam!
Garry atasynyň elinden şakäsäni alan bezzat dünýäni undup, daraklygyna galdy-da, özüne uzadylýan şakäseden göwnübir ýaly et çokýan ütelgä daňyldy.
Birhaýukdan soň gara öýüň işiginde ýaşy durugşan zenanyň başy başatgyçly sudury göründi. Uly oglunyň gelnine nazary kaklyşan Amanmämmet aga ardynjyrady-da, çowlugynyň tahýalyja başyny sypady:
-Oglum-a, bu eneň yzyňdan gelipdir-le, bar garry ataňa näme aýtmakçy bolýar, bil derrew!
Gyzykly işine kellesi gyzan oglanjyk nädip:
-Duýsana-how, atam senem-ä?! Bu etjigini gutaýmasa, algyýguş düwüneý-ä!-diýenini duýman galdy. Ýeser bezzadyň bu gürrüňine garry mürüşgär hezil edip güldi:
-Ýak garagolum, senem-ä, bir zatlar tapaýýarsyň! Bar hany, eneňi işikde garaşdyryp goýma, näme diýýändigini bil-de, onsoň ýene-de algyrguşuň höregini beriber.
Alňasaýan oglanjyk ylgap enesiniň ýanyna bardy-da:
-Näme-how, ene! Aýtsana bahymýak, atam hemme wagt algyýguşa etjik beýdiýenog-a, senem ene, şu wagt geýýäň-de, bimaza edýäň! Häziý atam, getiý käsäni diýäýse näme?-diýip, jedirdedi.
Enesi oglanjygyň gulagyna garşy egildi-de, ýaşmagynyň aňyrsyndan pyşyrdap ugrady. Bar ünsi elguşuň ýanynda galan oglanjygam enesiniň näme diýýändigine-de düşünmän sözme-söz gaýtalap ugrady:
-Aý ogýan, “gaýýy gaýynym ezizýeýäý” diýip saňa zat diýiýmeýäý (diýilmeýär) weýin, haýys başyna gidipsiň-ýe…Wiý, ata muny enem maňa käýýeýäý-ýaý (käýýeýär-laý)!-diýip ýalňyşanyny bilen oglanjyk dilini dişledi. Bezzadyň gürrüňine Amanmämmet aga arkan-ýüzin gaýşyp, gülmäge durdy. Oglanjygyň enesi hem gözlerini güldürenini duýman galdy. Emma salyhatly zenan bada-bat çynlakaý keşbe girdi-de, oglanjygyň oýlukçasyndan çekiberip goýberdi:
-Aý oglan, kilçerme-de, akyllyja bolup, garry ataňa aýt! Ilerki Orazmämmet aganyň ogly hem dolanypdyr. Ýaňy tebärek çykardýandyklaryny aýdyp gitdiler. Garadaşaýak obadan bagşy hem getiripdirler. Birsellem oturyp gaýtsa… “Kiçi atamam gitdi” diýip aýt!
Uly gelniniň pyşyrdysyny eşiden Amanmämmet aga gülküsini kesdi:
-Haý-haý, gyzym, syýyndan-beýlekisinden çekiberip, bujagaza beýle dözümli darabermäň häli! Körpämiziň ady dakylanjadyr bi, tarhandyr bi! Orazmämmetlere bolsa hökmän görneris, bagşam diňläris elbetde! Özümem giç öýlän onuň otuz dokuzda harby gulluga alnan oglunyň ýedi ýyldan soň sag-aman dolanandygyny eşitdim. Gidermen bolup otyrdym, ýöne şu algyryma agşam höregini berjek bolup eglenäýdim. “Ortanjym gitdi” diýdiňmi, gelin?
Oglanjygyň enesi: “hawa” diýen terzde baş atdy.
-Hä onda menem häzir barýaryn, käsäni-beýlekini ýygnaň, gyzym!-diýdi-de Amanmämmet aga donuny düzedip, daş çykdy. Bäş sany öý gala ýaly bolup, Amanmämmet aganyň öýüniň daşyna egele bolup otyrdylar. Bu onuň ortanjy oglunyň hem-de agtyklarynyň öýleridi. Goja mürüşgär ortanjy oglunyň öýüniň deňesinden geçip barýarka, gyzlaryň läle kakýan owazyny eşitdi.
Lä-le-lä-le, lä-le ja-na,
Gyzlar kaksyn, läle jana!
Sary ýüpek sozula-ra.
