00:48
Magtymgula
MAGTYMGULA

Gezdiñ öz ülkäñi, Hindi, Eýrany,
Dikdiñ nazaryñy alys illere.
Gezdiñ Yrak, Türküstany, Mugany,
Adalat gözlediñ - tapmadyñ zerre.

Ötüripsiñ aý-ýyllary oýlanyp,
Gelmändir garaşan ajap eýýamyñ...
Şol eýýamda, ine, myhman geldim men,
Eý, beýik akyldar, ses ber, sen barmyñ?

Gezdim daglaryñy, çemen, çölüñi,
Güllere gark bolýar juwan Aşgabat.
Haýran etdi derýa, kanallar meni,
Ine, şudur, ajap eýýam, eý, ussat!

Arzuw etdiñ öz iliñe azatlyk -
Şonuñ üçin barýan her dem beýgelip.
Her günde paýlaýar gelene şatlyk
Prospekt ugrundaky heýkeliñ...

Salam saña Azerbaýjan ilinden -
Biziñ her öýmüzde eziz myhman sen,
Şygyrlaryñ gezýär dogan dilinde,
Dünýe gezen iñ bir beýik dessan sen!

Hasan ILSÖÝER,
(Azerbaýjan).





Категория: Goşgular | Просмотров: 38 | Добавил: Haweran | Теги: Hasan Ilsöýer | Рейтинг: 2.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Humarala" / Goşgular - 08.02.2021
Derýam / Goşgular - 02.06.2021
Topragym / Goşgular - 12.02.2021
Ýaş ölümiň ünjüsi / Goşgular - 23.05.2021
Goşgular / Goşgular - 06.04.2021
Ýör, dogan / Goşgular - 20.02.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
Diýýärler / Goşgular - 30.05.2021
Ýalñyşlyk hakynda / Goşgular - 08.02.2021
Rubagylar / Goşgular - 21.02.2021



Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Материал]
"Dikdiñ nazaryñy alys illere"

Näme üçin alys illere?! Öz ilinden göwni geçip, ýat illere göç etsem diýdimikä?!

"Adalat gözlediñ - tapmadyñ zerre"

Magtymguly Pyragy adalatyň tarapdary bolsada, öz ilini terk edip, özge ilden adalat gözlän adam däldir.

"Ötüripsiñ aý-ýyllary oýlanyp,
Gelmändir garaşan ajap eýýamyñ...
Şol eýýamda, ine, myhman geldim men,
Eý, beýik akyldar, ses ber, sen barmyñ?"

Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ajap eýýamy, türkmen tire - taýpalarynyň bir göwre bir baş, öz içlerindäki tire - taýpa oňşuksyzlyklarynyň, söweşleriniň, agzalalyklarynyň, birek - birege ýetirýän zulumlarynyň ýatyrlyp, bir adyl hanyň, serdaryň, gol astyna ýygnanyp, iýenleri aýry gitmeýän, bitewi bir ýurt, maşgala we ahlak taýdan arassa, halal, ejiziň arkasynda durýan mert, merdana halk bolmagyny arzuw edendir.

"Arzuw etdiñ öz iliñe azatlyk "

Magtymguly zamanynda ene toprak bolan türkmen topragy saýry ýurtlara bakna bolanam bolsa, şol toprakda ýaşaýan sähraýy türkmen özüni erkin, azat hasap edendir. Azatlygy arzuw etmek üçin gul ýada tussag bolmalydyr.

" Her günde paýlaýar gelene şatlyk
Prospekt ugrundaky heýkeliñ... "

Yslam dininiň görnükli wekili bolan alym, weli, aryf, sopy, Magtymguly Pyragynyň ölmez - ýitmez arzuwy, bu, şu günki gün heýkeliniň prospektiň ugrunda durup, gelene şatlyk paýlamagymy?!

"​Musulmanlaryň enesi Äşe (r.a.) şeýle diýipdir: «Bir gezek musulmanlaryň eneleri Ümmi Habyba bilen Ümmi Seleme (r.a.)1 özleriniň Hebişistanda gören we içine suratlar çekilen kiliseleri2 barada gürrüň edip, soňra bu barada Allahyň Resulyna (s.a.w.) hem habar berdiler. Allahyň Resuly (s.a.w.) şonda: «Olar öz aralarynda ýaşap ýören bir gowy adam ýogalanda3, onuň gabrynyň üstüne bir metjit galdyryp, onuň içine şonuň suratlaryny çekerdiler. Ine olar4 kyýamat güni mahluklaryň iň erbetleridir» diýdi»."
Sahyhy Buhary

Hasan Ilsöýeriň öz Magtymgulysy bilen tanyşdyrany üçin sag bolsun aýtýan. Öňem şular ýaly ýazyjy - şahyrlara degişli Magtymgulylaryň müňlerçesi bar, ýenede, müňlerçesi bolar. Bu müňlerçele Magtymgulylaryň içinden haýsy Magtymgulynyň hakyky Magtymgulydygynam diňe Alla biler.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]