09:46
Kowid waksinasy we bir terakt

KOWID WAKSINASY WE BIR TERAKT

Bu terakt barada...
Türk mediýasy beýlede dursun, bütindünýä mediýasynyñam kän bir ýazyp durmaýan maglumatlaryny ýazaýyn:
Mohsen Fahrizadeh Mahabadi
Elli sekiz ýaşly eýranly fizik…
1992-nji ýylda Ymam Hüseýin adyndaky uniwersitetde okadyp başlady. ABŞ-nyñ Prezidenti Jorj Buşuñ döwründe 2007-nji ýylda MRU-nyñ beren seljermesine görä onuñ ylmy karýerasy “gizlindi”: ol Eýranyñ ýadro ýaragyny öndürmek boýunça maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiñ iñ ýokary wezipeli ygtyýarlysydy!
Günbataryñ kontrrazwedka gulluklary Fahrizadäniñ Eýranyñ "Project 111" ýadro maksatnamasyna jogapkär adamdygyny öñe sürdi. Eýran bu aýyplamalary inkär etdi. "Ýadro maksatnamasy ilkinji nobatda urany baýlaşdyrmak işine üns berýärdi."
Eýran özüni näme diýip aklasa-da, Fahrizadeh barybir Günbataryñ habar beriş serişdeleriniñ didiwanyna mündürildi:
"Sunday Times" gazeti 2007-nji ýylda Fahrizadäniñ Eýranyñ ýadro maksatnamasy boýunça jogapkär FEDAT-yñ başlygydyny ýazdy.
"Guardian" gazeti 2010-njy ýylda Fahrizadäniñ Eýranyñ ýadro maksatnamasynyñ iñ esasy jogapkär adamydygyny ýazdy.
"Wall Street Journal" 2012-nji ýylda Fahrizadä “Tähranyñ atom ýaraglarynyñ gurusy” adyny berdi.
"New York Times" gazeti 2014-nji ýylda Fahrizadä Oppenheýmeriñ (ilkinji ýadro bombasyny oýlap tapan) bir görnüşi hökmünde baha berdi.
Aýdylmadyk, diýilmedik zat barmy... Ysraýylyñ premýer-ministri Benýamin Netanýahu 2018-nji ýylda telegepleşikleriñ birinde eden çykyşynda Fahrizadäniñ ýadro ýaragy maksatnamasynyñ ýolbaşçysydygyny aýtdy.
Şol sanda: iñ soñky gezek ABŞ-nyñ Daşary işler ministrligi 2020-nji ýylyñ iýun aýyndaky habarnamasynda Eýranyñ ýadro maksatnamasynyñ üstündr Fahrizadäñ ýolbaşçylygyndaky toparyñ işläp ýörendigini ýazdy.
Soñam... 2020-nji ýylyñ 27-nji noýabrynda, geçen hepdäniñ anna güni onuñ janyna kast edildi.
Bütin dünýäniñ habar beriş serişdeleri, şol sanda biziñ metbugatymyzam Fahrizadäniñ ýadro maksatnamasynyñ amala aşmagyna bökdençlik döretmek maksady bilen MRU ýa-da MOSSAD tarapyndan öldürülendigini ýazdy.
Dûýp sebäp şumudy?

