05:54
Mähriban bolunýar
مأهریبان بۇلونیار...

یاغشا توتوپ نیت لرینگ,
غۇوا یۇروپ اومیدلارئنگ,
آیاغنگئ یاغشا أتله دیپ,
دۇستا بارئلیار - گلینیأر,
شیدیپ مأهریبان بۇلونیار.

غوتلایارسئنگ دۇغلان گۆنۆن,
یادلایارسئنگ آغلان گۆنۆن,
آنگئپ انتک اۇغلانلئغئنگ,
بارئپ آغلانیار - گۆلۆنیأر,
شیدیپ مأهریبان بۇلونیار.

تۇیونا خالاتلئ باریانگ,
اؤینه غاناتلئ باریانگ,
چئبئقدان " غئر آتلئ " باریان
کؤرپه جأ سۆیجی آلئنیار,
شیدیپ مأهریبان بۇلونیار.

چالا یۆره گینگ گینگه سه,
گیرجک بۇلانگۇق " گیننسه",
دۆیشۆنگه گیرسه - گیرمه سه,
حالئندان خابار آلئنیار,
شیدیپ مأهریبان بۇلونیار

امما بو زاتلارئنگ بارئ,
اتمه لی زاتلارئنگ آزئ,
آدامزاد دؤرألی بأری,
بیر گیدیلیأر, بیر گلینیأر,
شیدیپ مأهریبان بۇلونیار.

2019- یئل
سورائ بابانئیازۇوا

• MÄHRIBAN BOLUNÝAR

Ýagşa tutup niýetleriň,
Gowa ýorup umytlaryň,
Aýagňy ýagşa ätledip,
Dosta barylýar-gelinýär,
Şeýdip mähriban bolunýar.

Gutlaýarsyň doglan günün,
Ýatlaýarsyň aglan günün,
Aňyp entek oglanlygyň,
Baryp aglanýar-gülünýär,
Şeýdip mähriban bolunýar.

Toýuna halatly barýaň,
Öýüne ganatly barýaň,
Çybykdan “Gyratly” barýan
Körpejä süýji alynýar,
Şeýdip mähriban bolunýar.

Çala ýüregiň giňese,
Girjek bolaňok "Ginnese",
Düýşüňe girse-girmese,
Halyndan habar alynýar,
Şeýdip mähriban bolunýar.

Emma bu zatlaryň bary,
Etmeli zatlaryň azy,
Adamzat döräli bäri,
Bir gidilýär, bir gelinýär,
Şeýdip mähriban bolunýar.

2019 ý.

✏️ Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 45 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
"Poeziýada mozaikalar" goşgular toplumyndan / Goşgular - 16.03.2021
Topragym / Goşgular - 12.02.2021
Dowam edermiň / Goşgular - 30.05.2021
Boýun almak / Goşgular - 04.04.2021
Ýazha-ýaz! / Goşgular - 05.06.2021
Dostuma / Goşgular - 01.06.2021
Gije / Goşgular - 08.04.2021
Göreş / Goşgular - 20.03.2021
Aşyklar deresi / Goşgular - 08.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Allanazar   [Материал]
Suraý, örän oňat şygyr.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]