09:39
Köwşüñ içgepletmesi / gülküli kyssa
KÖWŞÜÑ IÇGEPLETMESI

Herki zadyñ öz ykbaly bolýar diýenleri çyn ekeni. Ine, biz köwüşler näme, biziñem herimiziñ bir hili ykbalymyz bar. Men bir sebäp bilen öz talyp hakyna oñup ýören talybyñ aýagyna ilen köwüş. Muña Hudaýa şükür edýän. Sebäbi bu talyp meniñ ýaly köwşi günde alyp bilmejegine gözi ýetensoñ, meni şeýlebir aýawly saklaýar welin, ýüzüme seredip, ýaşymyñ üçe dolaýanyny biler ýaly däldir.
Arada bir ýere myhman boldy. Gapyda menden başga-da ondan gowrak köwüş bardy. Men-ä eýäm basgylanmazym ýaly bir çetde goýupdy. Beýleki köwüşleriñem ýerleşişleri öz eýeleriniñ ýagdaýyna göräräkdi. Gapydan girip-çykyp, hyzmat edýänlerem ýetikdi. Şolaryñ biriniñ duran köwüşleriñ birini basgylap geçende, onuñ "Eý wäg-eý" diýmegi bilen biziñ şol ýerdäki söhbetdeşligimiz başlandy. Ol görgüli awunansoñ, eýesinden zeýrenip başlady:
- Meniñ eýäm bir biagyry adam-da, köwşüñe, asla eşigiñe seredýän adam däl. Sebäbi puly bilini ýa-da kellesini agyrdyp tapanok. O-da onuñ lälik ogly. Şonuñ üçin onuñ aýagyna ilýän köwşüñ bir ýaşyna ýetip bilýäni ýok.
- Wah, seniñki gowy eken-le - diýip, burny açylyp başlan bir köwüş onuñ nalasyna goşuldy: - Meniñ ýaşym ýaryma ýetse-de, razy-la. Heniz ýaşym dört aýlygam däl, ine, sypatyma seret, şol ýaşy berer ýalymy? Asla bermersiñ. Meniñ eýämem bir mugt iýýänlerden. Onuñ gije diýmän, gündiz diýmän, süssenekläp barmaýan ýeri ýok. Şonuñ üçinem meniñ günüm ýerden sähel galup duran daşlary süsüp geçmek.
- Siziñki dagy hiç-le - diýip, ortada duran gara köwüş gürrüñe goşuldy: - Meniñ eýämiñ aýak basmaýan ýeri ýok. Söw-söw edip, entemeden başga işi bilenok. Şonuñ üçinem bir ýere barsam: "Ana, pylany ykmandanyñ köwşi" diýýäler welin, ýer ýarylmaýar, menem girmeýän. Onda-da nätjek, köwüş-dä, eýäñ nirä süýrese, şoña tarap gidip, näme bassa şony basyp, eýäñ adyna şärik bolup ýörmeli-dä.
- Görýän welin, şol duran (meni görkezýär) bilen meniñ günümden gowusy ýok öýdýän - diýip, bir çetde ýalpyldap duran köwüş gürrüñe goşulýar.
- Men-ä, eşiklerini medeniýetlije geýmegi başarýan biriniñ köwşi, o-da talybyñ köwşi, ikimizibem ýaşymyzyñ sizden esli ululygy bar. Onda-da ýüzümizs sereden sizi garrydyr öýder - diýensoñ söhbet tamamlandy.
Men bu söhbetden soñ, onda aýdylanlat hakda pikir öwrüp, köwşüñ ykbalynyñ özüne däl-de, eýesine baglydygyna akyl ýetirdim.

Nurberdi DÄDEBAÝEW.





Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 102 | Добавил: Haweran | Теги: Nurberdi Dädebaýew | Рейтинг: 1.5/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 2
0
2 Gozellik_   [Материал]
Köwüşi ters goysan yzyndan sögyamiş diyyânlernin jany bar oguşya.

0
1 Hyýalkeş   [Материал]
Gazet-žurnallarda häzirki zaman satirasy diýlende ilki bilen Nurberdi agañ ady ýada düşýär. Bu eseriñem entek başy başlanyp başlanmanka şonuñkydygyny añmak mümkin.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]