WAKSINANY TAPAN TOPARYÑ ÝOLBAŞÇYSY

2020-nji ýylyñ 20-nji oktýabrynda Eýranyñ Saglygy goraýyş ministri Said Namaki eden çykyşynda özlerçe işläp taýýarlan kowid-19-yñ waksinasyny adamlarda synag etmäge başlanjakdygyny mälim etdi.
Geçen hepdäniñ anna güni... Eýran bilen Russiýanyñ arasynda waksina boýunça özara hyzmatdaşlyk etmek üçin Eýranyñ Russiýadaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Kazem Jalali bilen Russiýanyñ inwestiýalar fondunyñ (Российского фонда прямых инвестиций) baş direktory Kirill Dmitriýewiñ arasynda geçirilen duşuşygyñ arasy Fahrizadäniñ garşysyna amala aşyrylan terakt sebäpli tarpa kesildi.
Waksina söwdasyna Russiýanyñ üsti bilen Eýranam girýärmidi? Munuñ terakta näme dahyly bardy?
Günbatar metbugaty Fahrizadeh hakynda şu maglumaty ýazmady:
Fizikaçy alym Fahrizade Eýrany ýykan-ýumran eden koronawirus ýokanjyna garşy göreşiñ iñ esasy adamlarynyñ biridi. Ol kowid-19 üçin ilkinji bolup Eýranyñ kesel anyklaýyş abzalyny kämilleşdiren toparyñ ýolbaşçysydy.
Eýranyñ Daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 2020-nji ýylyñ 9-njy maýynda kowid-19-yñ kesel anyklaýyş abzallaryny ulanyşa goýbermek üçin ygtyýarnamalaryñ alnandygyny habar berdi:
”Eýranda öndürilen 40 müñ sany kämil test abzalyny Germaniýa, Türkiýä we beýleki ýurtlara iberdik. Ýene altmyşdan gowrak ýurt muña nobata dur.”
Diñe abzallaram däl...
Eýranyñ Goranmak ministri Amir Hataminiñ aýtmagyna görä, Fahrizade kowid-19-a garşy waksinany taýýarlamak işinde möhüm ädimleri äden ylmy toparyñ ýolbaşçysydy...
Fahrizadäniñ ýolbaşçylygyndaky topar kowid-19-yñ waksinasyny kliniki barlaglaryñ bosagasyna getiripdi.
Nämüçindir... ölüminiñ yzyndan Fahrizadäniñ medisina-saglyk sektorynyñ saýlama alymlarynyñ biridigi barada kelam agyz söz ýazylmady.
Teraktyñ düýp maksady şunuñ bilen baglanyşykly bolup bilermi?
Sowaly şu sebäpli berdim:

ÇAPRAZLYKLAR BAR

Mohsen Fahrizadeh Tähranyñ golaýyndaky Absard şäherine barýan ýolda üç sany bronirlenen gorag awtoulagynyñ goragy astynda aýaly bilen bile ok geçirmeýän awtoulagly barýarka duzaga düşürildi.
Terakt bilen baglanşykly şu çaprazlyklar bardy:
"New York Times" we "BBC"-niñ berýän maglumatyna görä, Fahrizadäniñ awtoulagynyñ ýanynda odundan mas ýüklenen "Nissan" ýük awtoulagy partladyldy.
- Eýranyñ habar beriş serişdeleri "Nissan" ýük awtoulagynyñ gorag konwoýyny saklamak üçin partladylandygyny aýdýar. "Hyundai Santa Fe" jip awtoulagynda iki mergenden we motosiklli dört ýaragly kişiden ybarat hüjüm ediji topar Fahrizadäniñ konwoýyna ot açdy.
- "Fars" habarlar agentliginiñ aýtmagyna görä, Fahrizadeh awtoulagynyñ tekeri nämedir bir zada degensoñ, awtoulagyndan çykdy we "Nissan" ýük awtoulagynyñ üstünde gurnalan uzak aralyga atýan pulomýot bilen öldürildi. Terak amala aşyrylansoñam "Nissan" partladyldy…
Gepi uzadyp durmagyñ hajaty ýok: heniz bu ganly wakada näçe ölüniñ we näçe ýaralynyñ bardygy-da belli däl.
Häzirki minuda çenli hiç bir tarap hem bu terakty amala aşyrandygyny mälim etmedi.
Özüñiz pikir edip görüñ: häzir Ysraýylda ýa ABŞ-da waksina boýunça alnyp barylýan işlere ýolbaşçylyk edýän haýsydyr bir alym öldürilse, bütin dünýä aýaga galmazmydy?
Alym Fahrizadeh dünýä jemgyýetçiligine [iP"ýadro ýaragyny öndürmek üçin işläp ýören"[/i] biri hökmünde tanadyldy. Onuñ waksina boýunça alyp barýan işlerinden ýeke agyz söz açylmady. Bu ýaşyrynlygyñ, gözboýagçylygyñ maksady näme?
Hemişe tekrarlap gelýärin: waksina meselesi iññän wajyp meseledir, onjñ ykdysady we syýasy taraplaryny görmezlige salmañ!

Soner ÝALÇYN.

"SÖZCÜ" gazeti, 01.12.2020






Категория: Medisina | Просмотров: 224 | Добавил: Gökböri | Теги: Soner Ýalçyn | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Medisina bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]