21:17
Mähir
MÄHIR

Gündiz dogmaýar Gün,
Aý bolsa, agşam,
Asman barda,
neçüýn onna ýyldyz ýok,
Ýyldyz baram welin, ýok onuň yşgy,
Ýyldyrym çakanda onuň ody ýok.
Gök gürledi, emma, ýagmady ýagyş,
Ýagyş ýagdy ýöne çykmady goşar,
Bu neneňsi boldy, nähili goşgy?!
Tebigata,
Ýa asmana,
Ýa ýere?
Bilmedim, men nämä etsemkäm bagyş?!

Deňiz bar-da,
Suw içinde balyk ýok,
Tiken bar-da,
Ýöne welin, ýok güli
Baglar baram welin, ýokdur miwesi,
Ýaplar jaýryk açdy, ýok onuň suwy,
Diňe meň göwnüme şeýle hemmesi,
Diňe meň gözleme şeýle hemmesi,
Emma size ýalan, maňa bolsa – çyn,
Ynanmasaň, gel-de, meň ornumda dur,
Ýok, ýok meň gözüm bilen seret gowsy.

Gülki bar-da,
Men nämüçin gülemok?!
Şatlyk baram bolsa, neçüýn bilemok?!
Öňler beýle däldim aslynda ilki,
Ne ýolukdy, ne döw çaldy halyma?
Dälimi,
Diwana – aýdarsyň belki!
Telwas urup gürsüldeýär bu ýürek,
Kalbymyň, aramy, didelem zary,
Kapasa-da, urunýan  men janserek,
Ähli zat meň üçin gutaran ýaly.

Söýgiň bolanda nä,
- duýgy bolmasa,
Zerreçe mähir ýok, ýok hat-da yşgam,
Heserli gursagym aglady, hat-da,
Sözler öýke edip aglady goşgam,
Kalbym mätäç wagty ýyly sözlere,
Mähir isläp ýaş aýlandy gözlere,
Bagyşlaň siz meni owadan sözler,
Çalyşanym üçin mähri gazaba,
Ýol bermedi kalbym mahtap ýazara.

Gurbanmämmet MEREDOW.

Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 149 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

Ejeme / Goşgular - 03.02.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Ода женщине / Goşgular - 15.04.2021
Ilkinji tebil / Goşgular - 24.03.2021
Eşidipdim gurduň ykbaly hakda... / Goşgular - 10.02.2021
Я учусь у Ленина / Goşgular - 16.04.2021
Sen hakynda / Goşgular - 16.03.2021
Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Duýduñmy?! / Goşgular - 27.05.2021
Всего комментариев: 33
0
33 Aksary   [Mowzuga geç]
Çakdyr ýaranlar...

0
Näme ýöne urşup yörsüñizlay??

-2
30 Revo   [Mowzuga geç]
"Ogry-da özüne osar, orramsy-da" nakyl.
Mana_name agzanyň teswirlerine "dislike" goýup keýpden çykdym. Hezil boldy. Teswir ýazjakmy, mowzuk barada ýaz, ýogsa-da gitde awtobiografiýaňy ýaz. Seň hakykaty duýup bilýän talantyň, hemme zady bilýän ukybyň ýada mugallymlaryň bilen ýüzleşip bilýän batyrlygyň, mowzuk bilen bagly bolmasa kör köpük. Birem durmuşdaky ýada saýtdaky manyny, ýoly tapan bolsaň, ýoluň bilen boluber. Özgelere öz dünýägaraýşyňy, pikirleriňi dakjak bolmagyň dahyly ýok. Sebäbi herkimiň öz dünýäsi, dünýägaraýşy, dogrysy we ýalany bardyr.

