20:16
Maksim Gorkiý
MAKSIM GORKIÝ

Sazandalar gamgyn-gamgyn
Sazlarynyñ çirtdi kirşin.
Kiriş bolsa iñläp gitdi,
Ýañlandyrdy matam marşyn.
Şol iññildi duýga degdi:
Millionlaryñ başyn egdi.

Dürli miwe berýän bagyñ
Özenini iýdi gurçuk.
Syndy göwünler aýnasy,
Arman çekmän oñjak niçik.

Adamzadyñ ruhun añlap,
Ölmez eser ýazýardy ol.
Göwnüñ islän zadyn tapar,
Tükeniksiz bazardy ol.
Mermer daşym deñze gaçdy,
Laçyn guşum elden uçdy.

Ol synsa-da, synmaz daragt,
Öz ömründe ekip gitdi.
Jan azygyn, göz göwherin
Bolluk bilen döküp gitdi.
Sözi derýa, dolup akýar.
Teşneleri suwa ýakýar.

Şa zulmundan heder etmän,
Hakykaty sürdüñ öñe.
Hemişelik söýgi beslär
Zähmetkeşiñ ogly saña.
Eý, hormatly beýik ussat,
Sen dirisiñ, arkaýyn ýat.

1936.





Категория: Goşgular | Просмотров: 128 | Добавил: Artogrul | Теги: Berdi Kerbabaýew | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Esger jigime / Goşgular - 05.02.2021
Yşk hem aýralyk / Goşgular - 08.02.2021
Yşk öýüm / Goşgular - 26.02.2021
Dünýäñ aýdymy / Goşgular - 03.06.2021
Года мои! Не судите меня строго / Goşgular - 17.03.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Tomus günleri / Goşgular - 08.02.2021
Sen meniñ dünýämdiñ? / Goşgular - 22.02.2021
Bagtly bolduñmy? / Goşgular - 15.02.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]