Sary ýüpek sozulsa-la,
Gyzyň göwni bozula-ra.
Läle-läle, läle jana,
Gynanma sen, Gökdepä-mä,
Ýagyň jaýy bozula-ra.
Duşman jaýy bozulsa-la,
Türkmen ýurdy düzele-rä.
Lä-le-lä-le, lä-le ja-na,
Gyzlar kaksyn, läle jana!
Läläniň Gökdepe galasy hakynda tanyş sözleri gulagyna ilende, ýene-de Amanmämmet aganyň ýüregi sanjyp-sanjyp gitdi. Kalbynyň jümmüşinde, ýedi gat gulpuň aňyrsynda temmelenip saklanýan ýatlama, towlanyp-jowranyp, erkinlige çykmak üçin urnup ugrady. Omürboýy unutmaga çalyşsa-da undup bilmeýän wakasyny özüniň demir erk-ygtyýarynyň zynjyryndan sypdyrmajak bolup, goja müruşgär bolanja güýç-gaýratyny bir ýere jemledi. Sähel salym säginip durdy-da, özüne basalyk berdi. “Gerek däl, gerek däl, oýansa ýene-de köşeşýänçäň müň bir gezek ölüp-direlmeli bolar. Öňem saly suw üstündäki bala-çagalarymy gorkuzaryn. Gerek däl, gozganma, gerek däl!” diýip Amanmämmet aga öwrendikli oýlar bilen özüni köşeşdirdi. Göz açyp-ýumasy salym şeýle halda doňňara-daş bolup durandan soň, ýaşuly rahatlandy. Ortanjy oglunyňka ümä üýşen gyzlaryň lälesine üns bermezlige çalşyp, Amanmämmet aga küren obanyň ileri çetindäki Orazmämmet agalaryň öýlerine ýöneldi. Olara ýakynlanda gapdalky öýden dutaryň owazyny we bagşynyň aýdymyň soňky setirlerine gygyrýan sesini eşitdi. “Eýýäm saz-söhbete başlapdyrlar-ow! Birsellem menem aýdym-saz diňläýsem-ä kem ýaramajak ýaly. Göwnüm açylardy.” diýip oýlanan ýaşuly ädimini ýygjamlatdy. Emma saz-söhbet edilýän öýe bäş-alty ädim galanda bagşynyň aýdymyny tamamlap, gepläp başlamagy näme üçindir Amanmämmet agany gadam urşuny haýallatmaga mejbur etdi. Ol bagşynyň:
-Şu aýdym…1881-nji ýylda Gökdepe urşunda…-diýen sözlerini eşidip, sakga durdy. Durşy bilen gulaga öwrülip, içerden gelýän bagşynyň agrasdan ýakymly owazyny diňlemäge ugrady:
-…Gala ýarylanda…adamlar bosgun bolup gaýralygyna gaçypdyrlar…
Meger öz aýdýan wakasyna bagşynyň özi-de tolgunýan bolara çemeli, ol sözüniň arasyny bölüp-bölüp gepleýärdi:
-Şonda Mämmet atly bir ýigit hem öz ýekeje uýasyny atynyň arkasyna alyp…gaýralygyna gaçypdyr…şonda Ar hojam jan öwlüýäsiniň ýanynda olaryň daşyny gara geýimli dag atlylary alypdyr…şonda uýasy wagşy ýagynyň penjesine diri düşüp, namys astynda galmazlyk üçin…umuman Mämmet ak saplysyny uýasynyň haýyşy boýunça onuň gursagyndan…umuman Mämmediň uýasynyň ady-ha belli däl welin, halk “Mämmet yrza” atly namysjaň ýigit bilen onuň uýasy hakynda aýdym döredipdir… Oňlasaňyz…şony aýdyp bereýin, adamlar!
Amanmämmet aga doňňara-daşa öwrülip durşuna, nädip:
-Altynjemal jan, uýasynyň ady!-diýip, biygtyýar pyşyrdanyny hem duýman galdy. Şol pille-de hälki ýatlamazlyga çalşylýan waka, özüniň temmelengi ýedi gulpyny-da çym-pytrak edip, bentlengi ähli zynjyrlaryny-da gyrym-gyrym gyryşdyryp, görmedigi görde galan gojanyň göwnüni harasatdan doldurdy. Onuň göwnüne bolmasa, niredendir bir ýerden ýalňyz siňlisiniň: “Mämmet jan yrzadyryn!” diýip soňky deminde gygyrýan sesi gelen ýaly boldy. Gojanyň kalby lerzana geldi. Şol pursadam öýden eşidilip ugran aýdymyň sesi ony agyr ukudan açylan ýaly etdi.