1
31 Mana_name   [Mowzuga geç]
@Alaýabyly, Señ halamaýan zadyñyz men halamazlyga borçlymy? Meñ halaýan zadymy başga biri halap biler halamanam. Ýokarky  teswirler ol barada däl ahyrym. hawa öz teswiriñ özüñe de degişli eken, @revo señem teswiriñ özüñe degişli. Nakylyña beterem özüñe, degişli, dogry ogram özüñe osar, orramsam, sen özüñe osupsyñ welinim.. Hany señ goşgy barada teswiriñ? Beýle akylyñ köp bolan bolsa şul teswiriñi ýazmazdyñ. Bar bolup bilişiñem, akylyñ ýetýän ýeri edil şul teswiriñ ýalydyr. Hakykat ýaramady size.bulam meñ günäm däl. @alaýabyly, bulary maña ýazan bolsañ meñem jogabym şul sañada beýlekilere de "Admini, şahyry, eseri, ýazýançyny... gowy diýip gowy edip bilmeris, erbet diýip erbet. Akly bar adam şeýle-de düşünýär." Sen halaman bilersiñ, men adminligi üçin dälde goşgularyny halaýanym üçin Hut señ pikiriñi erkin ýazyp bilişiñ ýaly meñem erkin  ýazdym, Admin bolany üçin ýazmadym.

0
29 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Admin siz üçin saýty pylan edýär, pysmydan edýär... gerek däl şular ýaly sözler. Adminiň okyjylar üçin goýýan eserlerini, hekaýalaryny görüp-okap ýörüs. Bir gün bu ýagşylygyny derýa-da biler, Halygam.

0
28 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Admini, şahyry, eseri, ýazýançyny... gowy diýip gowy edip bilmeris, erbet diýip erbet. Akly bar adam şeýle-de düşünýär.

0
27 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Has Türkmen gowy ýazýamy? Ýok. Orta tap ýazýançy heniz-ä. Onsoňam saýty siz üçin, edebiýat üçin etdim, ýogsa şundan bähbit ýok, işim ýetik diýip aýtmak näme gerek. Her bir okyjy bilýär şu saýtdan admine çinnek ýalam peýda ýokdugyny. Ýene bir zat admin Has Türkmen lakamy bilen ýazyp bilýär, Mango lakam bilen ýazyp bilenok, hä? Şuda gyzykly! Aý, borda, şu şahyr meselede Has Türkmeniň adyny getiriberiň, her kim öz gowy görýän eseri, şahyry bar, ýöne admin siz üçin pylan edýär, pysmydan edýäler artykmaç bolýar. Biz ony görüp ýöris.

0
25 Mana_name   [Mowzuga geç]
"Şu wagt gördüm: okalmadyk teswirler ýaşylja (*) ýyldyz bilen bellenýän eken.
Bu-da gowy"
Bu belläniñ Saýtda men agza bolman okaýakamam görýärdim, sen welin bu gowy tarapyny indiden soñ görüp ýörsüñ.. Düzetmeli tarapyny welin agza bolanyñ bäri ýañzydyp ýörüşiñ-ä, @mango.

1
24 Mana_name   [Mowzuga geç]
@Zehiniñ saýtda erkiniñ bolmaly bolşy ýaly, meñem şahsy hukugym bolaýmaly.. Onsoñam okajak adamyñ kemçilik gözüne ilenogam, sebäbi saýt okamak öwrenmek üçin döredilen mümkinçilik.
tehniki bejerişler, dizaýn hakyky okajak adamyñ gözüne ilenok, gözümiz saýtyñ esasy bölümlerinde, goýulýan gerekli romanlarda, hekaýalarda, maglumatlarda, täzeliklerde, goşgularda, terjimelerde bolmaly wagty gelip-gelip üns bereniñe degmeýän maglumatlary garalap, gyzyllap somlap ýörmegiñ señ kemçiligiñ bolup görünýär @mango. Meñ üçin, saýtyñ şu bolşundada, öñki bolşundada okajagmyzy okap bilýäsmi - - WESSALAM.

