13:32
Lal dili
LAL DILI

Otyr şindem şol daş tamlar baýyrda,
tüsseledip, gerişlerin, ýallaryn.
Bardy birçak, biz çagakak, bu ýerde
internady güň çagalaň – lallaryň.

Dürlidi öň olaň dessuram, dilem.
Birleşdirdi uruş olaň dillerin.
Gepleşýärdi olar bir-biri bilen
atanaklap, aýlap-öwrüp ellerin.

Ümleşerdi olar bizi görende,
Barmaklarny ýazyp-büküp çalasyn.
Lal oglanlaň saýradyşyn göreňde,
gelerdi lal bolup, surnaý çalasyň.

Ýaş bolsagam lal dilini bilerden,
Şol çagalar ýaly içip-iýmegi,
arzuw edip, öwrenipdik olardan
lal dilinde: “Nanyň ýokmy?” diýmegi.

Bardy olaň bölek-büçek nanlary,
Şonuň üçin gatnap olaň ýanyna,
çalşardyk biz äpet-äpet narlary
olaň sakgyç ýaly, gara nanyna.

Lal dilini öwrenmeli bolýardyk
öwrenýänçäk tamdyr nanyn iýmegi.
Biz ýaşkagam, çagakagam bilýärdik
lal dilinde: “Nanyň ýokmy?” diýmegi.

Atajan ANNABERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 86 | Добавил: Mähriban | Теги: Atajan Annaberdi | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Waspnama / Goşgular - 16.01.2022
Parahor kyrkaýak / Goşgular - 15.01.2022
Gijigen arzuwlar / Goşgular - 20.01.2022
Сфинкс / Goşgular - 20.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022
Pursat / Goşgular - 20.01.2022
Люблю? / Goşgular - 20.01.2022
Öten agşam / Goşgular - 28.01.2022
Bolar / Goşgular - 19.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Allanazar   [Материал]
HALYPANYŇ islendik goşgusyny okanyňda bokurdagyň dolýar.

0
Internat hakda gowy goşgusy bar. Yetimleriñ internaty bolmaly. Bu şahyr örän ynsanperwer adam bolan bolmaly

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]