13:44
Lal senetkär / goşgular
LАL SЕNETKÄR

Röwşеn аga gürlеmedi, аsyl-ha,
Gürlеý, diýsе, dоgabitdi lаldy оl.
Judа kän bilеrdi durmuş hаkynda,
Dünýäň tаbyn bаsym elе аldy оl.

Bir еlinde tеşe, bir еlde çеkiç,
Gör, nämеler ýasаdy оl tallаrdan.
Görmеdi hiç kişiň näzini çеkip,
Hаraý gözlеse-de еnçe ýyllаrdan.

Röwşеn аgaň ýаsan kаşyk-çеmçesi,
Gör, kimlеriň еllerinde оýnady.
Ýоldan gеçdi uz gözеlleň еnçesi,
Аk dеrege dеňäp uzуn bоýlaryn.

Röwşеn аga ýаdamady, işlеdi,
Teşеsine siňdirdi bаr mährini.
Аk dаrek dеý gуzdan dоldy düýşlеri,
Aýtmаdy hiç kişä pеýman-ähtini.

Ýasаdy tаllardan şеýle bir tabаk,
Sуn ediр оturdy nеpis nаgşyna.
Içini sоwatdy оl ýаlňyz аglap,
Kätеler diň sаldy ýаgşyň ýаgşyna.

Gijе-gündiz işlеdi оl ýаdaman,
Yşkуny gеçirdi еnçe elеkden.
Аlkyş аýtdy Röwşеn аgaň аdyna,
Elеkde un еlän еnçe mеlekler.

Agаç ussа еnçe bаkyp аkara,
Hаraý istäр, jаnyna jаý taрmady.
Umуtly gаraşdy еnçe bаhara,
Ýаlňyz gеzdi уnsanýetiň tаkwasy...

Аý-ýyllаr aýlаndy, ömür öwrüldi,
Ýуllar gеçip,.. alyр gitdi ussаny.
Zamаnanyň bir ajаýyp döwründе,
Bаg кkildi. Tutdу mеnzil-mеssany.

Кän ýаtlama gаldy ussа hаkynda,
Mirаs gоýup gitdi еnçe еlegin.
Şolаň biri «gürläр» bilmän «sаkynýar»,
Gоllarynda bir owаdan mеlegiň...

• РEÝMANYM, GOLDA MENI!

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly
Pyragynyň äheňinde


Kä joşly ýürek çat açyp, kalbym için lerzan bildim,
Kim ýakdy yşkyň ataşyn? Ýar bakyşyn arman bildim,
Kä ýowuz derde sataşyp, aýralygy perman bildim,
Ýar wadasyn ýat-dellere buşlanlarym, golda meni!

Dag deýin ömrüm uşadyp, galdym ownuk daşlar bile,
Haçan goýnumy boşadyp, höwrükdim gözýaşlar bile,
Gör, göwnüm nirä göç edip, ýoldaş boldy ýatlar bile,
Kän uçrap mehru-allara, puşmanlarym, golda meni!

Sulbamy kän süýräp gezdim, başymda köne papagym,
Göterdim, gör, kimsäň derdin, haýsy menzilden tapanym,
Haýsy ýoldan niräk geldim?! Siller, jismimi aparyň!—
Ellerim sermiş sallara, hüşgärligim, golda meni!

Ýyldyryma aşyk boldum, bulutly Gün çakyp gitdi,
Dünýe bilen ýaşyt boldum, ganat-perin kakyp gitdi,
Diýdim: — Oýan, Döwlet Garkyn! Kim ol, pynhan bakyp gitdi?!—
Göwnümi haýsy güllere hoşlanlarym, golda meni!

Söýüp Arşyň jemalyny, kän yzlaýyp ýetebilmen,
Tapsam gaşy-kemanymy, munda özüm ýeke bilmen,
Egissem derdi-halymy, hol, öňümde ýeke gümmez,
Derwüşem, uzak illere uçranlarym, golda meni!

Gezsem uçmah küýseginde, başym çykmaz, gowgasy kän,
Dünýäň bady-öwserinde ýanar yşkyň jöwzasy kän,
Hak didary her köňülde, ýüz werziş, müň perýady kän,
Çykyp Kerbala — çöllere, düşlänlerim, golda meni!

