18:04
Lukmanlar!

LUKMANLAR!

Kyndygyny bilýänsiňiz gitmegiň,
Ah, soňky dem, entek-entek gitmegin!
Bir ynsanam eliňizden gitmesin,
Ynanýarys Size, eziz lukmanlar!

Durmuş ýowuz, öňde goýmasa-da şert,
Bu käri saýlaňsoň, bolmalysyň mert!
Sessiz aglap, çekýänsiňiz ahmyr, dert,
Ynanýarys Size, eziz lukmanlar!

Hakdan gelen bolsa, ýokdur-la çäre,
Ediň elde baryn, maňlaýy şora!
Ýalňyz ene aglap otyr, biçäre!...
Ynanýarys Size, eziz lukmanlar!

Size bagly zat kän, Hudaý-a däl, siz!
Beýle agyr günde ejiz gelýär söz,
Umyt bilen bakýar size ençe göz,
Ynanýarys Size, eziz lukmanlar!

Категория: Goşgular | Просмотров: 43 | Добавил: edebiyatteswiri | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]