21:45
Koronawirusyñ iñ soñky baryp ýokuşjak ýurdy haýsy?
KORONAWIRUSYÑ IÑ SOÑKY BARYP ÝOKUŞJAK ÝURDY HAÝSY?

12-nji ýanwarda - sanlyja aý mundan öñ koronawurus diñe Hytaýyñ öz içindedi. Ertesi 13-nji ýanwar güni bolsa eýýäm global problema öwrüldi. Hytaýdan soñ ilkinji bolup Taýlandiýada ýüze çykan koronawirus, yzysüre Ýaponiýa, Günorta Koreýa, ABŞ ýaly ýurtlara syçrady.
Ahyrynda bolsa bütin ýer ýüzüne çaltlyk bilen ýaýrady. Üstümizdäki ýylyñ 3-nji aprelinde eýýäm bir milliondan gowrak adamda koronawirus ýokanjynyñ alamatlarynyñ bardygy anyklandy. Her niçik-de bolsa, häzirem ilatyna koronawirus ýokuşmandygyny aýdýan ýurtlar bar.
"BBC" habarlar teleýaýlymynyñ işgäri Owen Amos şol ýurtlaryñ arasynda ykjam öñüni alyş çärelerini geçiren we geografiki taýdan wirus ýokanjynyñ elýeterinden daşda galjak ýurtlary seljerdi.
Birleşen Milletler Guramasynyñ resmi hasabyndan dünýä ýurtlarynyñ 193-i garaşsyz döwlet hökmünde geçýär. Häzire çenli on sekiz ýurtda koronawirus wakasyna duş gelinmändigi belli boldy: Günorta Sudan, Komor adalary, Kribati, Demirgazyk Koreýa, Lesoto, Marşal adalary, Mikroneziýa Nauru, Palau, Samoa, Sao Tome we Prinsipe, Solomon adalary, Täjigistan, Tonga, Türkmenistan, Tuwalu, Wanuatu we Ýemen.

• WIRUSYÑ HENIZ GABAT GELMEDIK BOLMAGY MÜMKIN

"BBC" teleýaýlymynyñ habaryna görä, hünärmenler bu ýurtlaryñ käbirinde resmi taýdan mälim edilmedik koronawirus wakalarynyñ bardygyny güman edýär. Muña mysal hökmünde Demirgazyk Koreýany we birnäçe ýyl bäri ýaragly çaknyşyklaryñ dowam edýän ýurdy bolan Ýemeni görkezmek bolar.
Emma Ýuwaş okeandaky kiçijik ada ýurtlarynda koronawirusyñ heniz baryp ýetmedik bolmagy gaty mümkin. BMG-nyñ maglumatlaryna görä, bu ýurtlaryñ ýedisi öñdenem dünýäniñ iñ az daşary ýurtly syýahatçy kabul edýän ýurtlaryñ hataryna girýär. Şeýle-de, materiklere uzak aralykda ýerleşen bu ada ýurtlary tebigy taýdan doly izolýasiýa astynda diýen ýaly.
Dünýäniñ çäk boýunça Monakodan soñ iñ kiçi, ilaty boýunça-da Tuwaludan soñ iñ az ilatly bolan Nauruda heniz heniz hiç hilo koronawirus wakasy ýogam bolsa, doly ýagdaýda adatdan daşary ýagdaý (karantin) yglan edilipdir. Ýylda ortaça 160 turistiñ gelýän 13 müñ ilatly kiçijik ada döwletinde ýekeje hassahana bar, lukmançylyk enjamalary ýok we medisina işgärleriniñ sany-da ujypsyz.
Ýurduñ Prezidenti Laýonel Engimea "BBC"-ä beren interwýusynda daşardan gelýän uçuşlaryñ doly diýen ýaly togtadylandygyny, her gelýäniñ gürrüñsiz on dört gün karantin astyna alynýandygyny gürrüñ berdi. Kribati Tonga, Wanuatu we beýleki ada ýurtlary-xa Naurunyñ yzysüre adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler.
Saglygy goraýyş ulgamy o diýen ösmedik bu ýurtlarsa köp sanly diabet, ýüregagyry we ýokary gan basyşly (dawleniýeli) hassalar bar. Saglyk ýagdaýy agyrlaşýan hassalar adaty wagtlarda beýleki ýurtlara ugradylýar. Emma araçäkleriñ ýapylan ýokanç döwründe muny etmegem indi kynlaşjaga meñzeýär.
Şonuñ üçin koronawirusyñ adalara hiç bir ýagdaýda aralaşmazlygy üçin düýpli öñüni alyş çäreleri kabul edilýär.

04.04.2020 ý, ODATV.

Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW,
Stambul uniwersitetiniñ talyby.





Категория: Medisina | Просмотров: 238 | Добавил: Gökböri | Теги: Guwanç Mämiliýew | Рейтинг: 1.0/1
Awtoryň başga makalalary

Medisina bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 1
0
1 Gumlygelin   [Материал]
Her bir zatdan Goraýjyñ özi gorasyn.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]