0
23 Mana_name   [Mowzuga geç]
Şahyrlañam gowy ýazýanlarynyñ adyny tutup bilýän  hut @zehiniñ goşgularynyñ entek kämil däldigini aýdyp bilişim ýaly.
Berdinazar Hudaýnazar aýdypdyr,
"Ak guşdanam tapsa bor,
Bir çümmüjek garany,
Şol garany görmänräk
geçjek boluñ adamlar"
Meñ admine arka çykmadym, dogry bolanny  ýazdym,  Şahyrlañ, ondada gowy Şahyrlañ sanawyna Has Türkmeniñ adynyñ tutulmagynyñ näme üýtgeşikligi bolmaly? Gowy ýazýanlañ içinde Has Türkmeniñ  adyny tutmak näme, ters düşünjemi? Men Puşkinem oka, öwren diysem onda meñ Puşkin bilen bir döwürde ýaşadygym,, Ýeseniniñ adyny Şahyrlañ içinde getirsem onda Ýesenin bilen baglanşygym bar diýip düşünsinlermi?? ( Öñki Şahyrlañ adyny tutmadygymyñ sebäbi bar, mende @zehin beter zehinli bolansoñ ol şahyrlary ýatdanam bilýändir diýen pikir döredi). Has Türkmen adyny gowulykda tutulmaga mynasyp gördümmi, diýmek öz saýty bolanlygyndada, ýada, saýtda, hiç hili ady sory ýok, dahylsyz biri bolanda-da, real tanasamam, tanamasamam adyny gypynçsyz ýazmaga hakym  bar, ony siziñ kimdir biriniñ söhbedine goşulyp  saýtyñ "kemçiligini" "aýdyp bilişiñiz" ýaly, özüñizi, goşgyñyzy gorajak bolşuñyz ýaly meñem okap, okyjy hökmünde, muşdak höküminde adamlar baradaky, saýt baradaky pikirimi orta atmaga hukugym bar.

0
22 Mana_name   [Mowzuga geç]
@mango, pikiriñ tersdigini ýene bir gezek makullaýan teswiriñ:
"Adminlere aşa arka çykyşyňyz, saýty goraýşyňyz, okamagy maslahat berenleriň sanawyna admini hem goýuşyňyz… ters duýgulary oýarýar."
@mango, siziñ ters duýgularñyza jogap: Belki onda men Nobatgulyñ gyzydyryn? Belki Kakamyradyñ doganydyryn? Belki Seýitmyradyñ synpdaşydyryn, belki Has Türkmeniñ duldegşir goñşusydyryn? Belki meñ hakyky wezipäm aklawjydyr? . @mango, Diñe erbet, ýalñyş tarapy sen aýdyber, men welin egrä-egri diýerin, dogra-da DOGRY. sebäp içimde garalyk ýok, hakykaty görüp bilmek, gowulygy duýup, bilmek ukybym ösen, mekdepde okaýarkam mugallymyñ ýalñyşny ýüzüne aýdyp bilýän okuwçydym. gowa gowy diýip bilýän, hut @zemine, saña dogry däliñize dogry däl diýip bilişim ýaly saýtyñam gowy tarapyny aýdyp bilýän. Saýt půl üçin ýöredilýän bolsa, admin şahsy bähbidi üçin ýöredýän bolsa, bizede okaýandygymyz üçin, awtorlyk hukugy üçin půl talap edilýän bolsa onda erbet tarapyny gözlärdimem, tapardymam. Emma, daşyndan bilşimiz ýaly adminiñ esasy işinden daşary öz bähbidini öñe tutman, çykdajyny, saýtyñ keşgini öz üstüne alyp, gymmatly wagtyny bölüp biz ýaly bigadyr, bimany awtordyr, okyýjylar üçin edýän işini gowy tarapyndan tutman, az-maz düzetmeli ýerini aýtjak bolup çyr-çytyr bolup her dawada şool bir gaýtalanyñy somlap getirmek gelşiksiz hasaplanýanym üçin öz ýazyşyñyz ýaly "saýta arka durdum". eger ýazanym bilen arka durup bolýan bolsam ýene ýazaryn. Emma biziñ bu bolgusyz warsakylarmyzdan admine de, saýtda peýda ýok. Saýtyñ düzetmeli ýeri bar bolsa şunça, azap edip saýtyñ aýaga, galmagyna, saýt bolup ýöremegine azap Siñdiren adamlañ özi sen ýaly, men ýaly daşyndan sereyýänlerden gowy bilýändirler. Belki wagtlary ýokdur, belki başga mümkinçilikleri ýokdur, onsoñ biziñ "düzediş" berjek bolup dyzap durmagymyz artykmaç bolmazmy olara? .. sen öz şol hereketiñe ( awtorlara ýazýan synyña aýdamok, onyñ bolýa) saýta "goldaw" diýip düşünýäñmi?