Gökdepe gowgasy dünýä ýaň salar,
Biperwaý namyssyz namarda ýazar,
Gazaply-gowgaly geçmişi bilen,
Jigermi para-para, paralan gyz!
Amanmämmet aga bu aýdymy-da, rowaýaty-da ömründe ilkinji gezek eşidýärdi. Ol geň galdy. “Ol ýerde ýagynyň atlylaryndan we Altynjemal ikimizden özge yns-jyns ýokdy ahyry. Men ömrüme şol waka barada ýeke ynsanyň ýanynda-da dil ýarmadym. Il-gün meniň ömrümiň pajygasy barada nireden bilip ýörkä?!” Şol müddet ýaňlanan aýdymyň indiki bendi Amanmämmet aganyň kalbyny agdar-düňder edip, onuň oýlanmak ukybyny ýom-ýok etdi:
Ur pyçagy dogan, göwsümden meniň,
Mämmet yrza dogan, edenňe seniň.
Tyg girip, jan çykdy, boş galdy teniň,
Duşmanlardan namysyny goran gyz!
Goja mürüşgär misli bir sarsmaz gaýa bölegine dönen dek, doňňara-daşa öwrülip durdy. Gözlerinden biygtyýar çogup çykýan ajy gözýaşlar hem zire-zire bolup, ýaňaklarynyň gasyn-gasyn hamynyň üstünden togalanyp, ak sakgalyna siňýärdiler. Hakydasynda bolsa tilsimi köp duşmanyň hilesi bilen bir ganaty asmana sowrulandan soňra, möjekden azan gelegurtlaryň ordasyndan goranýan ýaraly gaplaňa dönen galanyň ýeňşe umytsyz darkaşa girip, soňky deminde ýaga gaýtawul berşi janlanýardy. Uly agasynyň atynyň ýalyny al ganyna boýap işiklerine gelşi, “Mämmet janym, neberämiziň erkek göbeklisinden bir sen aman galdyň, Altyn jany hem al-da, meniň atyma atlanyp, guma garşy gaçyň! Hernä Hak sizi penasynda saklasyn-da!” diýip, atyndan agyp, jan berşi, gözi girýan, bagry girýan ýalňyz uýasynyň golundan çekip, gana boýalan, ýadaw bedewe mündürmäge çalyşýan, on üç-on dört ýaşly oglanjyk – onuň özi, baş-başa-da jan-jana bolup barýan bosgunlaryň arasy bilen gaýralygyna garşy gaçyşlary, yzlaryndan gyrgy kimin gaýyşyp, garawsyz aýal-ebtatlary, oglan-uşaklary, garry-gurtylary bir ujundan gylyçdan geçirip barýan ýagynyň atlylary, esasanam gana suwsan, wagşy gara geýimliler, soňra ýagydan arany açdyk hasaplap, haýsydyr bir çaklaňja gonamçylygyň ýanynda demlerini dürsemek üçin säginişleri…Bu zatlaryň bary aýdym-saz ýaňlanýan öýden bäş-alty ädim daşlykda, garaňkynyň içinde, hiç kimiň gözüne ilmän, iki dünýäniň arasynda hallan atýan seňňi-mugallak deýin, ysgynsyz, garry göwresi gyş gijesiniň assaja şemalyna-da yraň atyp duran gojanyň gözüniň öňünden hakydasynyň göze görünmeýän iňçejik sapagyna düzülip birme-bir geçip durdy, geçip durdy…
…Gabawda bolan döwürleriniň horlugy-hunabasy ýaňy on alty ýaşan gyzyň näzik ýüzüni hazan ýeli uran bägül güle dönderipdi. Ol howlukmaçlyk bilen körpe jigisiniň uzadan mytarasyndan suw içýärdi. Altynjemal suwy içip boldy-da, Mämmede uzatdy.
-Jigim indi näderis? Hossarymyzym-a galmady.-diýip galadan çykyp, gaçyp gaýdanlary bäri mertsiräp gelýän gyz hamsykdy. Agasynyň atynyň boýnuna ýaplanyp, bar gazabyny gözlerine üýşürip duran ýetginjek, uýasy aglap başlasa özüniňem saklanyp bilmän, ejizlejekdigini duýup:
