23:43
Kyýamat gününiñ ody / hekaýa

KYÝAMAT GÜNÜNIŇ ODY

Gulmyrat gara tüsse gabsap alan dört diwaryň arasynda galdy. Ol dem almasy kynlaşyp başlan badyna zöwwe ýerinden turup gapa tarap okdurylypdy. Emma tanyş otagynyň gapysyny, penjirelerini tapyp bilmän, aýylganç gorkudan hem aglaýardy, hem gygyrýardy.
Burugsap, sessiz towlanýan ajy tüssäniň arasy bilen çarp urýan gyzyl ýalynyň dilleri entek görülmedik gorkunç bir haýwan ýaly ýüregiňi ýarýardy.
Ahyr jaýyň petigindenem ýokarda bir ýerlerden eşidilip başlan şatyrda çydaman: «Öýüm ot alýar» diýip, ýüzün ykyldy.
Birhaýukdan özüne gelip, gözlerini açan Gulmyrat töweregini gallap oturan dogan-garyndaşlaryny görüp göwni giňäp gitdi: «Hudaýa şükür, hemme zat ýerbe-ýer, erbet düýş gören ekenim, garabasypdyr… Ýöne….» Gulmyrat şu ikiarada özünde bir ýeser üýtgeşmäniň bolup geçendigini aňlap, daş-töweregini alyp oturan ýakynlaryna bir zat aýtmaga synanyşdy.
Howluda Gulmyradyň ala sygyry salkyn teläriň astynda ýaltalyk bilen gäwşäp ýatyrdy. Birden içerden eşidilip ugran gykylyk sesleri teläriň gapdalyna basylyp goýulan turbalara düşüp, ala-zenzele turuzdy. Ala sygyr gäwşemesini bes edip, goh gelýän tarapa seredip diňşirgenip durdy.


***


Gulmyradyň dili tutulyp, gepläp bilmän galdy.
-Birmeýdan dynç aljak diýip içeri girip ýatany ýap-ýaňydy, bilemok ne döw çaldy-diýip, Sona gelin äriniň başujynda şumjaryp otyrdy.-Gully ýatan wagty kirlerimi ýuwup sereýin diýip, gyssgym özüm bilendi…
Myhman otagy dolduryp oturan dogan-garyndaşlaryň bary Sona gelniň agzyna garap otyrdy.
-Birden diň salsam içerden bir mojuk ses gelýär, kirimi taşlap ylgadym.-Sona gelin biraz säginip, äriniň ýüzüne howatyrly seretdi-de, sözüni dowam etdirdi.-Ylgap içeri girsem Gully otagyň diwarlaryny sermeläp ýörşüne çirkin-çirkin gygyrýar, gözlererm elek-çelek, men gapdalynda durun welin meni görenok, gözleri otagyň petiginde, bir zat görýän ýaly gorkup gygyrdy-da soňam özünden gidip ýykyldy.
Dogan-garyndaşlaryň oturan myhman otagy beýlekilere garanda hasam üýtgeşik bezelipdi. Diwarlara çekilen suratlaryň goýy reňkleri gözüňi eglese, bir-biriniň dowamy bolup gidýän aýlaw nagyşlar petige çenli ýarmaşýar. Tep-tekiz petige hem syýa-mawumtyl reňk berilip, onuň üstünden ýyldyz şekilinde kesilen aýna bölekleri ýelmenipdir. Täk ýassygy iki epläp tirseginiň aşagynda goýup gyşaryp çaý içýän Geldi aga: «Gijäniň peýzažy diýdimi, preska diýdimi Gully ýegen jan-dilden düşündirýärdi jaýynyň petigine etdiren bezeginiň adyny» diýip, içini hümledýärdi. Soňam ho-ol beýleräkde ikibara hümmürdeşip oturan garyndaşlaryň gürrüňine gulak gabartdy.
-Hudaý saklasyn!
Geldi aga soňky käse çaýyny içmänkä ýene bir ýola jaýyň ýyldyzjyklar bilen bezelen petigine garady:
-«Aý garaz zamana ahyr bolup, zeminiň damary sökülip asmanyň ýyldyzlary dökülýänçä haram ýolda tapylan mal-puluň azabyna hiç kim düşünjek bolmaz» diýip, ýaş wagty eşiden tymsalyny ýada saldy.


