23:40
Leýlisaç
LEÝLISAÇ

Bu ümsüm gijeler tümli gijeler,
Gökde gözün gyrpýar, ýyldyzlar üyşüp,
Aşyklara hemaýatkärdir olar,
Saýrak guşlar bagtly boluň diýşip,

Owsun atýan köller ýuwaş tolkunyp,
Aýyň keşbin ýatyr üstüne gatyp,
Ýel öwsende, leýlisaçlar gorkuzyp,
Dymyp otyr olar niçe syr basyp.

Aşyklary bir-birine duşurup,
Juwan aşyklary goýnunda gizläp,
Bu daragtyň ömri söýgä beslenen,
Ajy-süýjin başdan geçiren ýüzläp.

Gollaryndan tutup söyen ýarynyň,
Söýýänin aýdandyr dyzyna çöküp,
Bu ýerden hoşlaşyp gaýdanda bakyp,
Yzyndan galandyr göz ýaşyn döküp.

Synlap menem bu gün pikire batýan,
Owsun atýan leýlisaçlara garap,
Ýyldyzly asmany bulut gaplady,
Zaryn ýeller gelýär ýüzüňi yalap.

Bu öwüsýän ýeller dumanly asman,
Geçeni aňyma salypdy mejbur,
Daragtyň goýnunda bir wagt menem
Bir biwepa bilen bolupdym mejnun.

Gurbanmämmet MEREDOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 91 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Tebigatyñ gyzy / Goşgular - 08.03.2021
Söýgi söhbeti / Goşgular - 19.03.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Nädemde näme? / Goşgular - 14.02.2021
"Nohur" diýmek, "dostum" diýmek mongolça..." / Goşgular - 03.02.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Şeýle gerek?! / Goşgular - 01.03.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Dostsyz başym - duzsuz aşym / Goşgular - 05.04.2021



Всего комментариев: 5
0
5 mango   [Материал]
Owsun atýan köller ýuwaş tolkunyp,
---
Owsun atýan leýlisaçlara garap,

0
4 sabyrly   [Материал]
"Tüm gara gijede, ümsüm gijede,
Göz gyrpyşyp, üýşmek-üýşmek ýyldyzlar,
Aşyklara arka, ýaran bolupdyr,.."
diýipräk üýtgetseň,bolmazmy?

"Tümli", "hemaýatkär", "Syr basyp","Keşbin üstüne gatyp","ajy-süýjin" ýaly sözleri hem üýtgedäýseň?!

Üstünlik!

0
3 Aksary   [Материал]
myhman bolup ýörme-de, goşuñ düwde gel, reklamalaram aýrylýar şonda.

0
2 Aksary   [Материал]
göz gowşak aýyplaşma uýam, soñky kuplede täzden göz gezdirdim

Ine
Bu öwüsýän ýeller DUMANLY asman,

Başda ýyldyzlydy diýesim gelip dur.

0
1 Aksary   [Материал]
Gurbanmämmet 1-nji topbakdaky ümsümdir tümli gijede saýrak guşlar nämetýä, goý olar ýatsynlar. 2-nji topbakdaky KÖLLER dälde KÖL HEM bolsa näder, sebäbi görüş çagimize bir köl sygar... 4-nji topbak geregem däl,
Umuman gowy meñ üçin,
Jemlemes-ä hasam gowy bolupdyr, ömrüñ bolsun.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]