0
19 mango   [Mowzuga geç]
@Mana_name jogabym.
Hawa, kemçilikleri görýän, onam aýtmagy dogry hasaplaýan.
Her zadyň kemini düzetdigiňçe kämilleşiberer.
Daşyndan ters görünse-de niýetimde erbetlik ýok.
Edil meniň ýazan (14-nji) teswirimde gönüläp “haý berekella” diýmesemem saýt üçin, admin üçin gowy zatlaram agzadym ahyryn, “awtoryň beýleki eserlere linkleri”barada. Gaýrat, üstünlik, jan saglyk diledim.
Şu wagt gördüm: okalmadyk teswirler ýaşylja (*) ýyldyz bilen bellenýän eken.
Bu-da gowy.
—-
Ýazgyňda geň galan ýerlerimem aýdaýjak.
Adminlere aşa arka çykyşyňyz, saýty goraýşyňyz, okamagy maslahat berenleriň sanawyna admini hem goýuşyňyz… ters duýgulary oýarýar.
—-
@Haweran. Pikirlerimizde tapawutlylyk bolsa-da, ylalaşmaýan zatlarym baram bolsa, zähmetiňe berekella. Janyň sag bolsa, dogry hasaplan belliklere-de täzeden seretseňiz, ýuwaş-ýuwaş hasam gowlanar saýt.
Gaýtalaýyn: linkleri berip gowy etdiň, okalmadyk teswirlere ýaşyl ýyldyz.. gowy täzeleniş.
(Öwüp oturmak maňa gelişmeýän ýaly ýalymy? :-) )
Hemmämize jan saglyk, bu günlerde.

2
21 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Ylalaşaýyn-ylalaşmaýyn, ol eýýäm öz meseläm, emma kemçilikleriñ aýdylyp durulmagyny özüm-ä kem göremok. Ýagny, dogrusy-ýalñyşy b.n edilen belliklere jogap bereýin-bermäýin - hemmesi kabulymdyr. Pikirlerimizi tapawutsyzlandyryp deñ getirjek bolup durmak wajyp däl. Ýöne şu ýerde bir pikiriñe nägileligimi bildirmän durup bilemok: elbetde, @Mana_näme agzanyñ özüm baradaky ýazanlaryndan menem ynjalyksyzlanman bilmedim, adminler-ä arka, saýtam goraga mätäç däl, sanawyna-da asla goşmasa gowy bordy. Ýöne her näme-de bolanda bularam oñ öz pikiri ahyry, size nämesiniñ ters pikire iterýänine, nämüçin haýsydyr bir şahsy ýakynlyk gözleýäniñize düşünemok. Saýtyñ agzasy müñe ýeteñkirläberdi, olaryñ arasynda her hilisi bolup biler, biri bizi (has dogrusy SAÝTY WE SAÝT BILEN BAGLANYŞYKLY IŞIMIZI) halamanam biler, halabam biler, hiç hili halap-halamazlyk barada pikiri ýöretmänem biler. Bu tebigy zat. Niýetimizde erbetlik ýok diyyäñ. Ahmal, şeýledir, emma päk göwünli adama-da meñzäp barañzok. Siziñ bu müñkürlige ýugrulan ters netijäñizi okaýan ikimize nätanyş onlarça başga agzalarda ters pikirleriñ oýanmagyna sebäp bolup biljekdigiñizi-de ýatdan çykarmasañyz gowy bolardy.