Öz göwnüm kän ýykyp gezdim, kimlere başym sadaga,
Kaýda kalbym bukup gezdim, syrlarym äşgär Watana,
Perwerdigär medet bersin, gelmişem dünýä sapara,
Yşk goýmaga bir dilbere, gyş-ýazlarym, golda meni!

Neçün ellerim kürekli? Dünýä — Nuhuň gämisimi?
Ýaşadym batyr-ýürekli, söýläp Arşyň kamatyny,
Kim yşkyň odun köretdi? «Yşk — Allanyň halatymy?» —
Baş goýmuşam her tümmege, yhsanlarym, golda meni!

Ýollara çykyp sabada, kä azan, kä gazal çekdim,
Ol haýsy guş al howada? Pikre batdym, ýetmeý aklym,
Gezmişem Arşy dogada, jismimi Zeminde tapdym,
Müň gubar baglap gözlere, ýaşlanlarym, golda meni!

Gör, Keminäň hikmetinde: «Çölüstanda baýlar-begler»,
Gör, kimsäniň kysmatynda aýralykda gezmiş egbar,
Daşlaş dünýäň gussasyndan! Gözden akan ýaşa degmez.
Argyş kylyp menzillere, düşlänlerim, golda meni!

Doýmadym ýar didaryndan, kä aldandym, kä ymsyndym,
Ýol tapman yşk meýdanyndan, çykdym, gör, kimleň ünsünden,
Yş tapyp dünýäň roýundan, söýdüm bir ýary ümsümden,
Jyklap, gör, haýsy dilbere, yşlanlarym, golda meni!

Neçün käte karar tapman, ýakyn içre ýadyrgadym,
Müň jogap. Bir sowal tapman, gör, kaýda aklym durladym,
Jismim ýolda, başda tahýam! Entek gaçmanka gurbatym,
Ýetir ýagşy wysallara, goýma, köňlüm, ýolda meni!
Gezmişem Haka ýalbara, Asman-Zemin, golda meni!

• AK KEPDERI

Kepder diýmäňler ony,
Laçyn bilmäňler meni,
Synamak üçin seni,
Gelmişdik siziň sary!
Magtymguly Pyragy.


Gökde gözüm düşdi akja kepderä,
Durmuş hakda, söýgi hakda oýlandym.
Honha, biri geçip gitdi geplemän,
Jahylmy ol? Nädip yşkdan aýňalsyn?!

Gökde gözüm düşdi bagtyň guşuna,
Oňa ýetsem-ýetsem diýip ymsyndym.
Ýazlar elin serdi ap-ak gyşyna,
Herne, dünýäň düşmändirin ünsünden.

Gökde ak kepderi ganatyn kakdy,
Dünýäň içi rahatlandy birsalym.
Bu kimiň paýhasy, gör, kimsäň akly?!—
Kepderi deý gürsüldedi gursagym.

Ak kepderi perwaz urdy asmanda,
Baglar täsin owaz etdi pyşyrdap.
Ak kepderi, göýä, ap-ak yhramda,
Öwrüm etdi Güneş ýaşar-ýaşarda.

Ümsüm boldy dünýäň gohy-jenjeli,
Adamzada ak bagt ýylgyryp bakdy.
Dynçlyk diläp ençe eýýam, ençe ýyl,
Gökde ak kepderi ganatyn kakdy...

• AZAŞAN ÝELLER

Sen gidip barýarsyň sessiz-selemsiz,
Jübüt ykbalyňy galdyryp tenha.
Aýralyga pelek keýpi zereňdir—
Syrlarym paş eýläp galmyşam pynhan.

Gidip barýaň ak salgyma öwrülip,
Husnuň gizläp ak guwlaryň perinde.
Bir ýalňyz guş agtaryp ýör höwrüni,
Gijara Gün ýaşar-ýaşar ýerinde...

Gidip barýaň sähra ýaly saralyp,
Azaşan ýelleriň diňläp zaryny.
Barýaň gözýetim deý barha daralyp,
Yzda goýup söýgi,
posa...
baryny...
Sen gidip barýarsyň nämälim ugra,
Şuglazar jemalyň dumanda gizläp.
Sen gidip barýarsyň.
Bilemok niräk—
Yza dolanjagyň gümanda gizläp.

