15:55
Köñlüm
KÖÑLÜM

Iliñ ýürekdäki ýagşy netini,
Eden ýagşylygyn az görme, köñlüm.
Dostlaryñ özün däl, hatda itini:
Bir göz bilen synlap,
Bir gözüñ bilen
Ýazgarma, köñlüm.

Ýamanlyga duşsañ, bagryñdan süzüp
Päklige öwür.
Şygyrlaryñy
Janyña dözüp,
(Meñzäp ýanyñdaky baky hemdeme)
Jigerbendine
Janyndan jan berýän aýal dek dogur.

Goý, ol uçup gitsin,
Toýlara barsa,
Meýlisler begenip, göwni hoş bolsun.
Dünýede namyrat galany görse,
Naçar dogan ýaly
Ýürekdeş bolsun.

Özgäñ saña ýowuz bolmaýşy ýaly,
Öz-özüñe ýowuz daragyn, köñlüm.
Akar suw dek pes tut
Elmydam päli,
Şapak reñki siñen bägül mysaly
Kän bolsun islegleñ, soragyñ, köñlüm.

Ahmet GURBANNEPESOW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 41 | Добавил: Haweran | Теги: Ahmet Gurbannepesow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Радуга / Goşgular - 23.02.2022
"Başyndan geçmejek kimiñ.. " / Goşgular - 28.01.2022
Заморозки / Goşgular - 24.01.2022
Дело о поджоге Рейхстага / Goşgular - 11.01.2022
Bentler / Goşgular - 24.01.2022
"С моею царственной мечтой..." / Goşgular - 26.01.2022
Bagyşla / Goşgular - 14.01.2022
Hoş geldiň ylham / Goşgular - 19.01.2022
Ömür / Goşgular - 22.02.2022
Ýaz..! / Goşgular - 13.02.2022



Всего комментариев: 0
Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]