14:00
Köýnek

KÖÝNEK

Men täze köýnek tikinjek:
Matasy ýüpekden,
Reňki behiştden,
Ýakasy gül ýapraklary bilen bejerilen,
Begeýigi güneşden,
Ruhy asmandan,
Sapagy muhabbet bilen işilen....
Men ony hemişe geýjek,
Ol hiç mahal kirlemez,
Könelmez,
Solmaz...
Gidemde-de soňky toýa
Täze köýnek gerek bolmaz.

• HÜWDI

Gyz ýigide garaşar,
Gyşlar ýaza garaşar.
Bir höwürtgäň guşlary
Gam gününde aglaşar.

Tüm silleri diňmeýär,
Gözýaş ýere siňmeýär.
Bägülleriň tikeni
Öz ýapragna çümmeýär.

Huwwa, balam, huwwa huw...

Güýzler sowlar, gyş geler,
Ýazda saýrak guş geler.
Başyň sypan ellerim
Bir gün saňa daş geler.

Gury ýaprak çüyreýär,
Şemal güýzi güýmeýär.
Bägül ýazy söýende
Bir pasyllyk söýmeýär.

Suraý BABANYÝAZOWA.


Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 94 | Добавил: Mähriban | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 4.3/3
Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Горянка / Goşgular - 14.04.2021
Mätäç men... / Goşgular - 09.02.2021
Haýrana derek / Goşgular - 29.01.2021
Sadalykdan dogan kämillik / Goşgular - 16.03.2021
Kitapçyl hakda erteki / Goşgular - 15.04.2021
Surat / Goşgular - 08.02.2021
Ýazylmadyk goşgular / Goşgular - 06.02.2021
Zenan / Goşgular - 09.03.2021
Biliñ / Goşgular - 26.05.2021
Всего комментариев: 5
0
5 Revo   [Mowzuga geç]
Ýokarky goşgysynda şahyr hyýallar ummanyna has çuň çümüpdir. Çäksiz bolan adam hyýýalarynda bolmajak zat ýok ýaly bolsada, şu jansyz obýekt bolan köýnegiň ("Ruhy asmandan") ruhynyň bolmagy biraz galp ýaly görünýär.

0
4 Revo   [Mowzuga geç]
Gyz ýigide garaşar,
Gyşlar ýaza garaşar.
Bir höwürtgäň guşlary
Gam gününde aglaşar.

Tüm silleri diňmeýär,
Gözýaş ýere siňmeýär.
Bägülleriň tikeni
Öz ýapragna çümmeýär.

Huwwa, balam, huwwa huw...

Güýzler sowlar, gyş geler,
Ýazda saýrak guş geler.
Başyň sypan ellerim
Bir gün saňa daş geler.

Gury ýaprak çüyreýär,
Şemal güýzi güýmeýär.
Bägül ýazy söýende
Bir pasyllyk söýmeýär.

Gowy gören jümlelerimi garaldyp çykdym. Gowy goşgy bolupdyr. Hasam "Şemal güýzi güýmeýär" diýen setiri. Goja güýziň göwnüni galkdyrmak üçin dürli garagollyklara baş goşýan bezzatja şemal.

0
3 Revo   [Mowzuga geç]
"Gyz ýigide garaşar,"

Duşuşyk ýaly adaty ýagdaýlarda ýigit gyza garaşýar. Bu sapar adatdan daşary ýagdaý diýip alaýaly.

"Gyşlar ýaza garaşar."

Ikirjeňlenesiň gelýän jümle. Gyş ýazyň gelerine garaşýanam bolsa, garaşýanyny bildirmän garaşýan bolmaly. Sebäbi adaty akymy bilen öz möwritini dowam etýär.

"Gam gününde aglaşar."

Ýas gününde bolsa ýerlikli boljak eken. Sebäbi adam özüni adaty gam - gussada aldyryp bilýär.

0
2 mango   [Mowzuga geç]
Ajaýyp.
Aýratyn halan setirlerim:

Bir höwürtgäň guşlary
Gam gününde aglaşar.


we

Şemal güýzi güýmeýär.

Suraý hanym, ýazyş stiliňizi halaýan.
(artykmaç gepiňiz ýok)
Döredip duruň.

-2
1 Hаwеrаn   [Mowzuga geç]
"Köýnek" goşgysynyñ pikiri ýürege ýakyn setirler. Jemlemesini has haladym.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]