1
15 Mana_name   [Mowzuga geç]
@mango. Bolşuñyz geñlaý, saýt üçin sagbolsun aýtmakdan geçen, boýuñyz bilen kemçilikli tarapdan seredýäñiz, daşyñdan seretseñ özüñi alyp baryşyñda maksadyñyz okyjylaryñ adminleñ işinden ters netije çykarmagy ýaly görünýär. @Zehin seniñki näme?!  Metbugata berseñ ýüzüne seredilmejek setirleñi uly millete okatma mümkinçiligini alyp otyrkañ. Admine terenäñ näme?! Siz goşgy goýmanyñyzda manysy ýitjek bolup durmy şul saýtyñ. Üç saýt ýöretdim diýipsiñ, onsoñ özüñe basyp gör indi: biri öz zatlaryny goýmak üçin giren biri baraga-da, size her goýan zadyny özüçe goyup, onam sen admin bolup düzetjek bolup wagtyñ y oñ  zatlaryň a, giderip ýörkäñem ol bir düzediş sözüñ üçin saña, hol teywiriñdäki ýaly akyl satjak, öwretjek bolsa, siz näderdiñiz. Aýdaýynmy nätjegiñizi, derrew banlap dynardyñyz şol awtory. @Haweran, senem biderek zada wagt ýitirip düşündirjek bolýañ. Ondan-a, bir terjime eden bolsañ gowy bolardy.
@zehin, ýonekeý okyýjy, synçy höküminde saña maslahatym, entek köp oka, oka, oka, soñ ýazmaga synanyş, her söz üýşmegiñe goşgy diýip düşünme-de Nobatgulyny, Kakamyrady, Has Türkmeni, Seýitmyrady gowy öwren, soñ Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn "taraşlap şaglatgyn köñle geleniñ". Kämilleşeñde şu wagty goşgylañy goşgy diýip hödürläniñe utanjagyñy aýnada gören ýaly bilýän-da.

-1
16 Zehin   [Mowzuga geç]
Siz meniň mertebämi peseldýänizmi? Yuzune seredilmejek diyem bolyanyzmy yerini bilip yaz kim bolsanam diline bat bermede. Adminler bu yaly agzalara name uçin çare gorenizok ya sizin tarapynyzy tutsa sol agzanky dogry hasaplanyamy
Siz uçin seyle bolsada men uçin oz zatlarym ezizdir dil yetirer yaly sizin hakynyz yok oz yerinizi bilin adamy kemsitmände birini dawasyna burnuny sokma

1
17 Mana_name   [Mowzuga geç]
Bahhh, admin eýýam saña çäre görmelidi welinim, zatlañ beýle Eziz bolsa beýdip maýyolygna halka, hödürlemän kemçiligini düzedip hödürleseñ beter Eziz görnerdi. ay bolya, men aytjagymy eýýam aýtdym. Özüñkini dogry hasaplan bolsañ, söz ýok. Admini tanamok (indiki ýazjagyñ jogaby şul.)

-5
20 Zehin   [Mowzuga geç]
Iki sozi sepläp bilmeyänlerem akyl berse gaharyn gelya ilki ozune seret ilden kemçilik tapyançan oz kemçiligini duzet. Herkim herkim basyçyksada yazya çykmasada a harpaa sermendelerem ozuni gorkezen bolya. Dayymy gelnejemi bilemok oza adam sypatdaky adamsyn welin kemçiliklerimi duzetmek uçin siz yaly akyllylaan maslahaty gerekda mana

0
26 Mana_name   [Mowzuga geç]
@zehin. Şu teswirleñ señ aklyñy, başarnygyñ derejesini görkezdi, Şoñ üçinem sen bilen söz deñlejek bolup, sen ýaly "zehine" daş atanma özüme gaharym geldi. meñ Jan ýandyryp düşündirjek bolan sözlemiñ bir sözüni ýazmagyna mynasyp adam däldigiñe göz ýetirdim ýazan teswiriñi okap. Goşgyñ a hijem okamaýan indi. (öñem doly oksmok, iki setiri okasam içindeki ýalñyşlardan doly harplara geñ galyp Şahyr boljak bolsa birinji düzüw gramatikasy bolmagy hokman dälmika diýip okamamy, göz gezdirmämi goý olsun edýän de geçiberýärdim. Inda ol iki setirem okamaýan. Sebäbi ŞAHYR diýip düşünýän lem sen ýaly bolmaly däl