Gidip barýaň...
Ýene ýazlar gül-gunça,
Ýene söýgi bossanlary al-elwan...
Bilmen neçün,
näçe daşlaşdygyňça,
Şonça maňa sary golaýlap gelýäň...

• YŞKYŇ DIDARY

(söýgi bossany)

Ösýär gulagmyň çetinden
Yşk ýeliniň şuwwuldysy.
Pelek aldy al-petimden
Hem ykbalyň uwwuldysy.

Serim dönmüşden saňsara,
Dillerim lal, güň!
Eý, aman!
Yşky peýkere aňkara,
Dertlerim çoh, çuň!

Eý, aman!
Yşkdan goranyp bilmedim,
Üstüm örtüp, başym büräp.
Gördüm ýollaryň hylwatyn—
Ýakdy ataşynda pyrak.

* * *

Käte del köçede aýlanyp,
Käte güller açdy ömrüm.
Dünýe, gör, kime aýralyk —
Maňa ýyllar bagtly öwrüm.

Wysallam kä Arşa çykdy,
Käte çykardy püçege.
Käte dünýe — ak eşikli,
Käte ýalazy köçeler.

Saýgyla, takdyr! Saýgyla!
Çykar myžžygym, törpümi!
Elleriň uzat saýyla,
Üýtget pyglymy-hörpümi!

* * *

Goluňdan ber aby-köwser,
Gana-gana içeýin, ýar!
Yşkdan başym bolsun sermest,
Ganat açyp uçaýyn ýa!

Sowuk pynhana ýykylyp,
Ördüm ýyly hüýr düşekden.
Gezdim gerdana bukulyp,
Kalba ýanar ot düşüpdir.

Göwräm bu gün ot içinde,
Ýanyp gutaryp baradyr!
Janym durnalaň göçünde—
Özi — ak, geými garadyr...

* * *

Bimaram!
Kakýar heşelle
Yşkdan heserlän älem.
Diýýärin: — Dünýe, heserle!
Öz yşkyňa ýokdur çäräň!

Düňňürde, dünýä, düňňürde,
Kakyp eýýamlaň jaňlaryn!
Meni galdyr şu günlerde —
Atyr yşkyň ak daňlaryn!

Ýaratma meni harjyňa —
Kändir-ä başga sowalgaň!
Elim sereýin Arşyňa,
Göwräm Zeminde — owarram!».

* * *

Ykbal ýollarym köteldir,
Geldim menzil aşa-aşa.
Egbarlap, göwnüm çökende,
Başym urdum daga-daşa.

Ýatlary kä ýakyn saýyp,
Ýakynymdan ýadyrgadym.
Gökde galgady melaýyk,
Yzyndan Ýerde ylgadym.

Kalbym dildi yşk hanjary —
Ýüreklerim para-para.
Söýgim çykardy saňsarym —
Dillerim laldyr gürläre.

* * *

Hoşroý uçmahy janymy
Yşka bermişem meýletin.
Didara myhman pany bi —
Munda bendesi neýlesin?!

Bilbil bolup saýrap gelen
Hijrana gol salgap gezer.
Çekmez gussa, çekmez elem,
Ak guş deýin galgap gezer.

Iki dünýä menzil aşar
Pirler, melekler, erenler...
Diňe munda baky ýaşar
Yşkyň didaryn görenler.

• MAGŞUK DAGY

Tahyrdan köňli kineli,
Aşyklardan arly, daglar!
«Zöhre-Tahyr» dessanyndan.


Men yşkyň yzynda entedim ýördüm,
Söýgi hupbatlarnyň ençesin gördüm,
Gör, kimlerden galdy maňa bu derdim,
Sil deý akan gözler aglamaz indi.

Ataş deý ýansam-da, öňe çapmadym,
Ýagtylyk agtardym. Tüme çapmadym,
Kimlere el serip, kime çapmadym? —
Derdi-hal dag-düzler aglamaz indi.

Güle däl, gözünde çygyna bakdym,
Köplük däl, dünýäniň ygyna bakdym,
Aýny juwan wagtym goýaldy aklym,
Meni söýen gyzlar aglamaz indi.

Gamgyn takdyrymy serden geçirdim,
Arzuwlarym ganat-perden geçirdim,
Bagtymy deňimden her dem geçirdim,
Çölde galan yzlar aglamaz indi.

