08:39
Mähriban
MÄHRIBAN!

Eý, Mähriban!
Daşdadyryn öýtme
Çagyrsaň bir demde häzir bolaryn.
Ýetibilmesemem,
Derim tükenýänçä,
Demim tükenýänçä ylgaryn.
Tenim sowamazdan owal
Saňa ýoldaş bolsun diýip
Guşlardan çörek ýollaryn.

Mähriban!
Guşlaň salamyn kabul et
Olary men ugradypdym.
Ýaglygymam ugradardym arman
Ynsabymdan utanypdym.

Mähriban!
Ümsümlik diýaryna aş,
Şol ýerden ruhuň taparsyň.
Ömri ýele sowrup ýörme
Ol ýekeje sapardyr.
Diňe Yşk bilen ýöre
Onsuz gitmek hatardyr.

Ey, Mähriban!
Sabalarda hiňlengin
Diňlegin çölleriň pyşyrdysyny
Synla gumrularyň pasyrdasyny.
Günleriň, gül ömrüň hysyrdysyny
Unut-da, uludan dem al, Mähriban!

Kertlerden geçmek kyn düşse,
dertlerden geçmek kyn düşse çagyr,
Mähriban,
Bir demde häzir bolaryn.
Aýak çekip, bir dem sägin, Mähriban!
Ynha, arzuw düwünçeklem,
Gülden doly sandyklarym
Haýsy gerek saýla, Mähriban,
Goý, bary seniňki bolsun,
Olary kyn günde paýla, Mähriban!

Ruhuň elewrände alys ýollarda
Dileglermi hiňlenerin, Mähriban.
Günleň biri yşksyz yaşap bilmäňde
Gapymy içinden gulplap,
Boşan sandygym gujaklap,
Ýaglygym ýüzüme tutup
Begenjimden möňňürerin, Mähriban!

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.6/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
Mähriban / Goşgular - 07.01.2022
Снегопад / Goşgular - 11.01.2022
Göwnüm geçdi / Goşgular - 08.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Söýdüm... / Goşgular - 22.01.2022
Däliniň aýdymy / Goşgular - 13.01.2022
Моя звезда / Goşgular - 15.01.2022
Hudaýa şükür! / Goşgular - 11.01.2022
Gelsene... / Goşgular - 19.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mahremlik   [Материал]
Dogry aydyan mango Hakykatdan sol gun monnurmeli ol gun seni hiç kim gen gormez

0
1 mango   [Материал]
Gaýtalanýan “mähribanlar” aýdymyň припев-i ýaly owazly bolupdyr.
—-
Diňe Yşk bilen ýöre
Onsuz gitmek hatardyr.

Günleň biri yşksyz yaşap bilmäňde
Gapymy içinden gulplap,
Boşan sandygym gujaklap,
Ýaglygym ýüzüme tutup
Begenjimden möňňürerin, Mähriban!

Başdaky “yşk bilen ýöre” - arzuw bolup, soňky “yşksyz ýaşap bilmezlik” ol arzuwa ýetmek öýdýän. Ana, şol günem begenjiňden möňňürmeli gün…

Haladym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]