16:47 Köýen arzuw | |
KÖÝEN ARZUW Ýaşlygymda arzuw eden ýyllarym, Geçip gitdi, hyýal bolup deñimden. Kyrk ýaşy sermeläp, ýörse-de ýaşym, Arzuwlar çykanok, şindem serimden. Ýüregimde besläp, talyp bolmagy, Arzuwlarym bardy, beýikden-beýik. Bolmasa-da durmuşymyñ kem ýeri, Köýen arzuwlarym, tutanok seýik. Geçdi ýaşlyk ýyllam, dalaşgärlikde, Her ýyl uniwersitet, gapysyn kakyp. Nesibesiz gursagymy kötekläp, Dolandym yzyma gözýaşym döküp. Žurnalist bolmakdy, maksadym meniñ, Ýöne, täleý ýazylypdyr başgaça. Tersine öwrülen, täleýim bilen, Tikin-tikip, ekleýärin maşgala. Ýazyp-ýazyp şygyrlaryñ ýagşysyn, Meñ arzuwym, ynsan kalbyn bezemek. Emma, munda meñ bijäme düşüpdir, Köýnek tikip, ynsan üstün düzemek. | |
|
√ Выходец из могилы / Goşgular - 26.02.2022 |
√ Täze ýylym / Goşgular - 04.01.2022 |
√ Agam / Goşgular - 14.01.2022 |
√ Syrlar / Goşgular - 07.01.2022 |
√ Посвященные стихи / Goşgular - 22.02.2022 |
√ Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022 |
√ Iogann Wolfgang Gýote / Goşgular - 27.01.2022 |
√ Как высказать себя в любви?.. / Goşgular - 02.02.2022 |
√ Любовь - одна / Goşgular - 15.01.2022 |
√ Ýene men hakda / Goşgular - 23.01.2022 |
Всего комментариев: 0 | |