12:29
Küýsegim

KÜÝSEGIM

Käte seni seýle göresim gelip,
Gijeler garaýan aýly asmana,
Gara gözleriňi ýadyma salyp,
Ýyldyzlaram gussa goşya gussama.

Kalbymyň töründe gyzyl köz deýin
Lowlap ýanýan yşkyň hasraty näme
Takdyrma ýazlan agyr synagmy,
Sütemin çekdirýäň haýsy günäme.

Öwrümine sorag berip ykbalyň,
Yzlap ýollar aşsam, käte azaşsam,
Ýatlamazlyk başartmaz hiç ynsana,
Eger söýüp, çyn ýürekden halaşsaň!

Sagbol saňa gaýbana söýgiň üçin,
Bu duýgyny ýüregime salanňa,
Söýgiňden durmuşa ymtylşym artyryp
Güyç berýänsiň, ylham atly galama.

Hiç ahmyr etmerin seni söýenme,
Sende ýazyk ýokdur muňa düşünýän,
Ýüregme edip bilmedim höküm,
Seni söýüp, günäkär özüm Dünýäm.

Gurbanmämmet MEREDOW.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 82 | Добавил: Zehin | Теги: Gurbanmämmet Meredow | Рейтинг: 5.0/1
Goşgular bölümiň başga makalalary

O ne beýle? / Goşgular - 12.02.2021
Meniň Diýarym / Goşgular - 10.02.2021
Gapy kakýan ýok! / Goşgular - 16.03.2021
Bagyşla meni / Goşgular - 12.02.2021
Täzesinden täzesi / Goşgular - 04.06.2021
Kerim Hallynyñ "Erkekler" goşgusyna jogap / Goşgular - 25.03.2021
Ýazylmadyk goşgular / Goşgular - 06.02.2021
Eşidipdim gurduň ykbaly hakda... / Goşgular - 10.02.2021
"Meñ kalbymda..." / Goşgular - 17.03.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Всего комментариев: 4
0
4 Hyýalkeş   [Mowzuga geç]
Şu goşguñyzda bir ýitijelik bar.Ýumagyñ ujyny tapdyñyz.Indi şu ýerden çözläberseñiz gowy bormuka diýýän.Arada bir goşguñyza da şeý diýipdim.Şol ikisinde bir şygyrdy bar.Dowam ediñ!
Galyberse-de @sabyrla goşulýan.Bogun gysgaldylan ýerler akgynly okalyşa päsgel berýär.
Galamyñyz ýiti bolsun!
Üstünlik!

0
3 sabyrly   [Mowzuga geç]
"Takdyrma ýazlan agyr synagmy,"
"Söýgiňden durmuşa ymtylşym artyryp",
"Sagbol saňa gaýbana söýgiň üçin,"

- diýen setirler agsap dur.

0
2 sabyrly   [Mowzuga geç]
Iň soňunda:
"Seni söýüp, özüm günäkär, dünýäm" diýse-de boljak.

0
1 Alaýabyly   [Mowzuga geç]
Başarsaň sorag diýme, sowal diý.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]