***


Gulmyrat dilden galan otagyndan çykanokdy. Hiç kimi ýanyna hem goýberenokdy. Gepläp bilmeýändigine gahary gelýärdi. Bu bolup oturyşyna hem näme diýjegini bilenokdy. Ol gepläp bilenok ahyr. Şu ýaşyna gelýänçä allanäme, dilinden dürler saçan adam indi sakawlabam gepläp bilenok. Ol geplejek bolup kän kösendi, hi-iç bolanok. Bir günortan çagy ýarym sagatjyk uklap turup, soňam diliniň sözläp bilmek ukybyny nädip ýitirip bilýändigi hakda kelle döwýärdi.
Otagyň ortarasynda aýbogdaşyny gurup oturyşyna dört ýanyna göz aýlap, diwarlary synlaýardy, petige kellesini galdyryp seredýärdi.
Ol oturan ýerinde balagynyň gonjuny dyzlaryna çenli çekip, çöp ýalyjak injiklerini gaşap oturyşyna pişik basyşyny edip gapydan giren aýalyna gahar bilen gözüni alartdy. Gepläp bilmesede abyr-zabyr etdi. Sona gelin «Hi-wi, nädeýin indi-diýip, ýene şumjardy, eşidiler-eşidilmez-Agzyny sowuk alan ýaly-la muň» diýip howpurgady. Soňra onuň gapdalyna gelip: «Gully jan-diýip ýalbardy-ýör ol otaga geçip, çaý-suwyňy iç, telewizora seret, ýagdaýyň gowudyr-a?!»
Gulmyrat aýalyna bir zat hem diýjek bolmady… Diňe gapyny görkezdi. Bu onuň çyk diýdigidi.
«Sen nämä düşünýäň-eý…» Gulmyrat gapa tarap gyssanmaç ýumlugan aýalynyň arkasyndan garap oturyşyna şeý diýesi geldi. «Dilim tutulmanam tutular, düýşümde öýüm ot aldy, özümem gyzyl ýalynyň arasynda galdym. Ýok, özümiň ot-ataşyň arasynda galanym hiç, emma düýşümde öýümiň ýanany ýüregime düşdi-dä. Men bu öýi nä günler bilen dikledim. Şu jaýyň düýbi tutulandan, tä üçegine çenli gerek bolan gurluşyk materiýallary öňki işlän edaramyň ammaryndan öndi. Ýöne, ýöne onuň üçin men nämeler etmedim, näçe dokumentleri ýalandan doldurdym, hä?!»
Gulmyrat ýene şol erbet garabasmany göz öňüne getirip içinden gorkup gitdi.


***

Gulmyrat özüniň geplemän lal-jim bolup ýörşi bilen öwrenişip barýardy welin, başga bir zat jynyny atlandyrýardy. Dili tutulandan bäri ol agzy bir dişsiz garry adam ýaly dodagyny kümşüldetmäni endik edipdir.
Hinine barýan syçan ýaly sessiz-üýnsüz jaýynyň içinde aýlanyp ýörşüne çagalarynyň otagyna boýnuny uzatdy. Uluja ogly gyz jigisi bilen sapaklaryna taýýarlanyp otyrlar, gapdallarynda mp-3 pleýer özugruna aýdyp ýatyr. Gulmyrat dodagyny kümşüldedip, aşhana tarap ýöneldi. «Aşhana boş, Sona nirdekä?».
Ol daşary çykyp, gapynyň öňünde saklandy. «Be-h, bu heleýiň kiri gutarmad-aý, haçan görseň eli sabyn köpürjikde…». Gulmyrat içini hümledip durşuna tisginip gitdi, göwnüne geplän ýaly bolup duýuldy, gepläýdimmikäm diýip özüne geň galdy. Soň gaşlaryny çytyp, uludan dem aldy: «Göwnüme eken… »
Gulmyrat ýene bir zada geň galdy: «Baýak dilim tutulyp galan güni hem Sona kir ýuwup ýördi, eli kirden aýrylanog-aý şuňam». Ol eňiljek pallap öz otagyna ugrady: «Beýdip ýörsem-ä bolmaz, gidip özümi düýpli barlatmaly, näm bolýanyny anyklamaly bolar».
Ol öz otagyna geçip ýatmaga synanyşdy, emma şu pikir kellesinden çykmady. Alasarmyk halda irkilip ugransoň basyrganyp başaldy…

