13:05
Kürt gözeli
KÜRT GÖZELI

Ýanaman ataş közlerde,
Şypa tapmadym gözlerde.
Mejnun men çöl, dag-düzlerde,
Rehim eýle kürt gözeli.

Aňrybaşy gözelligiň,
Tebigatdan gönezligiň.
Aýrylmaz senden gözlerim,
Bagly ömrüm kürt gözeli.

Doýman bakdym gül meňizden,
Içsem ganman çeşmäňizden.
Ömrümboýy teşnäňiz men,
Hany-manym kürt gözeli.

Goý, ýaňlansyn jak-jak gülki,
Şol gülküde bagtym, belki,
Aşyk göwün şährim seňki,
Soltanym sen kürt gözeli.

Sabyr-takat galmaz mende,
Ýürek sen diýip urýar tende.
Ylham sende, melhem sende,
Gaşy keman kürt gözeli.

Kürt gyzy Şirin ýarymdyr,
Barymdyr, namys-arymdyr.
Şirinsiz dünýä zarymdyr,
Jananym sen kürt gözeli.

04.06.2017.





Категория: Goşgular | Просмотров: 79 | Добавил: Allaýar | Теги: Allaýar Çüriýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022
Pederime / Goşgular - 18.01.2022
Eje / Goşgular - 26.01.2022
Aglar / Goşgular - 18.01.2022
Söý dünýäni / Goşgular - 12.01.2022
Брюссельский транзит / Goşgular - 11.01.2022
Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne... / Goşgular - 15.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Aýdaýynmy?! / Goşgular - 23.01.2022
Dillen durmuş / Goşgular - 17.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 sabyrly   [Материал]
"Kürt gyzy Şirin ýarymdyr,
Barymdyr, namys-arymdyr."

Namys-ar ýetibilmedigiňe bagly bolýarmyka? Şol bolmasa binamys ýa arsyz bolaýýarmykaň?

0
1 mango   [Материал]
Goşgy täzärek eken.
Goşgyny liriki gahrymanyň adyndan okasaň boljagam welin… Allaýar agaň adyndan okasaň-a birhili, 2017-däki ýaşda “Kürt gyzy Şirin ýarymdyr, / Barymdyr, namys-arymdyr” -diýmegi.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]