06:03
Mamamy gözleýärin
MAMAMY GÖZLEÝÄRIN

Sallançagym üwrän mamam
Gaty uzakda galypdyr.
“Ömrüň süýji bolsun” diýip,
Çöregme şeker garypdyr.

Mamamjanyň gujagynda
Gundaglyja bäbejikdim.
Hemmeleriň söýýän çagy
Dünýäň gamy nämejikdir.

Mähribanmyň hüwdüleri
Ýaňlanyp dur gulagymda.
Mamamlara barýan şindem
Gamsyz ýyllaň soragynda.

Sermenýän daş-töweregmi,
Alma-da ýok, ülje-de ýok.
Magşara çen dymýar Ýerem,
Mamamam ýok, külçesem ýok...

* * *

Ot basmaga gitsek kakamjan bilen
Bar zat öz-özünden bolar barardy.
Mesaýy oturan ýalydyr welin,
Atyz-atyz oty bogar barardy.

Kakam her bir işe juda ezberdi,
Döwlen ulaglaram ýörederdi ol.
Arly gyşy gydyrdanyp ýörşüne,
Tomsuň güni ýaly garaderdi ol.

Päli pes, göwni giň adamdy kakam,
Başlan her bir işin aýaklardy ol.
Ýöne ejiz gelse bar işin taşlap,
Döwülen göwnüni seýiklärdi ol.

Pamyk deý tämizdi kakamyň göwni,
Ýüzünden görnerdi ýüregindäkäm.
Gitmeli bolandyr, ýogsam-a bizi,
Hiç mahalam goýup gitmezdi kakam.

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Hatyja / Goşgular - 15.02.2021
"Aýadyñ sen öz köñlüñ..." / Goşgular - 16.07.2021
Gökdepe mukamy / Goşgular - 14.01.2021
Arzuw / Goşgular - 23.03.2021
Ýene-de bir owadan goşgy / Goşgular - 20.03.2021
Men ýigrenip bilemok / Goşgular - 05.11.2021
Ýeri, sen şol gyza meñzäýmelimi?! / Goşgular - 09.02.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021



Всего комментариев: 3
0
3 Aksary   [Материал]
Soramak birhilirägem welin şu goşgy siziñkimi?

Ýakdym ylhamyñ çyrasyn
Goy azap siltenjiresin
Acyp köñül penjiresin
Diñlesedi iller meni...

Hiç ýadyma düşenok awtory,bilýänler bar bolsa aýdaýsyn.

0
2 Allanazar   [Материал]
Ikinji goşgyň jemlemesini beter haladym, ýetireniňe sag bol Suraý.

0
1 Aksary   [Материал]
Suraý hanym, gynançdyr küýseg goşgylarynda ýönekeýje zatlary agzasak ýara duz sepilen ýaly bolsa-da aýdaýyn-la
Gaty görmersiñizdä, bagyşlañ!

Sallançagym üwrän mamam
Gaty uzakda galypdyr.
“Ömrüň süýji bolsun” diýip,
Çöregme şeker garypDYR.

Mamañyzyñ eden işiniñ ine güwäsi.

Gundaglyja bäbejikDIM.

Gundaglyja bäbejikkäñiziñ güwäsi hiç haçan özüñiz bolup bilmersiñiz.

Gundaglyja bäbejikKÄM...
...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]