3
18 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Inim, özüñe näme dogry bolsa şony edibersene... öñki ýazan soñky iki teswirimi halys özüme zor salyp, birgiden işiñ arasynda ýazdym. Ýogsa jogap berenime-de degmeýän gürrüñlerdi. Özüm öli ýadaw şumat, zordan öýe ýetdim, siziñ dawañyzy aralara gram mejalym ýok. Elbetde gödek ýazlypdyr, ýöne siz parhlyrak bolaýyñ biraz! Çaga ýaly-la bolşuñ, her bellik eden bilen sanaşjak bolup ýörseñiz derekli zat ýazmaga hiç wagtyñyz bolmaz.

-1
11 mango   [Mowzuga geç]
düzgünleriň gürrüňi gideni üçin garalanan ýerlerine täzeden seredäýmeli.... ýogsam.... könelişen.

... Ýöne teswir ýazmak üçin agza bolmak hökman däl, teswiri adaty myhmanlar hem goýyp bilýär. (hakykatda: goýup bilenok). Saýdyň düzgünine görä ulanjylar belli belli toparlara bölünýärler:

1) MYHMANLAR: –Agza bolmadyk ulanjylar, mowzuk okmaga, teswir ýazmaga we mowzuklara baha bermäge hukuklary bar. (hakykatda: ýazyp bilenoklar)

2) OKYÝJYLAR: –Agza bolan (Registrasyýa geçen) ulanjylar. Okamaga we teswir ýazmaga hukuklary bar we goşmaça öz ýazan teswirlerini pozmaga we üýtgetmäne hukuklary bar. (OKYÝJYLAR mowzuk açyp bilenoklar). (hakykatda: redaktirläp bilenoklar)

3) AWTORLAR: –Bular hem agza bolan (Registrasyýa geçen) ulanjylar. Ýokarda agzalan mümkinçilikden başga mowzuk açmaga hukuklary bar. Agzalary awtorlyga administarsyýaň özi geçirýär. Eger siz şahsy döredijilik bilen meşgullanýan bolsaňyz, saýtymyzda agza bolup Pikirlerde öziňiz barada bellik goýyň. Onsoz biz sizi AWTORLAŇ hataryna geçireris.

yzy näme?
ýazmaly lakam ulanmak bolanok ýaly zatlaram...
ýa-da 2-3 at biln girmek dogry däl ýaly ýatlamalary....

2
12 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
@"Zehin", artykmaç suratlar (suratlar ü.n saýtyñ öz talap edýän ölçegi bar, ölçeginden uly suratlar saýtyñ grafikasyny üýtgedýär), bezegler saýtyñ pamýadyny doldurýar we agyr açylmagyna sebäp bolýar. Maksadyñ goşgy paylaşmak bolsa, paylaş. Saña adminligimiñ ya başga biriligimiñ parhy bolman biler, emma maña parhy bar, eser paylaşjak bolsañ ornuñ törde, dizayn bezegleriñi welin başgarak saytlarda edäy.)
@mango, düzgünnama saýt ilki açylan batlaryna goýlan, ondan bäri saýtyñ içine kän düzedişler-üýtgeşmeler girizildi. Düzgünnama täzelenmeli we men muny ýörite tehnige haýyş edip, pul töläp (oñam öz iş aladasy ýetik, eliniñ degen wagty edip bilýär) etdirýän (@zehin, bu saýtda öz blogymy özüm bezemäge hakym bar diyyäniñem şoñ içinde, hazirlikçe uytgetmeli zady uytgedip, goşmaly zady goşmaga wagtym yok), köne tekstini özüm täzelemeli, oña-da wagtym az, şonluk bilenem galyp şu güne geldi. Öñem bir gezek şu düzgünnamany görkezipdiñiz bir teswirde.
Hemmäñize düşnükli bolandyr diyip pikir edýärin.