-Aglama!-diýip gaharly pyşyrdady:-Ýyglama diýýän, saňa! Bäş-üç gün ýagy Gökdepe galany taşlap gidýänçä, çölde bolarys. Özümiziňkileri taparys-da, şolary penalaýarys. Soňra yzymyza baryp, agalarymyzy, goňşy-golamlarymyzy ýere duwlarys. Soň bolsa…
Oglanjygyň bogazy doldy. Ol gepläp bilmän dymdy. Şol pille-de:
-Gara geýimliler!-diýdi-de, Altynjemal gorkuly pyşyrdady.
-Hany? Nirede?-diýip uýasy üçin gorkudan ýaňa heýýaty başyndan uçan Mämmet daş-töweregine ýaltaklanda, hol allaowarradan gelýän, bir kowçum duşman atlysyna gözi düşdi. Ol syçrap atyna atlandy-da, Altynjemala elini uzatdy.
-Bol, uýajygym, gaçaly, hanha, olar bölünişip, öňümizi gyýalap ugradylar. Bol çaltrak, gabamaga çalyşýarlar.
Şol wagt Altynjemal jigisiniň garaşmadyk hereketini etdi. Onuň bilindäki ak saplyny sogrup aldy-da, kükregine diredi:
-Mämmet jan, jigim, atyň ýadaw! Ikimizi alyp çykmaz! Ýeke gitseň gutular umydyň bar. Bile gitsek ikimiz hem ýagynyň oljasy bolarys-diýip Altynjemal pyşyrdady. Mämmediň huşy başyndan uçdy. Ýalňyz uýasynyň hereketinden hem gorkdy, hem oňa gahary geldi.
-Bol ahyry, Altynjemal, ýetip gelýärler ahyry, mün bejit, atyň syrtyna!
-Mämmet jan, çekeleşige pursat ýok! Çal ata, jüp gamçyny! Sen diri galsaň, tohumymyz dowam eder! Türkmeniň tohumy tükenmese, türkmen dowam etse, ony hiç bir ýagy ýeňip bilmez, ahyry bir gün kasasyny kyýamata goýman, erkinligini tug edip depesinde parladar. Git, bahymrak! Ýöne men naçaryňy, ýabany gara geýimliniň eline diri berme! Olaryň girisine naçar bolup ilseň nätjeklerine beletsiň.
Aljyran Mämmet düşünmedi. Ol çapyksuwarynyň tolgunjyny süňňi bilen syzyp agyzdyrygyny çeýneýän bedewiniň jylawyny uýasyna garşy towlady-da:
-Näme diýip dursuň, uýam? Mün ahyry!-diýdi. Şol pille-de ýalňyz siňlisiniň nazaryna nazary kaklyşdy. Mämmet bada-bat ähli zada düşündi. Düşünmeginden ýaňa-da onuň depesinden sowuk suw guýlan ýaly boldy. Ol atyndan böküp düşdi-de, uýasynyň elindäki pyçaga ýapyşdy:
-Ýok, ýok, men başarmaryn, gowusy ber, pyçagy! Eger-de ikimiz-de sypyp bilmejek bolsak, men iň bolmanda agalarym ýaly olaryň üstüne at goýup bir öleýin!
-Sen düşünmediň, Mämmet jan! Sen biziň neberämiziň soňky erkek göbeklisi! Sen ýaşamaly, jigim!
Mämmet sakga durdy. Ýüzüni sallady. Birdenem daşdan çapylana dönen ýüzüni göterdi-de, Altynjemalyň gözlerine dikildi:
-Näme edeýin, uýam?!-diýende oglanjygyň aýgytly sesi onuň özi üçin güňleç eşidildi.
-Namys astynda galmaly, jigim! It şunuň sapyndan, özümiň bognum ysmaz!-diýip, Altynjemal ak saplyny kükregine diredi…
…Çagalygynyň pajygaly wakasy hyýalynda gaýtalanýan Amanmämmet aga tutuş süňňi bilen elenýärdi. Ýaşy segsene ýeten goja şol çykalgasyz hasratly wakany özüniň uzak ömründe gör eýýäm näçenji gezek başyndan geçirýärdi. Ol ýene-de on üç-on dört ýaşly oglanjyga öwrülip, kükreginden ak saply dikilgi halyna gana bulaşyp ýatan ýalňyz uýasyny yzynda galdyryp, bedew atynyň üstünde gyrmyzy donuny şemala galgadyp:
