15:16
Ogurlapdyr bile aýdan aýdymmy
OGURLADYR BILE AÝDAN AÝDYMMY

Bu perişan halym gõrüp hamsygma,
"Õrtme" diýme ýüzme hijran nikabyn.
Kysmatyna kaýyl bolan Melegñe,
Asman dõzdi soñsuz derdi-pyragyn.

Pitwa etmän gargalaryñ gagyna,
Bõwsüp geçip şereññiziñ duzagyn.
Kalbym ýuwup mukaddeslik çoguna,
Terslin çaldym şelaýynlañ damagyn.

Soñ salgymda ak niyetde garaşdym
Gõrdûm ony gõzýetimde bir ýerde.
Gep-gybata boýun sunman gõreşdim...
Ynam tugum ýykdy sypyrlan perde...

Ýazgarmaryn, atman lagnat daşynam,
Owal-ahyr Keramat diýp uýdugmy.
Bir gije albassy girip düýşüne,
Ogurlapdyr bile aýdan aýdymmy..

Enem, bu halyma melhem emleme,
Oda düşme gõrüp ajal pellesin.
Hem garaşma ýylgyrmagma, gülmegme,
Ýap üstüme ygrarymyñ hüllesin.

Goý bir Gudrat soñky sõzüm bitirsin,
Seýikläp badasyn şypa Melegniñ.
Maña ondan bir kelime getirisin:
"Sen azajyk sabyrly bol, Geregim! "
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 321 | Добавил: Nurdan | Рейтинг: 4.4/9
Goşgular bölümiň başga makalalary

Duýduñmy?! / Goşgular - 27.05.2021
Dostluk we söýgi / Goşgular - 09.03.2021
Ejeme / Goşgular - 03.02.2021
Gybat / Goşgular - 26.02.2021
Eşidipdim gurduň ykbaly hakda... / Goşgular - 10.02.2021
Kalbyňyzda ýer goýuň / Goşgular - 23.05.2021
Ilkinji tebil / Goşgular - 24.03.2021
"Bolup bilmedik biz atamyz ýaly..." / Goşgular - 05.02.2021
Biz bizdik... / Goşgular - 12.02.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Всего комментариев: 6
0
6 Dunyagozel   [Mowzuga geç]
Huh ahyr bir goşgyňy tapdym uýam. Gözlänime degdi

Goşgy gysgaça hyýaly dünýäde hakykaty görmek ýaly duýgy berýä meň pikirimçe. Ylhamyň egsilmesin uýam smile

0
5 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Şu saýtyň programmasy taýýarlansa örän gowy boljak

0
4 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Bolyar, uyam, indi seresap bolaryn.,, Kitapcy"bn juda owrenishipdirin.

0
3 Nurdan   [Mowzuga geç]
Wahey, Şyhmyrat aga, beýle bolsa siz saytdan çykjak wagtyñyz "выход" belgä basmañ-da gõni çykyñ. Soñ intetnediñizi açyp kitapçyny gõzledeniñizde gõni nikiñiz açyk durar. Whod bermäñ.

0
2 Garaýolly   [Mowzuga geç]
Ba, ahyry girdimayt! Meniñ ucin iñ yokary ahmiyetli bolan bu saytdan cykyp, girip bilman yorenime gary gynanyp yordim.

1
1 Gurgencli   [Mowzuga geç]
Tüwleme. Belligim ýok smile

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]