00:18
Maglumat
MAGLUMAT

Arzuwyna ýeten ony täzelär,
Arzuw süýji, ondan doýar öýütme.
Näme berseñ, näçe berseñ azdyr ol,
"Besdir, indi boldy" diýer öýütme.

Adam bar - adam bar, elbetde, görýän,
Gördükçe-de oña galýaryn haýran.
Ene süýdi bilen süññüne ornan,
Köneje gylygyn goýar öýütme.

Entek döwran sürýärkä bu dünýäde,
O dünýäni salar diýmegin ýa-da.
Hol çetdäki ala gözli pyýada
Haram tapsa, halal iýer öýütme.

Aýdylan nakyllar oña ýokmandyr,
Seret ahyr, bu nähili ahwaldyr:
"Uýma" diýseñ, uýaýmagy ahmaldyr,
"Uýaý şoña" diýseñ uýar öýütme.

Özi üçin perwanadyr, perwana,
Berseñ alar,
Milti ýokdur bermäge.
Bähbidi bolmasa, her bir barýana,
Saçak ýazar, towuk soýar öýütme.

Oka gelmez, ökdeländir öwrüme,
Gargyşym ýok, bolsun işi ugruna,
Allañ özi dürtäýmese böwrüne,
Öz kemini özi duýar öýütme.

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.

"Watan" gazeti, 1995 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 35 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 4.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Howlymyzda / Goşgular - 16.03.2021
Ilkinji tebil / Goşgular - 24.03.2021
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." / Goşgular - 05.02.2021
Sen hakynda / Goşgular - 16.03.2021
"Men bir gezek azaşypdym daglarda..." / Goşgular - 07.02.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Ырка / Goşgular - 06.03.2021
Goşgular / Goşgular - 09.01.2021
Salam / Goşgular - 22.02.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]