15:47
Korona günlerinde pelsepe -2
KORONA GÜNLERINDE PELSEPE -2

“El” diýlende ýadyma ilki bilen I.Kantyñ bir sözi düşýär: "Eller akylyñ dowamydyr". Ýagny el özbaşdak, akyl bolmazdan hiç zada ýaramaýar. Akylam öz gezeginde el bolmasa zada ýaranok. Akyl maksady berýär, ýoly görkezýär. Elem ýerine ýetirýär. El tehnologiýanyñ gurujy hudaýy Demiourgos ýaly. Nirede akyl bolsa, şol ýerde el bar. Adam eliniñ gurluşy bilen akylyñ arasyndaky parallellik-de şu ýerde kesişýär. Iñ esasy zadam bu ikisiniñ biledigi. Kantyñ bu özleşdirmesinde adama we adamyñ döreden siwilizasiýasyna bolan hormat duýulýar. Eýse adamyñ gurup-döreden her bir zadyna deñ derejede hormat goýup bilýärismikä?
El akylyñ ýaýjyk içine alan ýa-da belli bir wagta çenli gözden sypan ýerlerinde-de hereketde bolýar. Mysal üçin, gahar-gazaba atlanan, serhoş kişide akyl näme işlesin. Oktaý Ryfat "Elleri bar erkinligiñ" diýipdir.
Elimiz bilen ýagşy-ýaman, owadan-betnyşan, dogry-ýalñyş, ähmiýetli-ähmiýetsiz we biri-birine garşy hemme zady edip bilme ukyp-başarnygymyzyñ bolşy ýaly eller bilen erkinligiñ arasynda ykjam baglanşyk bar. Bu garşydaşlyk we bu saýlaw bolmasa erkinlikdenem söz açmak kyn. Kantyñ özleşdirmesine şeýlerägem düşünip bilerismikä diýýärin: "Adamyñ bar bolan hemme ýerinde el bar we ol işläp durýar". Oñyn, adamy janlandyrýan, adama sylag-hormatly ýaşaýyş üçin el bilen nämäni nädip etjekdigimiziñ pikiri ähmiýet gazanýar.
"Kirli eller". Sartryñ sahna eserlerinden biri. Göräýmäge elleriñ syýasy şertlerdäki rehim-şepagatsyzlygyny, gödekligini, betnyşanlygyny we hapadygyny gürrüñ berýän spektakl ýaly. Elbetde, spektaklyñ daşky gabygy şeýle. Içine aralaşýañ welin, elleriñ başarnygy bilen syýasat dünýäsiniñ uniwersal mehanizmini suratlandyrýar.
Oýunda Höderer Gýugo ýüzlenip şeýle diýýär:
- Arassa bolup galmaga näçe jan ederkäñ, balam. Elleriñi kirletmekden nähili gorkýarsyñ. Ýeri bolýar, sen onda şu arassalygyña gal. Kime peýdasy deger öýdýäñ?.. Meniñ ellerim şeýle bir kirli, özem tirsegime çenli. Olary lagyma-da sokdum, gana-da buladym, eýse sen näme pikir edipdiñ? Dolandyryş mehanizmi günäsizje ýöredilýändir öýdýärdiñmi?
Bular agyr sözler. Adam elini hemme zada uzadan wagty aklyna aýlasa, ýörite oýlanylmagy gerek sözler. Aýratynam ol ýolbaşçy wezipesinde oturýan bolsa.
Eýse eliñ ahlagy bolup bilermi? Adamyñ ýaşaýşynda elleri oña aýrylmaz derejede baglanypdyr, hatda biri bolmasa beýleki-de bolmajak ýaly. Eliñ ahlagy ýok, emma ellere şhmiýet bermeýän ahlagam ýok. Şeýlelikde ähmiýeti bolan ellerimize baga bermek, düşünmek üçin köp wagta çekýän daşarky sebäp gerek. Meselem, koronawirus belasy ýüze çykmasyk bolanlygynda ellerimize şular ýaly üns berermidik? Ýogsam bolmasa olam suw ýaly akyp barýan durmuşymyzda beýleki beden agzalarymyz ýaly adaty bolardy, äwmezeklik bilen ulanardyk. Ýagny, el adamyñ daşarky dünýä, özünden başgasyna uzalan eli: el gysyşýas, el salgaýas, el berýäs, el uzadýas, doga-dileg edende elimizi uzadýas, ýumrugymyzy düwüp topulýas, el açyp pal atýanlara seredýäs, geplemekden mahrum biri bolsak el hereketi bilen düşündirýäs, el çarpyp alkyşlaýas...
Älem adamyñ ellerini köp zada ulanmaga ukyply edip kämilleşdiripdir. Şugadar köp işe girensoñ, el hapalanmaga iñ açyk syna bolmagynda galýar. Eller diñe hapalanmaýar, hapany-da hapalaýar. Her dürli hapalanmada adamyñ eli bar: adam hapalaýan barlyk. Tebigat hapalamaýar. Tebigat özüdir. Adam bolsa özi boljak bolup çarp urýar, emma hany özi?..
Ana, ahyrynda boljak işem bolup dyndy. Korona ellerimizi öñümize goýdy. Adamlarda gorky, howsala bar. Iñ işeññir-dörediji synamyz eger ünsli bolmasak bize ölüm getirip biler. Getiribem dur. Bu diñe ýöne bir ýaşamagyñ dady-perýady; şol wagtyñ dowamynda içimizdäki adamy orta çykarmakdan ötri gymyldamaýan ýaşaýyşa, içindäki adamy uka gidiren ýaşaýyşa.
Içimizdäki adam uklasa ýa-da gorkup dymsa ýa bolmasa gaçsa meýdan adam dällere galýar. Ine, şol ýerem koronanyñ, garahassanyñ we başga görlähetleriñ jort atýan meýdanydyr.
Bir zady pikir edýärin: adam has mahlukmy ýa korona? Sessizje oýlanyp oturýañ welin, taryhyñ dürli döwürlerinde adamyñ edenlerini göz öñüne getirseñ, soraga jogaplamak kyn. Koronanyñ adama meñzeýän bir tarapy bar: Ol özbaşdak hiç zadam däl. Käbir täsirler we gatançlar arkaly üýtgeşmä (mutasiýa) uçran wagtynda aýratyn ýykgynçylykly we agyr zyýanly bolýar. Hiç bir garaýşyñ, durmuş nukdaýnazarynyñ täsirinde galman gup-gury, göni ýaşaýan adamam şolar ýaly zyýansyz barlyk. Işe gidýär-işden gelýär, hiç zada goşulanok. Adam bir garaýyş, durmuş nukdaýnazary ýa-da ideologiýa bilen garym-gatym bolýaram welin mongol ordalary herekete geçýär. Haçparazlar sürlenşip gelýär, nemes faşistleri ähli ýykan-ýumrançylyklaryny görkezýär. Mundan soñuny şahyra goýýaryn:

Jeñ tozunda ýitirlip tapylmadyk hakykat
Ýigriminji asyryñ inkwizisiýa zulumy
Peçler, gaz otaglary,
Üýşmek bolup ýatan ölümler
Gara siñekleñ gonýan porsan etleri
Ot sowrulyp eleme-deşik edilen
Adamkärçiligimiz...
Sarç atlañ çeýnän aýakdyr gollary
owasyna gan aýlanan gözler,
Tygyñ ujuna sanjylyp galdyrylan kesik başlarymyz
Bizi ýere sokan bu ganly ýeñşiñ täçleri, ine
Öpen o pis ellerimiz, o maýmynpisint ýallakçylarmyz...[1]


Adam bolmagyñ öwezi bar. Korona bu öwezi ödemezligiñ, bu öwezi arzana düşürmegiñ netijesi. Ýaşamak adama berlen borçdur, adamdan başga hiç bir janly-jandaryñ beýle jogapkärçiligi ýok. Korona eliñ bilen edeniñi eliñ bilenem arassala diýýär. Bu uruş. Dünýäde uruşy adamdan başga jandar turuzmady. Uruş adamlaryñ öz işidir. Şindi korona çykan bolsa, onuñam öwezi bar.
Jogapkärsiñ...
Jogapkärdiris.

Atilla ERDEMLI.





Категория: Filosofiýa | Просмотров: 49 | Добавил: Haweran | Теги: Atilla Erdemli | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Filosofiýa bölümiň başga makalalary




Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]