-Wa-aý dogan! Waý dogan-eý, aý dogan-eý! Aýa-güne taý dogan-eý! Yrza bol, menden! Eger, sähel uly bolan bolsam, agalarym ýaly pälwan bolsam, iň bolmanda elimde ýaragym bolan bolsa, gara geýimliniň müň janyny seniň dabanyň ýekeje yzyna gurban ederdim! Waý dogan-eý! Yrza bol, ýalňyz siňlim, yrza bol! Yrza bol, menden-n-n-n!!!-diýip yzyna garaman, bagyryp barýardy. Duşman atlylarynyň ýeňsesinden atýan gülleleri bolsa “şuwlaşyp” onuň gulagynyň duşundan geçýärdi. Üstündäkiniň janyna howp düşenini syzyp, bolanja güýç-kuwwatyny jemläp, guş deýin uçmaga dalaş edýän bedew bolsa her näçe çalt çapsa-da, gana bulaşyp ýatan gyzyň soňky demi bilen bilelikde kükreginden sogrulan gykylyk olaryň yzyndan galmaýardy.
-Mämmet jan, ýalňyz arkadagym, o dünýe bu dünýe yrzadyryn-n-n-n! Mämmet, yrza-a-a-a!!!
…Öýden başga aýdymyň sözleri eşidilip ugrandan soňra Amanmämmet aga tisginip gitdi-de, hasratly ýatlamalaryň ummanyndan sogruldy. Ol gözýaşa ýuwlan ýüzüni süpürişdirdi-de, bolanja ysgyny-da gaçan aýaklaryny zordan süýräp, öýüne dolandy. Öýe girende törde ojagyň ojar ody bilen ýanyp durandygyna, emma içerde hiç kimiň ýokdugyna üns bermän, donuny, galyň ýüň jorabyny çykardy-da, ýazylgy düşegine geçdi. Başyny ýassyga goýdy. Emma her näçe uklamaga çytraşsa-da, hiç köşeşip bilmedi. Ýalňyz naçarynyň soňky owazy kalbynda şol ýaňlandy durdy. Ahbetin ymyzganyp bilmejekdigine göz ýetirip, Amanmämmet aga täzeden geýindi-de, daş çykdy. Tarhanyň oýunyň gaýra çetinde ýerleşen belent gum depesine garşy ýöneldi. Depäniň üstüne çykdy-da, çäge öte sowuk bolsa-da, aşak çökdi. Hiç-hili oýsuz-pikirsiz galan köňlüni dym-dyrs edip, ýumşak jada beslenen türkmen çölüniň oý-pikirlerdendir, duýgulardan ýaňa yrňyldap duran gijesini diňläp ugrady. Birsellem şeýdip oturandan soň bolsa goja mürüşgär, özi hem duýman kalbynda üznüksiz gaýtalanýan sözleri pyşyrdap başlady:
-Türkmen namysynyň hatyrasyna, ýalňyz uýam, men günäkär doganyňdan yrza bol! Siziň üçin şirin janlaryny pida eden enem-atamyň, doganlarymyň, il-günümiň, ýalňyz uýam Altynjemal janyň hatyrasyna, ata Watan, ene toprak, yrza bol! Türkmeniň dowam etmegi üçin gurban bolan ýalňyz siňlimiň hatyrasyna, il-gün, men ejiz bendeden yrza bol! Türkmen dowam edýär, hemmäňiz yrza boluň!
Asman-zemin, garaňky gijelik, dym-dyrslyga beslenen çöl-beýewanyň sazaklary, ojarlary, ýeňsesindäki oýda tümlüge beslenip ýatan oba, henizem ýaňlanyp duran bagşynyň owazy… umuman Hak Perwerdigäriň döreden dünýäsiniň ähli zatlary goja mürüşgäriň pyşyrdysyna tutuş durky-düýrmekleri bilen dymyp, diň salýan ýalydy. Şol dymmaklygy bilenem Mämmet yrzanyň çar ýanyny gallaýan tükeniksiz türkmen diýary, özüniň ähli zady bilen:
-Türkmen dowam edýär! Yrzadyrys!-diýip, pyşyrdap jogap berýäne çalym edýärdi.