***

Gulmyrat gara tüsse gabsap alan dört diwaryň arasynda galdy. Ýene öňki saparky ýaly bokurdagyny dykyp taşlan göýy tütüne çydaman ukynyň arasynda «Ýene düýşümde öýüm ýanýarm-aý» diýip samyrdady. Ýöne bu gezek tüssäniň ysy başyny aýlady, Gulmyrat ajy tüssä gark bolup, bogulyp endamynyň hem gyzyp ugrandygyny duýdy. Birdenem gözüni ýalpa açdy.
Petikden başlan ýangyn öýüň goşlarna hem ýokaşyp ugrapdy. Gyzyl ýalynyň şöhlesi petikdäki aýna ýyldyzjyklara düşüp birenaýy görünýärdi. Soňra dowzaha dönen otagyň içindäki gysyp-gowrup barýan gyzgyna çydaman petikdäki aýna ýyldyzjyklar eräp, aşak gaçyp başlady…
Gulmyrat «Öýüm ýanýar, hakykatdan hem ýanýar» diýip, gorkuly pyşyrdady-da ýerinden böküp turdy. Garamtyl-çal tüssäniň içi bilen daşary ylgady, emma bu gezek hem gapyny tapyp bilmän iki ýana elewredi. Öýkenine dolan tüsseli howadan dem aldygyça gözleri süzülip barýardy. «Öýüň gapysy, penjireleri nirdekä, meniň başym aýlanýar, emma çykalgany tapmaly, ýok, bu gezek özümden gitmeli däl». Gulmyrat bar güýjüni jemläp bogazyna sygdygyndan:
-Kömek ediň-ň!-diýip, gygyrdy-Kömek ediň adamlar!
Ol özüniň diliniň açylanyny hem bilenokdy, ýöne sesiniň ýetdiginden kömek sorap gygyrýardy.






Категория: Hekaýalar | Просмотров: 472 | Добавил: Нawеran | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Seregül / hekaýa - 01.06.2021
Неосторожность / рассказ - 03.06.2021
Два самоубийства / рассказ - 10.06.2021
Enemiň ýyldyzy / hekaýa - 05.01.2021
Страх /новелла - 23.03.2021
Совершенно питерская история / рассказ - 25.06.2021
Göwün synsa / hekaýa - 12.01.2021
Вальдшнепы / рассказ - 04.06.2021
Волшебный сюрикэн / рассказ - 25.06.2021
Про Анечку и другие истории / рассказы - 25.06.2021



Всего комментариев: 4
0
2 Hаwеrаn   [Материал]
Sylapberdi, assarly näme bolýa?

0
3 Bagabat   [Материал]
Assar - içlik diýmegi aňladýar. "Assarly gep" diýlende "içlikli geplemek", ýagny aýdýanyň bir zat, göz öňünde tutýanyň ýene-de bir zat, "köpmanyly gep" ýa-da "içi gepden içlikli gep" diýmegi aňladýar.

0
4 Bagabat   [Материал]
Mysal üçin: Reýimbaý Sabyrowyň "Girdapdan kenara" powestinden:

Jemşit dostunyň göreçlerine siňe seredip durşuna olarda nämedir
bir zady küýsemek alamatynyň bardygyny aňyp, onuň sözleriniň
ýasama däldigine ynandy. Şeýle bolsa-da, Ol “göresiň gelýän bolsa,
men Sibirdemi name, öýümi bilýäň, işleýän ýerimi bilýäň” diýip aýdasy
geldi. Ýöne häzir beýle diýmekligi ýerliksiz hasap etdi-de, öňküsi ýaly
[i]assarly gepledi
:
-Nurjemaly nä? Ony göresiň gelenokmy?[/i]

0
1 Göktug   [Материал]
Şu hekaýada bir söz oýnatma bar. Assarly aýdylýan

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]