17:51
Köňül pelsepesi
KÖŇÜL PELSEPESI

Duýmasam durmuşyň dabarasyny,
ýerlemesem gujagynda günleriň.
Derwüş deý syrymy gizläp içimde,
gije-gündiz golda bolsa gülberim.
Sen maňa düşün!

Paýlap juwan ömrüm bolsadylara,
ham hyýallaň hasylyna garaşsam.
Görülmedik günde sezsiz şäheriň,
bir näbelet köçesinde azaşsam,
didelerden, didarlardan ara açsam,
Sen maňa düşün!

Inçe billi ýodalarda usurgap,
teýim kylsam husnuň istäp çöl içre.
Seri sergin sähralarda syňsyrap,
hoş söz üçin bagtym bersem müň hijre.
Sen maňa düşün!

Dodagymdan damyp bilmän hak sözim,
damarymda doňup galsa buz deýin.
Päk niýetleň pellesinde bir pursat:
Başa çeksem, Haýýam göteren meýin.
Sen maňa düşün!

Düşün maňa!
Ýeller öpen,
Gün ogşan,
Geýimsiz daglara ýerlese ruhum.
Dünýäň dabanynda ýyldyrym çakyp,
Badam gözýaşymdan püre-pürlense.
Gözläp gözýetimden gämisin Nuhuň,
Düýnleriň düşünde geljegim görsem,
Bir gün ýetmek üçin seniň ýanyňa.
Her demimde, ädimimde özgersem,
...Ýol ýitirsem ýetip bilmän menzile,
Al ýanyňa, bakyp solan meňzime.

Muhammet BEKGIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 110 | Добавил: Aziza | Теги: Muhammet Bekgiýew | Рейтинг: 4.2/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Могила Гете / Goşgular - 11.01.2022
Barsam atamöýmüze / Goşgular - 08.01.2022
"Sagat-sagat geçip barýar bu ömür..." / Goşgular - 12.01.2022
Agam / Goşgular - 14.01.2022
Täze ýyl ertirinde / Goşgular - 05.01.2022
Edebi ýañsylamalar / Goşgular - 15.01.2022
Ahmyr! / Goşgular - 08.01.2022
Gyz arzuwy / Goşgular - 16.01.2022
Ходил он от дома к дому... / Goşgular - 09.01.2022
Ýolda / Goşgular - 15.01.2022



Всего комментариев: 2
0
2 Allanazar   [Материал]
Oňat ýazylypdyr, oňat goşgy.

0
1 Garayolly1936   [Материал]
Gowy goşgy

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]