07:43
Köñül köşgüm
KÖÑÜL KÖŞGÜM

Men özümiñ söýgi atly dünýämde,
Şeýlebir köşk gurdum güllere besläp.
Aýna bakyp gara saçym daradym,
Gözüm ýolda goýdum geleriñ isläp.

Günüñ şöhlesinden basgançak ýasap,
Arzuwlarym arşy-agla ýol saldy.
Bilmedim, gör, kimler päk söýgimize,
Hile gurap, ýalan bilen al saldy.

Ýyldyrymyñ uçgunydy düşen ot,
Söýgimi ahmyryñ alawyna ýakdy.
Seniñ birmahalky gara gözleriñ,
Ah, gör-ä, kimlere ýar diýip bakdy.

Indi umydymyñ üzlen monjugyn,
Gaýtadan bir ýüpe düzüp bilmerin.
Arzuwymda köşk gursam-da gaýtadan,
Señ adyñ üçegne ýazyp bilmerin.

Bahar TOSYÝEWA.

"Garagum" žurnaly, 3/2014 ý.





Категория: Goşgular | Просмотров: 37 | Добавил: Haweran | Теги: Bahar Tosyýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Arzuw / Goşgular - 12.03.2021
"Men goşgy ýazmaryn" / Goşgular - 15.07.2021
Yşgyñ sungaty / Goşgular - 11.02.2021
Hazar depderçesi / Goşgular - 14.02.2021
Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021
Sen maňa dymma diýme!.. / Goşgular - 10.02.2021
Başga biz... / Goşgular - 12.02.2021
Аlysda galan çagalyk / Goşgular - 30.03.2021
Çilimkeş / Goşgular - 15.01.2021



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]