Kerwen ýok, hyýalda başyn çekmişem,
Hijran daglarynyň daşyn çekmişem,
Gör, gelip nirede dyza çökmüşem,
Ykbal öwrümleri aldamaz indi.

Bir dem öňe tarap çapha-çap boldy,
Ýitmedik engamy «Tapha-tap!» boldy,
Ähli dertden halas eden Hak boldy,
Bagt guşum del ýerde galgamaz indi.

Dag deý abansam-da, maýda kylyndym,
Ýel aparyp, tupan-gaýda kylyndym,
Haýsy pikir, haýsy oýda kylyndym,
Hany hossar: dözmez aglamaz indi.

Kuwwat gidip barýar pelle-pelleden,
Müň bir hyýal geçip gitdi kelleden,
Dünýä akyl ýasap men bir telbeden,
Yşkym gollaryny salgamaz indi.

Başymda müň gowga. Alladan geldi,
Ýakyna garaşdym. Del adam geldi,
Kümüş-zer agtardym, tylladan geldi,
Hak didaryn görüp ýalkandym, belki,
Ol ne hossar— dözmez?! Aglamaz indi.
Argyş ömrüm ýollar baglamaz indi.

• YLHAM JEPASY

Gör, näçe wagt daşlaşdym men şygyrdan,
Soňky wagtda ýazylanok kyssa-da.
Baglaň guran ýapraklary şygyrdap,
Ýogsam, kalba degip geçýär gussa-da.

Honha, tanyş ýeller tanyş köçede,
Birçakky deý gezip ýörler aýlanyp.
Birin ýalkap, bir ykbaly keç edip,
Yzda galdy ýaşlyk-joşgun...aýralyk.

Ýyllaryň içinden geçip men parran,
Müň sowal ýitirdim, jogap tapmadym.
Göwün ýaş bolsa-da, bu göwre garran,
Gepinden daş boldum gompy-akmagyň.

Geçdim bu ýollary juda aýgytly,
Menzillerde büdremedim keýtikläp.
Täleý maňa daraşsa-da haýbatly,
Janym sagat.
Ýa zehinden göýdük däl.

Ýazasym gelenin ýazdym şagladyp,
Ýalňyzlykda kän gygyrdym aýdyma.
Kalbyma nur edip yşkyň şuglasyn,
Umydygär bakdym kän Aý aýdyňa.

Ýaşlykda aýlandym ýaramezana,
Ýa gorkup gezmedim Rejep «gargadan».
Ýa ýolumdan azaşmadym her ýana,
Berk sakladym enemiň pent-sargydyn.

Gaçdym mydam ownuklykdan-uşakdan,
Sähel zat üstünde etmedim jenjel.
Otluk ýerde eşegimi duşaklap,
Ýandak çapyp gezdim.
Bir ýanym jeňňel.

Dostum bilen (hökman däl oň kimligi),
Ýükümizi ýetirerdik balykdan.
Çeňňek atyp, balyk tutmak endigi
Belki, Şamil Kudermetden galypdyr?!

Depä çykyp gygyrdym men düýnüme,
Ýaşlygymdan tapylmady «hä» beren.
Ýetjek bolup ýatlamalaň düýbüne,
Geçdim deňesinden Enekäbeleň.

Gözüm düşüp Rahmanguly Baýhana,
Birwagtkym deý tasdan ylgapdym yza.
Salam berdim eli pilli daýhana,
Bu zamanda söýgi nire, men nire?!

Gör, nirlere ýetdim düşüp tigirden,
Kalbym içre hijran-da ýok, gussa-da.
Gör, näçe wagt ara açdym şygyrdan,
Gör, näçe wagt ýazylmaýar kyssa-da.

• RUHY HALYPAMA

Ýaşaýyş bir düýşdür,
Oýanmagyl, melegim!
Nobatguly Rejebow.


Ömrümiň ýarysy halal zähmetde,
Ömrümiň ýarysy düýş bilen geçdi.
Ýaşadym kä synag, käte rehnetde,
Galypdyr kalbymda, gör, kimleň yşky?!

Ýaşaýyş bir düýş ekeni, aslynda,
Şu çaka çen, gör, oýanman ýörün men.
Durmuş — synag, ýörmedim hiç asgynlap,
Her gün ördüm öz öýümiň töründen.