-1
13 Zehin   [Mowzuga geç]
Siz meni bagyslaň men saýtda we ulanyjylarda artykmaç mesele we kynçylyk döretme niýetim yokdy. Başda şulary yaly dusundirip aydan bolsanyz bulary yaly gepi uzaga ýekeläp oturmardyk
Haweran agza ayyplasmaworin sayt meselelerine menem gowy dusunyan çunki bir wagtlar menin hem oz hususu 3 sany saydym bolupdy tmcell maglumat merkezleri diyip we tanyslyk saytlardy

0
14 mango   [Mowzuga geç]
hawa, öňem bir gezek ýatladypdym...
ýöne jogap bermediň...
(ýagdaýy gowa ýorup, belki wagtyň azlygyndan -diýip hasaplaýyn).
biziňki görkezmek, seniňki netije çykarmak.
soňky üýtgeden zatlaryňdan "awtoryň beýleki eserleri" -ne goýýanjaa 10 sany linkiň.
ine, bu gowy.
(gowa-da gowy diýmeli).
----
teksti düzetmäge kän wagt gerek däldirle.
soňa goýsaňam üstüne gar ýagar.
her kime gaýrat.
we üstünlik.
esasam jan saglyk.
5 gün ömürde.

2
7 mango   [Mowzuga geç]
Gurbanmämmet daýy. bu goşgyňyz edil "sen gerek" diýen goşgyňyz ilen meňzeş eken, bir jemlemesi başgarak diýmeseň...

şu ýerde:
http://kitapcy.com/news/sen_gerek/2021-08-22-17072

ýöne ýazanlaryň arasynda halanlarymyň biri.
ýüregime siňýänje setirler bar.
----
ýöne ikisinden birini özüň saýlap paýlaşmaly ekeniň.
üstünlik.

-1
10 Zehin   [Mowzuga geç]
Hawa dost bu täzeden islenen

1
3 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Goşgy barada aýdanda, kemçiliklerden halas däl. Bir zatlar ýylpyldajak ýalam edýär, emma barybir ýylylyk berip bilenok. Häzirlikçe ownuk kemçilikleriñ birküç sanysyna ünsüñi çekeýin:

"Asman barda,
neçüýn onna ýyldyz ýok..."

Asman "barda-kafede" däl, dogrusy bar-da bolmaly, "onna" däl, "onda" bolmaly. "Neçüýn" diýende-de "ý" harpyny düşürseñ gowy boljak. "Kapasa-da" däl, "Kapasada" bolmaly.
Adatça diwana, telbe (kähalatlarda düñle sözü-de) sözleri şahyrana bentlerde köp ulanylýar. Emma däli sözi añsat ulanylanok. Däli sözi köp ýerde ýokuş görülýändir, köplenç birini kemsitmek ü.n aýdylýandyr üns berseñ. "Men däli men...", "däli boldum" diýip bolmaz-bolmaz aýdyma gygyryp ýörenler az dälem bolsa, bular ýaly agras manyly goşgularda şahyryñ özüne "däli" diýmegi, asla-ha däli sözüni ulanmagy dogry däl.
Şeýle-de, "men", "meñ" sözlerini gereginden artygrak ulanýañ. Goşgy ýazañda menlik duýgusyndan mümkingadar daşlaşjak bol.
Goşgynyñ pikiri ýarpy galypdyr, jemlenilmedik. Owadan iki setir bilen jemlese bolardy.
Meñ pikrimçe ýap hem jaýryk atmaýar, suwy kesilip, takyrap galmagy mümkin.

0
4 Zehin   [Mowzuga geç]
Berekella siz gaty akylly ekeniňiz ! Uly açyş etdiňiz! Sagboluň peýdaly hem gymmatly maslahatlaryňyz üçin..

