20:40
Köpri
KÖPRI

Haýwan-ynsan ýerden ýöräli bäri,
aýatda dirilik döräli bäri,

bir köpri bar ähli köprüden artyk.
Ýatyr ol barçany özüne dartyp.

Ynansañyz, sözlerimiñ küpri ýok.
Owal-ahyr ondan täsin köpri ýok.

Biri geçýär ondan, ýöräp barýarka.
Biri geçýär, doglup-döräp barýarka.

Otyrkalar, geçýänlerñem sany ýok,
Ýatyrkalar, geçýänlerñem sany ýok.

Bir bende arkaýyn geçse gyssanman,
beýlekisi geçip bilmän gyssanýar.

Garyp bolsañ, baý bolsañam geçmeli.
Tüýs Karuna taý bolsañam, geçmeli.

Ylgap, uçup geçýänlerñem çägi ýok,
Asyl, ondan geçmezlige çäre ýok.

Barymyza geçmek buýrugy Allañ,
Geçmän galjak ýokdur Allany aldap.

Nobat ýok bu ýerde, ömür güpürdi,
Bu köpri ömür hem ölüm köprüsi.

Öwezdurdy TEJEN.





Категория: Goşgular | Просмотров: 69 | Добавил: Haweran | Теги: Öwezdurdy Tejen | Рейтинг: 3.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ertir bilerin / Goşgular - 05.01.2022
Söýgülim / Goşgular - 13.01.2022
Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Ýaşasym gelýär / Goşgular - 11.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Пилигримы / Goşgular - 05.01.2022
Şygry söýýän / Goşgular - 12.01.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Köwşüm / Goşgular - 15.01.2022
Это я... / Goşgular - 11.01.2022



Всего комментариев: 1
0
1 Revo   [Материал]
"Haýwan-ynsan ýerden ýöräli bäri,
aýatda dirilik döräli bäri, "

Ine kapyýa! Suwda ýüzýänleri we howada uçýanlary hasabam etmändir.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]