21:36
Mähriban
MÄHRIBAN

"Ol maña hat ýazardy, men oña hat ýazyp bilmezdim. Heýem, iliñ gyzynyñ öýüne hat ugradylarmy, aýyp bolar...
Ýaşaýan şäherinde bir gazet çykýardy. Men o gazete goşgy ýazardym. Hemmeler goşgy saýyp okardy. Ýöne Mähriban bilýärdi: Olar özüne ýazylan hatlardy"

Abdyrahym Karakoç "Yşk kagyza ýazylmaýar, Mähriban" kitabyndan:

Sary saçlaryña däli göwnümi
Dañypdyryn, çözülmeýär, Mähriban.
Aýralykdan agyr saýma ölümi
Göräýmeseñ syzylmaýar, Mähriban.

Ýar diýeñde galamym elden düşýär,
Gözlerim görmeýär, aklymam çaşýar,
Çyrada titreýän alaw üşeýär,
Yşk kagyza ýazylmaýar, Mähriban.

Ilki näz, soñ wada, yzyndan hile,
Söýülen söýeni düşürer dile,
Ýyllardyr asyrlar çalyşsa, ýene
Köne dessur bozulmaýar, Mähriban.

Tebiplerde ýarama ýok melhemem,
Yşk diýlenden beýigini gözleme
Her närsäniñ bir ahyry bar, ýöne
Yşka serhet çyzylmaýar, Mähriban.

Ýöne ýere söýmez bilbil gülüni,
Gar goýsañ köz bolar yşkyñ külüne,
Haýran gara bagtym çydam-güýjüne
Daşa ursam mynjyramaz, Mähriban.

Taryplap bolmaýar yşk diýlen zady,
Diñe çeken biler bu derdi,gamy,
Çigişen düwündir baş-ahyr, bary
Çözebilmen, çözülmeýär, Mähriban.


- Mähribanyñ hakyky başdan geçirmesi nähili?

Kä kişiler "Hakykatmy?" diýip soraýar. "Hakykat"diýýän. Ýöne ady Mähriban däl. Ol ýaşlygymda başdan geçiren söýgimdi. Ýöne häzir äşgär etmäýin, aýyp bolar. Özümiñ dakan simwoliki adymdyr Mähriban.

- Stoluñ başynda oturlyp ýazylan hyýaly söýgi bu tagamy, bu süýjüligi berip bilmez. Ýazmak üçin başdan geçirmek gerek.

Ol wagtlar elektrik ýokdy. Çyranyñ ýagtysynyñ aşagynda ýazýardym. Goşga başlanymda çyradaky ot titräp başlady. "Çyrada titreýän alaw üşeýär" çykdy.

- Näçenji ýyldy?

1960...

- O söýgüñize gowuşyp bilmediñiz.

Ýok, bolmady. Söýýärdim. Bolmady. Aýyp bolar häzir adyny aýtsam. Däp-dessurlarymyza ters. Ikinji Mähriban goşgumam bar. Bilýänsiñiz. "Unutmak ýeñil, unudarsyñ, Mähriban"diýip. Olam şeýle. Bular diñe hakykata esaslanýandyr. Owadan, päk söýgüdi...

- Bir gün Mähribany görjegiñize ynanýañyzmy?

Bilemok, görmegem islämok. Häzir özgerendir. Men onuñ gözünde özgerdim. Ol meniñ gözümde özgerdi. Näme üçin göreli? Şol durşuna galsyn-la. Ynsanlaryñ göwünde galmagy gözde galmagyndan has gowudyr.

Abdyrahym Karakoç bilen bolan söhbetdeşlikden.

Terjime: Mahym NURGELDIÝEWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 62 | Добавил: Hyýalkeş | Теги: Abdyrahym Karakoç | Рейтинг: 2.5/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Çilimkeş / Goşgular - 16.02.2021
Bu dünýä özüni görer özümde.. / Goşgular - 06.01.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021
"Çiliñ añyrsynda güne..." / Goşgular - 14.04.2021
Atsyz goşgy / Goşgular - 21.10.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Ýodalar / Goşgular - 22.05.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Özüme sorag / Goşgular - 18.03.2021
"Ägirt heñ bar ýumruk ýaly ýürekde..." / Goşgular - 11.04.2021



Всего комментариев: 2
0
2 Hyýalkeş   [Материал]
Kitabyndan diýip iki nokat goýupsyñyz. Ol ýalñyş. Başdaky getirilen sitatanyñ şol kitapdandygy aýdylýar. Şol sitata garaldylyp berilse ýa da kursiwde ýazylsa gowy boljak. Goşgam göni stilde ýazylsa gowy. Çünki bärde esasy zat goşgy.
Aşakdaky söhbetdeşlikde sorag berýäniñ soraglary garaldylsa gowy.

0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Haweran şu şahyryñ suratyny goýjakdym ýatdan çykypdyr...

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]