17:46
Köpelip barýar
KÖPELIP BARÝAR

Aklym haýran bu pelegiñ oýnuna,
Gün-günden bet işler köpelip barýar.
Ýa-ha girdikmikäk şeýtan goýnuna,
Ygrarsyz, imansyz köpelip barýar.

Özlerine dost bilip pany dünýäni,
Zamanañ üstüne ýükläp günäni,
Gaş kakyp, göz gypyp eder zynany,
Bihaýa asylar köpelip barýar.

Tañry gullarynyñ azypmy päli,
Dogry ýol tapsalar gitmezler häli,
Nikasyz çagany dogurýar loly,
Bedasyl haramhor köpelip barýar.

Gybat, töhmet boldy sözüñ dogrusy,
Uzak ýola gider gepiñ egrisi,
Sanardan köp kezzaplary, ogrusy,
Mugt iýen parahor köpelip barýar.

Baýlyk toplamaklyk her kesiñ derdi,
Şagal arslan boldy, tapylmaz gurdy,
Ar-namys ugrunda azalyp merdi,
Muhannes tilkiler köpelip barýar.

Aýdar Mämmet Salyh, ýazdym bu haty,
Ýatdan çykardylar goja hormaty,
Ýere degdi ene-atañ gymmaty,
Gaýynsyz obalar köpelip barýar.

Mämmet SALYHOW.

"Balkan" gazeti, 1992 ý.
Awtoryň başga makalalary

Категория: Goşgular | Просмотров: 40 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Mämmet Salyhow | Рейтинг: 4.0/2
Goşgular bölümiň başga makalalary

Психея / Goşgular - 03.06.2021
Nikolaý Tihonow / Goşgular - 15.01.2021
Täze goşgulardan / Goşgular - 26.01.2021
Dagy böwsüp çykan gül / Goşgular - 07.04.2021
Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021
Bir söz / Goşgular - 10.02.2021
Daşary ýurtdan gelen türkmeniň aşgabatly garyndaşy bilen söhbeti / Goşgular - 15.02.2021
Söýgiñ keşbi / Goşgular - 13.03.2021
Dag çekýän / Goşgular - 13.03.2021
Derwüşe / Goşgular - 20.02.2021
Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]