Düşündirişler

- Ütelgi – laçynlar maşgalasyndan bolan elguş;
- Gaýaw – guşlaryň içegesi iýmit galyndylaryndan arassalanar ýaly guşa iýmit berlenden soň oňa ýuwutdyrylýan tüýden ýa-da ýüňden ýumşajyk logalajyk;
- Mürüşgär – elguşçy;
- Tug – gara öýde elguşlary oturtmak üçin dikilýän ýörite agaç.




Категория: Hekaýalar | Просмотров: 438 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Я человек семейный / рассказ - 24.06.2021
Adibning vafoti / hikoya - 21.02.2021
Psihiatr gyz bilen söhbetdeşlik - 25.03.2021
"Şäherli" myhman / hekaýa - 12.01.2021
Adam öldürmek / hekaýa - 27.06.2021
В порту / новелла - 13.03.2021
Старуха Соваж / новелла - 12.04.2021
Два самоубийства / рассказ - 10.06.2021
Дикий пёс / рассказ - 26.06.2021
Маленькая комната / рассказ - 25.06.2021



Всего комментариев: 8
0
6 Myhman0430   [Материал]
Serdar agaň poçerkine meňzänok. wakaň agraslygy bilen hekaýaň diliniň agraslygy utgaşyp gidýä. bir lälik çowlugyň özüne aýdylany garry atasyna "terjime" edýän ýeri diýäýmeseň, galan ýeri "serýoznyý".

hekaýa ýürekgysgynç başlaýa. darajyk, alagaraňkydanam çala garaňkyrak garöý. ölümi golaýlan garry adam, garry guş. içgepletmeler...

soňunda ýaşuly ölen bolsa hasam täsirli bolaýjak ýaly.

umuman, bir söz bilen aýdaňda gowy hekaýa eken.

Serdar aga, siz Akdaşaýaklymy?

ýalňyş düşünmäň. içgysgynçlyk gyzykly däl diýmek däl. Tom Hanksiň adada ýeke özi filmi hem içgysgynç, ýöne meň gowy gören filmlerimiň biri. ýa-da kiçi wagtym atam pahyryň otagy gaty ýürekgysgynjam bolsa, iň hezil ýerleriň biridi. otagda atamyň ýekeje özi. telewizor ýok. mydama radio açyk dur. bir diwaryň ýüzünde köne haly, beýleki diwaryň ýüzünde men dogmakam ýogalyp giden garyndaşlarymyzyň ak-gara suraty asylgy. suratlardaky kişiler ir öljeklrini bilen ýaly gaty tukat seredip durlar. bir diwaryň ýüzi atamyň atasy döwürden galan mebeller: şfaner, bufet, sandyk, sandygyň üstünde düşekler. radioň sesine goşulyp BK konsineriň birsydyrgyn sesi, ýokardada patalokdan asylgy wilterýatoryň "hul-hul-hul" edýän sesi (indi-indi pikir edýän: şowagt atam näme üçin hem kondisaner hem wilterýator işletdikä). köplenjem çyra öçük, öňem kiçijek bolan penjireler tutudan başga-da galyň adýol bilen ýapylan. 5 minut otursaň gözüň süzülip başlaýa. otagyň ortarasynda atamyň oturýan ýeri. näme üçin bir çetde oturmadygyna häzirem düşünemok. ýanyna özi ýaly garry dostlary myhmançylyga gelse, olaram şo ortarada oturýadylar. dulda stena ýaplanyp ýa biz (çagalar) oturýadyk ýa-da gelnejelem. başujynyň ýeňse tarapynda radio, öň tarapynda agzy agaç dykyly dermos, iki-üç sany käse, içi pampaza bilen uzyn kemputly süýjügap...

gepiň keltesi içgysgynçlygyňam bir keýpi bar.

hekaýadaky "sygryň dili ýaly kagyz" bir gezek gelende-de kän welin iki gezek gaýtalanmagy has köp. "üç burç kagyz" bilen "sygryň dili ýaly kagyz" öň (başga eserlerde) juda köp ulanylandan bolmagam ahmal.

uruş döwri awa gidip oba ölmez öde getirýän ýerini gahrymana aýtdyrman, awtoryň dilinde aýdylan bolsa has gowy bolaýjak ýaly.

