03:33
Läleleriň äheňinde
LÄLELERIŇ ÄHEŇINDE

Gara saçlam Ýere süýräp,
Depeden inesim gelýär.
Ak telpekli gyrmyz donlyň
Gözlerne ilesim gelýär.

Ýazda oty dyza ýetýän
Sähramda gelýär süýnesim.
Çägesine gömülmekden
Bolmawereýin binesip.

Bir menzile ysy ýaýran,
Reýhanyna gurban olam.
Hiňlenenim “Tüniderýa”,
Bar derdime derman bolar.

Dähedemläp ak çöllerde,
Göklerde ýaýnap uçaýyn.
Gyrmyz donlyň gözlerine
Ilmesem ilmän geçeýin.

Suraý BABANYÝAZOWA.





Категория: Goşgular | Просмотров: 78 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Gurjakbaşy / Goşgular - 23.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Ugurtapyjy towşan / Goşgular - 04.01.2022
Рикша / Goşgular - 11.01.2022
Gahrymanyň gelni / Goşgular - 14.01.2022
"Çalsana gitary ýa-da al bäri..." / Goşgular - 12.01.2022
Дюны Дюнкерка / Goşgular - 11.01.2022
Марьонетки / Goşgular - 20.01.2022
Seň Adyň / Goşgular - 21.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Mähriban   [Материал]
Sag boluň, Mango!

0
1 mango   [Материал]
Ak çöllerde süýşenekläp
Şüýşeneklemäňi halaman otyn, Suraý hanym….
Süýşeneklemek - kiçi çagalara, garrylara ýa-da hassalara mahsus dälmi?
Emma welinim, gyrmyz donly, ak telpekli ýerleri goşgyň bally-kişmişli ýerleri.
Arzuwyňa ýet :-)

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]