Düýşler içre gezsem-de del köçede,
Gulagma eşdilýän sedalar tanyş.
Yşk kimi agladar, kimi «kök edip»,
Söýgi sazyn çalýar şol zaryn gamyş.

Ýaşadym, gör, kimler girmedi düýşe,
Kimler gulagyma çawuş çakdylar.
Kä öňe ylgadym, kä yza— düwşäp,
Gör, deňimden geçip gitdi atlylar.

Köňül içre saraýym ýok, deştim ýok,
Şükür, düýşümde-de gezdim pyýada.
Öpeý diýsem, bir ygrarly yşkym ýok,
Käte harsaň daşda oturdym ýadap.

Şükür, düýnüm tukatlyk däl, galmagal,
Dünýäni örüzýär it-guş sesleri,
Haýsy bagda bitdi erik-almalar,
Ýerde — ykbal.
Asmanda ak kepderi.

Gör, erteki ýaly düýşleň asmany,
Guşlaň nagmasyndan doýup bolanok.
Hiç bilmedim munda yza tesmäni,
Bas baglary bagra! Aýyp bolanok.

Synla, bu dünýäde bar zat seniňki,
Telwasda ýaşadýan düýşlere şükür.
Söý!
Ýaşa!
Bu ömrüň agmanka eňki,
Gurbat berýän Arşy güýçlere şükür.

Dünýe — pany.
Ýöne ömür pany däl,
Bu düýşlerde ikilik ýok, galat ýok.
Hiç kim munda täleýiniň hany däl,
Mährem düýşlerimde gahar-gazap ýok.

Örýän her gün ýaşaýyşdan düýşürgäp,
Oýandyrýan ýa badyma kakýan ýok.
Ýa samrap ýöremok, manysyz gürläp,
Şükür, ruhum belent.
Gyýa bakýan ýok.

Gör, näçe wagt düýşlerime imrindim,
Gezdim düýşleň çözüp bilmän hikmetin.
Ýetmiş ýyllyk ýol geçildi ömrümden,
Özüm ynjap, il göwnüni ýykmadym.

Bir tutup bagryma basaýyn diýsem,
Ýaşaýyş bir düýş ekeni, nädeýin?!
Bu düýşden kimleri gözledim, eýsem,
Gör, nirlere ýetdim süýräp ädigim.

Sen haçan oýanyp dünýäň düýşünden,
Pyşyrdadyň: «Hal-ahwallar niçikdir?!»
Uzaklarda tanyş ýeller öwsende,
Saýrak bilbil pudagyndan urupdyr.
Diýýän ýaly: «Poeziýa niçikdir?!»
Belki dünýä saňa kalbyn açypdyr?!

• ARMANYM DAGLARDA

Katdyň daşlara deňäp,
Men seni Arşym saýdym.
Bolduň şatlygma sebäp,
Hem saňa gelýär haýpym.

Ähli ygtyýarymy
Saňa bermiş keýpine.
Ýogsam çydar ýalymy
Uçmahyň hüýr-perisine!

Maňa köne yşkymy
Bu gün gaýtaryp berdiň.
Ýene elim goşguly,
Ylhama kalbym gerdim.

* * *

Däli telwas asmanda,
Ýerde söýgiň şowhuny.
Dünýä täsin ahwalda —
Goýnum içre owsuny.

Ýollarda ygyp ýörün —
Men bir yşkyň derwüşi.
Gökden eşidýän zaryn —
Gökde melaýyk guşy.

Honha, sähraň kalbyna
Akýar daglaň çeşmesi.
Gelýär,
dönüp salgyma,
Bir hoş owaz eşdesim.

* * *

Niçe ahwal daşymda,
Gör, niçeme sowal bar.
Mawy asman başymda,
Ýerde yşky owaz bar.

Dumanlap yşk peýkeri
Ýüzüp gelýär uzakdan.
Serpip Arşyň perdesin,
Oňa elim uzatdym.

* * *

Elwan söýgä öwrüldi
Solgun sary gözýetim.
Birçak ýiten höwrümni
Duman içre gözledim.

Gezdim söýgiň ýolunda —
Topraga düşelmedim.
Çyrag ýandy solumda —
Nuruna düşünmedim.

