09:09
Mähriban
MÄHRIBAN

Adam juda köp ýalñyşýar, eýse nä?!
Men hem kän ýalñyşdym,
Däldim perişde.
Ýok, serişde däldim oñ elindäki,
Ýöne boýun, ýalñyşýardym kä işde.

Bir gezek dostumdan edipdim kine,
Ýöne asyl günä özümde eken.
Dostuñ ýazygyñy geçmegi mümkin,
Ýöne öz-özüñi bagyşlamak kyn.

Bir gezek...
...aglatdym käbäm ejemi,
Çagam diýip öz janyndan geçeni.
Ol şonda-da seni söýer bigüman,
Ýöne öz-özüne tükenmez jezañ.

Baý-baý, kejir ekenim,
Meni söýenlere ejir ekenim,
Entek-entek juda ejiz ekenim.

... Köp ýalñyşdym.
Ýalñyşmadyk günüm ýok-la, eý, aman,
Ýöne umyt berýän başga sebäp bar.
Ýalñyşman ekenim diñe bir zatda:
Seni söýüp,
Mähriban!

* * *

Ejiz görüp, kimdir biri bu ýolda,
Het edäýse degmeklige göwnüñe.
Esasy zat, ynamyñy ýitirme,
Agyr ýüki abraý bilip egniñe.

Sen hemişe öz-özüñe ynangyn!
Ýylgyryp däl, ýazyp gezgin kükregi.
Hemmeleriñ bu dünýäde orny bar,
Baldajyklar saklap dur-a ýapragy.

Ogulbäbek GURBANNAZAROWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 49 | Добавил: Haweran | Теги: Ogulbäbek Gurbannazarowa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Arzuw / Goşgular - 15.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Nätanyş gyza / Goşgular - 03.01.2022
"Düýn agşam asmanyñ ýüregi gysdy..." / Goşgular - 11.01.2022
Hasrata teselli setirler / Goşgular - 16.01.2022
Песнь Смерти / Goşgular - 15.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
Garaş Käbäm! / Goşgular - 13.01.2022
Täze ýyl hakykaty / Goşgular - 04.01.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]