2
5 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Bärde akyllysyrajak ýa açyş etjek bolýan ýok. Şygyrdan, sözden añlaýan her kesiñem edip biläýjek belliklerini edip, hemmelerden ötri gelejekde özüñize peýdaly boljak zatlary (ikinji teswirimde) aýtdym. Belliklere dogry düşünip kabul etmekde kynçylyk çekýän bolsañyz, bu eýýäm siziñ öz kemçiligiñizi, edebi menzilde ýetmeli sepgide ýetmändigiñizi görkezýär.
Üns berýän bolsañyz, saýtda edebiýat hasap edip boljak kämil eserler - edebiýat dünýäsinde özlerini belli bir derejede ykrar etdirip bilen öten-geçen ýa-da häzirki zaman uly-kiçi... awtorlaryñ eserleri, makalalary paýlaşylýandyr. Döredijiligiñ bir gyrasyndan jyklamakçy bolýan siz deñ-duş ýigdekçe oglan-gyzlara-da ýazýan zatlarynyñ paýlaşylmagyna mümkinçilik döredenligimiziñ sebäbi, ululardan peýdaly maslahatlary, okyjylar bilen gyzgynlygyna paýlaşyp, gerekli ýerinde bellikleri alyp, gelejekde özlerini kämilleşdirmek, wirtual edebi sferada giñ okyjylar gatlagyny edinsinler, özlerinden ululary diñlesinler, okamadyk başga eserlerini okasynlar... diýen maksat bilen kimdiklerine garamazdan, soramazdan awtorlyk kategoriýasyna goşmagy sorasalar saýtyñ ýönekeýje düzgünlerine eýermek şerti bilen goşýarys.
Admin hökmünde maña bildiren nägileligiñi kabul edýärin. Ýöne okyjylara, bellik eden beýleki agzalara şeýle jogap bermegi dowam etdirseñiz, awtorlyk kategoriýasyndan düşüriljekdigiñizi ýatladýarys.
Jogaby bellik edeniñ akyl-huşunyñ, açyş etme ukybynyñ, başga şahsy aýratynlyklarynyñ üstünden däl-de, goşga edilen bellikleriñ, goşguda ýöredilen pikirleriñ üstünden beren bolsañyz, özüñiz üçinem, pikirini aýtmak isleýän beýleki okyjylar üçinem peýdaly bolardy.

-3
6 Zehin   [Mowzuga geç]
Hormatly Haweran agzamy adminmi, parhy ýok ýòñe siz meniň tekstleri bezäp ýazýan zatlarym bilen asla näme işiňiz bardu buda düzgünnamada görkezilenmi ýada ulanmak gadagan diylip. Belki siz mana sizin gosgularynyz kemçiliklerden ybarat siz gowysy gosgy yazmagyny beset diyägede hakynyz bardyr?! Men size belliginiz uçin oz minnetdarlygymy bildirdim...

-3
8 Zehin   [Mowzuga geç]
Elbetde yen bir zat aydaysym gelya seredin men bärde Turkmenistanyn kanunlaryna garsy gelyan maglumatlary we syyasata garsy zatlary maskaralayjy mowzuklary kemsidiji payys sozleri ulanamok. Elbetde oz basardygymdan oz yhlasym zehinim bilen çykyan gosgularymy hodurleyan we kämillesmek uçin sizin pikirlerinizi toplap oz durmusumda ulanyan. Siz meni awtorluk hukugundan dine yokarda agzalan sertlerde ayyryp bilersiniz.

1
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
Gurbanmämmet, agzalaryñ zol eline-aýagyna kakyp durmagy uslybam bilemok welin, bloglaryñy beýleki awtorlañ açyşy ýaly talaba laýyk açyber, beýleki bloglardan üýtgeşik etjek bolmagyñ geregi ýok. (Goşgyny garaltmak, heklemek, kursiwlemek, tekstiniñ gapdalyndan suratly görnüşini goýmak... bezänok, manyly-mañyzly sözi bezeýär.)

-1
2 Zehin   [Mowzuga geç]
Talaba laýyk dämi?
Näme saýt tarapyndan berilen şertlerden peýdalanmaga hakymyz ýokmy?!
Beýle pikirleri meň liçkama ýazaýmaly ekeniňiz sizem!

-2
9 Zehin   [Mowzuga geç]
Özara gepleri bärde dalde menin sahsy liçkamda yazmagynyzy hayys edipdim

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]