09:15
Mämmet däli we Köprüli Mämmet paşa
MÄMMET DÄLI we KÖPRÜLI MÄMMET PAŞA

Siz köplenç "Muhteşem Yüzyıl" ("Великолепный век") teleserialyndaky Hürrem bilen Süleýman barada köp eşdensiñiz. Soltan Mämmet IV hakda welin kän zat bilýän dälsiñiz. Mämmet IV osmanly patyşalarynyñ iñ meşhurlaryndandyr.
Mämmet IV-iñ döwründe döwletiñ bitewiligi çat açypdyr. Parahorlyk we wezipeli ýerleri satmak hiç bir döwletde, hiç bir döwürde görülmedik-eşdilmedik derejede artypdyr.
Mämmet IV ýedi ýaşynda tagta geçipdir. Ýurdy onuñ enesi Kösem soltan dolandyrypdyr. Kösem soltanyñ iñ uly kömekçileri-de Ýanyçarlar gwardiýasynyñ ýolbaşçylarydyr. Aýdany aýdan, edeni eden ýerinde bolýan ýanyçarlar azyp, ýetjek derejelerine ýetipdir. Soñabaka adamlary zor bilen diñe öz ýöredýän dükanlaryndan söwda etmäge mejbur edipdirler. Garamaýak işçiler we sypahylar mundan nägile bolupdyr. Köşkde bolsa zowky-sapa añrybaş derejä çykypdyr. Iki başyny deñläniñ biri Kösem soltany bogup öldürýär. Bu gezek ýanyçarlar gozgalañ turuzýar. Gozgalañ basyp ýatyrylýar. Kösem soltanyñ ýerini Mämmet IV-iñ ejesi Turhan soltan eýeleýär.
Atlar üýtgese-de, düzgün üýtgemeýär.
Ýykgynçylyk, urdumşalyk dowam edip, döwlet diýilýän zatdan nam-nyşan galmanfyr. Osmanlyny işiñ nämedigini bilmeýän, ýarym jahyl gatlaklar dolandyrmaga başlaýar.
Jahyl, parahor gatlak döwletiñ iñ jogapkärli wezipelerini pul bilen satyn alypdyr. Pursatdan peýdalanan wenesiýalylar türk flotiliýasyny ýakyp, külüni göge sowurýar. Çanakkale bogazyny petikläp, adalary basyp alýar.
Döwletiñ bu gözgyny haly Köprüli Mämmet paşanyñ baş wezir (sadrazam) bolan 1956-njy ýylyna çenli dowam edýär.
Heý, soñy bolmazmy döwleti talamagyñ?
Bir Mämmet däli (Deli Mehmet) gider, Köprüli Mämmet geler... Hemme zat gowy bolar.
Wagtyñ ygtyýaryna goýalyñ. Wagt görkezer.

Mehmet ERDÜL.

E-posta : mehmeterdul@karsiyakahaber.com

07.01.2019 ý.
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 40 | Добавил: Gökböri | Теги: Mehmet Erdül | Рейтинг: 4.0/2
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]