Söýgim galgadyp geçdi
Ak ýaglykly ellerin.
Dünýe — kalbymda yşkym —
Onda ömrüm egledim.

* * *

Kime yşkym — açyk ýol,
Kimlere çap-çal duman.
Kalpda ýanan yşyklar
Saklar tümlükden aman.

Köňlümiň ýaýlasyndan
Yşkyň ýeli şuwlady.
Ykbalyň aýnasyndan
Düşdi bagtyň şuglasy.

Daňdan bady öwserde
Enaýy saýran guşum,
Düşürmiş yşk heserne,
Aklymy aýlan guşum.

* * *

Öçdi aýralyk...salgym... —
Telwasym baglardadyr.
Ykbalym saňa bagly —
Armanym daglardadyr.

Seni deňäp Arşa men,
Yşky serwerim saýdym.
...Munda söýüp ýaşasaň,
Dünýä bir ajap aýdym.

• ÖMRÜME SYÝAHAT

Dünýä gelip, gör, niçeme gürlendi,
Kimler bilen söhbet etdim sakyrdap.
Aýlandym Garamät,
Pendi,
Ýerbendi,
Käte gumda gezdim,
käte takyrda.

Kimlere ynanyp içimi dökdüm,
Dür-merjenden galňatdym kä jübimi.
Kän urnup, durmuşa ýetirdim aklym,
Ykbalda görmedim ogry-jüwligi.

Kän azaşyp, dagda-düzde galyp men,
Söz ýerine çaldym dutar-gitara.
Ençe ýollar geçdim, ýüzüm salyp men,
Magny tapdym, başym goýup kitaba.

Sökdüm ençe ýoly aýakýalaňaç,
Kän menzili geçdim köne ädikli.
Çyny söýdüm.
Bakmadym hiç ýalana,
Ýol geçdim kä batyl, kä agzym bekli.

Yşky şowsuzlyga uçran mahalym,
Käte gözlerimde arman göründi.
Kalbym içre güllän wagty baharym,
Ýüregimde siller lerzan göründi.

Käte bu ýollarda aňkaryp durdum,
Gawun bakjasynyň garawuly deý.
Tümlükde geljege bir ýagty gördüm,
Syryldy asmanyň gara buludy.

Honha, bugdaý meýdanynda dikilen,
Kimlere çelgi ol, kime garantga.
Ondan gorkup, mal-hal girmez ekine,
Ýagta düşdüm, golum salgap garaňka.

Sesimiň ýetdigne gygyryp gördüm,
Sesim oba eşdildimi şäherden?!
Kimiň goşun çekdim, gör, kimsäň derdin,
Kimler hoşal, kim baş atdy sähelçe.

Men bir bu äleme düşen galandar,
Töwerege bir dem seredip durdum.
Ýüregime joşgun geldi galamdan:
«Bu meniň Watanym!
Bu meniň ýurdum!».

Diýýär ýürek: «Haýsy daýhan ekini?
Ygşylda, bugdaýly meýdan, ygşylda!».
Ýeller kime çawuş çakýar sakynyp,
Ýarylýar waharman sähel çybşylda.

Mährem topragymdan alýan ylhamy,
Bir ýanym pagtalyk, bugdaý bir ýanym.
Haka togap etdim, aýdyp «Elhemi»
Gör, men nirelere ýetip barýaryn?!

Geçildi kötelden, ençe kümmetden,
Edýän bu düzleri maňlaýa togap.
Neçün tisginýärin her bir tümmekden,
Dünýäde müň sowal, kim berer jogap?!

Honha, biri, nirä barýar: bilmedim,
Geçip gitdi ak eşikli, eşikli.
Şu toprakda dünýäň sesin diňledim,
Şu toprakda dünýäň syryn eşitdim.

Men tötänden dünýä gelen mysapyr,
Bir ýanym — beýewan, sähra — birýanym.
Munda aklym ýetdimi ýa juda ir? —
Gör, men näme hakda gürläp barýaryn?! —
Bir ýanym — beýewan,
Sähra — bir ýanym...

Döwletgeldi ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

“Garagum” žurnaly, 6/2021.
Категория: Goşgular | Просмотров: 25 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Döwlet Garkyn | Рейтинг: 0.0/0
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]