hekaýaň ortasy iň gowy ýeri bolupdyr. bagşy wakany aýdyp başlandan içimden "şodur-ow" diýdim. ýaşulyň öň hiç kime gürrüň bermezligi, şol wagtam özi aýtman bagşynyň gürrüň bermegi, kimdigini ne obadaşlarynyň ne-de dogan-garyndaşlarynyň (çagalarynyňam) bilmeýänligi, toýa barman yzyna gaýtmagy... -- super.

tohum hakynda: maňgalaň soňky erkek göbeklisini gorajak bolmalary tüýs "türkmençe" pikirlenýän ýeri. türkmen instinkti.

"Türkmeniň tohumy tükenmese, türkmen dowam etse..." diýip başlaýan ýerleri bolsa... mmm... iň soňunda-da bar şonýaly ýeri.

0
7 Bagabat   [Материал]
Sag bol. "Kagyzly" ýeriniň hetjiklenýänine öň üns bermändirin. Düzetdim.
Garry adamyň otagynyň şekillendirmesi gowy bolupdyr. Özbaşyna hekaýa edibermeli. Aýtjagyňy gelişdirip aýtmaga giden mümkinçilik bar - goş-golamlaň her biri, pampyzaly süýjüdan we ş.m.. Hekaýaň adam taýyn: "Atamyň otagy". Edil Orhan Pamugyň "Päklik muzeýi"-niň gysbyja, çugdamja görnüşini ýasap bolaýjak zat ekeni.
Hawa. Akdaşaýakdan.

0
8 Bagabat   [Материал]
Stil meselesinde bolsa, her döwürde birhili ýazylýar-da. Ýetginjeklikde birhili, ýaşlykda birhili, 30-dan soň ýene-de birhili, 40-dan soň ondanam başgaça...Agras stil bolsa, ýazýanyň özüni ýadadýar, onsoňam klipowyý myşleniýaň başlamagy bilen onuň möwritem geçip barýan ýaly.

0
4 mango   [Материал]
Agyr hekaýa.
Amanmämmet agada türkmen derdiniň simwoly ýaly kän ýük ýükläpsiň, nädip çydaýa diýdirýär…
Umuman, gowy…

0
5 Bagabat   [Материал]
Birnäçe adamdan soradym, şu waka hakykatdanam bolan ekeni. Hekaýadaky aýdym ýazylan magnitofon kassetasynam ady belli mirasgärleň birinden alypdym. Muňam ýazylanyna, anyk ýadyma düşmeýär welin, eýýäm 20 ýyl-a boluberendir-le.
Özem şo wagtlar bilemok, latyn-amerikan edebiýatynyň täsirine düşüpmi nämemi, birhili simwolizme has ýykgyn edilýändir-dä...Borhes. Markes, Koelýo, Asturias, Wargas Lýosa...
Galyberse-de, amerikanlar Beýik Hem, Steýnbek...
Dünýe - umman, adam - damja, damjada - dünýäň şekili, dörediji - şo şekiliň perwanasy...
Şu saýtda ýene-de bir simwolizm akymyna eýerilip ýazylan powest bolmaly. Onuň "çyn ady", ilki "Kempir"-di, ýöne soň neşir edilende ady "Ene" bolupdy. Äý onsoň, özüme-de şo at kem ýaramansoň, şeýleligine galdyraýypdym. "Mämmet yrza" hem-de başga-da käbir zatlar bilen bir wagtyrakda, 2000-njileň başragynda ýazylypdy.
Eliň degip, okaryn diýseň, ine salgylary:
http://kitapcy.com/news/ene_serdar_atayew_1_nji_bolek/2018-07-28-1601;
http://kitapcy.com/news/ene_serdar_atayew_2_nji_bolek/2018-07-28-1602.
Okaýanyňa minnetdar. Janyň sag bolsun.

0
3 Bagabat   [Материал]
@Watanperwer, sag bol, minnetdar!

1
2 Akjemal   [Материал]
@Bagabat. Okadym agam. Gowy hekaya eken.

0
1 WilliamGrous   [Материал]
an spectacularoblation
Virtuous click on the bridle lower to mitigate


https://drive.google.com/file/d/1UZTZctCGff_Qgp2zPfnrWuExb4I5exbn/preview

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]