15:51
Kösenme
KÖSENME

Sen ýigdiň başyna çykjak bolmagyn,
Goý, ol seni depesine täç etsin!
Nobatguly Rejebow.

Näz etdimi, öýkeledi, arsyzmy...
Otyryn bularyň jogabyn tapman.
Duşmadym bir elde iki garpyzly,
Ýadyma düşenok çykaran hokgam.

Arzuwlaryň günbe-günden ösende,
Aňsatmy olara eşik tikäýme.
Sen depäme çykjak bolup kösenme,
Özüm seni täç ederin depäme,
EZIZIM.

Süleýman HAÝDAROW.

Makalaň çapa çykan ýyly: 25.06.2020 ýyl

Makalaň metbugat çeşmesi: "Nesil" gazeti

Категория: Goşgular | Просмотров: 79 | Добавил: SüleýmanHAÝDAR | Теги: Süleýman Haýdarow | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şahyra / Goşgular - 31.05.2021
Ykbalymyñ Gün-u-Mahy / Goşgular - 08.03.2021
Samsyk bilen samsyjak hakda soňlanmadyk ertekiden bölek / Goşgular - 18.03.2021
Eje / Goşgular - 03.03.2021
Ahyrzaman bolar / Goşgular - 13.01.2021
Men ýigrenip bilemok / Goşgular - 05.11.2021
Ýagyş ýagsa... / Goşgular - 08.02.2021
Ýygra söýgi / Goşgular - 31.01.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Lukmanlar / Goşgular - 24.01.2021



Всего комментариев: 4
0
3 Haweran   [Материал]
Süleýman, saýta hoş geldiñiz, goşgularyñdan ýetirip dur.

0
4 SüleýmanHAÝDAR   [Материал]
Myhmansöýerlik üçin sag boluň! Nesip bolsa..!

0
1 Gumlygelin   [Материал]
Süleýman, galamyñ mundanam ýiti bolsun jigim!

0
2 SüleýmanHAÝDAR   [Материал]
Sag boluň..!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]