14:58
Magtymguly
MAGTYMGULY

Fragment

Aýdylmadyk syrym galdy jigerde,
Aýdylmadyk şygrym galdy jigerde.
Sokur boldy didäm--ýaşyndan jyda,
Hijran boldy bijäm--ýaşyndan jyda,
Zybanym şel açdy--diýsem ysmady,
Dergähiñde günäm näme, eý Huda
Berer ýaly maña beýle kysmaty?!
Kapasda pelesañ urýan wagşy dek
Örtendi ýüregim panyñ ejrinden,
Bu jahanda serden jyda sergezdan,
Agtardym--tapmadym dünýä aýlanyp:
Iki gerçek gardaşymdan aýryldym,
Iki gözüñ garasyndan aýryldym,
Wysal ýok, pelegi aldy aýralyk.
Är tapmadyn baryp gulluk ederge,
Ýol tapmadym başym alyp giderge,
Bagrym başa berip, kalbym dildirdim,
Bagtym bada berip, duşman güldürdim,
Didäm ýaşa berip, urundym her ýan
Hem agladym,
Hem özümi diñdirdim.
Hakyñ hatyryna gorkmadym hakdan,
Ajal möhür basaýmasa dahana.
Ýok!
Matlaply ýaşap bolmajak eken,
Aslynda bimatlap gurlan jahanda.
Dünýä gezdim ömrüm berip pidaýa
Gamym iýip, bagrym ýaşyn içdim men
Men Hudaýa elin seren gedaýa
Iñ soñky teññämi berip geçdim men.
Mem jahanda agtarmadym dünýäni,
Men jahanda agtarmadym altyny.
Men zeminiñ soñsuz ýollaryn söküp,
Agtardym öz dargap giden halkymy.
Ýandym,
Ýakyp bilmän dünýäniñ tümün,
Ýandym,
Ýyldyp bilmän dünýäñ ýüregin
Gygyrdym,
Bolmady sesimi eşden,
Oýanyñ,
Oýanyñ ykbaly keçlem!!!
Türkmenim!
Seniñ bedewiñ bar göwne ýeterge.
Seniñ dutaryñ bar baýram ederge,
Ah, kimdigñe gözüñ ýeterdi seniñ,
Özüñe bir ser salsadyñ eger-de!
Başyñyzda paýhasyñyz jem bolsun,
Kuwwatyñyz jem bolsun bir göwrede.
"Bir suprada eda bolup aşyñyz"
Binýat guruñ mizemez bir döwlete...

Nobatguly REJEBOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 152 | Добавил: Ahmet | Теги: Nobatguly Rejebow | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Gutlaglar / Goşgular - 19.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022
Ýüregimiň zary / Goşgular - 23.01.2022
Aglasym gelerdi bir gün... / Goşgular - 12.01.2022
Manuskript / Goşgular - 16.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022
"Ejem, ýene seň mähriňi küýsedim..." / Goşgular - 14.01.2022
Dünýäde şeýleräk adamlaram kän / Goşgular - 12.01.2022



Всего комментариев: 8
0
5 Bagabat   [Материал]
Nobatguly aga (Nobatguly Rejepow), 2020-nji ýylyň 7-nji maýynda aradan çykdy.
Imany hemra bolsun, bendäň! Ýatan ýeri ýagty bolsun!

0
6 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Ruhy śad bolsun! Biz uzakda bihabar galÿas, Men onuń eserlerini doly okasym gelÿär, tapyp bolsa!?

0
7 Bagabat   [Материал]
Şu saýtyň ýokary başyndaky komanda setirinde goýlan "Awtorlar" diýen bölüme girip, şol ýerde "Nobatguly Rejebow" diýen at-familiýaň üstüne bassaňyz, Nobatguly agaň şu saýtdaky hemme eserleri çykar.
Ýa-da şu goşgyň tegindäki awtoryň ady bolan, sary reňkli "Nobatguly Rejebow" diýen ýazgyň üstüne bassaňyzam Nobatguly agaň şu saýtdaky eserleri çykar.
Ondan başga-da kitaphana.net saýtynda, şu salgyda: https://kitaphana.net/book/2482/read we beýleki salgyda Nobatguly agaň jemi 18 kitaby bar. Olaryň hemmesinem ýükläp (indirip, download) edip alyp bolýar.

0
8 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Ÿašyñ uzak bolsun Bagabat! Beren salgylaryñyzyñ baryny yzarlaryn. Tañry ÿalkasyn!

0
4 ibrahimbadakhshan   [Материал]
Öń goÿulanmy, goÿulmadykmy! Gaÿtalap-gaÿtalap goÿanyña degÿän gośgy Mango dost! Ajaÿyp śygyr: duÿgynyñ, endiśäniń, çeper diliń, … garaz Hakykatyń, hakyky śygyryñ birigen ÿeri! Halypań ÿaśy uzak bolsun, möńüräÿmeli edipdir okyjylary!?

0
2 Ahmet   [Материал]
Öñ duşmandyryn. Aýyplaşmañ.

0
3 mango   [Материал]
Aýby ýok. Bolup bilýän zat.

0
1 mango   [Материал]
Bu goşgy öň goýulan eken.
(özem özüm goýan ekenim:-). Huşum gursun).
Şo sebäpden teswirimi öňki açylan bölüme geçirdim.
http://kitapcy.com/news/sahyryn_monology/2021-09-20-17445
Ikinji gezek açylany üçin muny aýyrmaly öýdýän.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]