10:02
Köne pikirler täze goşguda
KÖNE PIKIRLER TÄZE GOŞGUDA

Köpi gözläp azdan galyp ýörenden,
Ýeke-täk naçary söýen ýagşydyr.
Soňra “Geç günämi!” diýip durandan,
Birbada “Bagyşla!” diýen ýagşydyr.

Aç ölen ýeg minnetli aş iýenden,
“Aý, namysdan ölen barmy” diýenden,
Myhmanyn öňünde boş gap goýandan
Ýekeje toklyňy soýan ýagşydyr.

Wada berlen “Altyn asyr” küýseler,
“Indi saňa näme gerek?” diýseler,
Soragçylar gara telpek geýseler,
Başyňa ak telpek geýen ýagşydyr.

Aýlawa gireniň, goý, öňki bolsun,
Baýraksyz galanyň, goý, soňky bolsun.
At kimiňki bolsa, goý, şoňky bolsun,
Herne öz eliňde uýan ýagşydyr.

Bar, sen otyrsyňam şanyň tagtynda,
Gör özüňi iliň-günüň bagtynda.
Ýagşy näme, ýaman näme – wagtynda
Perzent gursagyna guýan ýagşydyr.

Tagta çykyp, il göwnüni ýykandan,
Hydyrsyrap, soň hyrs bolup çykandan,
Bulut bolup gara ýere çökenden
Asmanda ak ganat ýaýan ýagşydyr.

* * *

ULUMSYLYK

Serhowuzdan çykan juwan gyz kibi
Aý gizlendi töweregne garanyp.
Döwüň gowagyna dönen gözýetim
Şeýtanyň kalby deý ýatyr garalyp.

Aýperiň üzülen hünjüsi deýin
Ýyldyzlar birgeňsi pytraşyp ýatyr.
Pyragyň goşgusyn diňleýän ýaly
Baglar gamly başyn yralap otyr.

Geçmişe bakýasyň gaňrylyp yza,
Buýsanjyň ökünçden ýeňilrek gelýä.
Ýene güberilýäň beýgeljek bolup,
Başardanok. Göwre hasam kiçelýä.

Nirde gyşyk basdyň, nirde büdrediň –
Geçmişi gaýtaryp mizana salýaň.
Şübhelenýän dürslügine tereziň,
Bitaý tarapynam deňlejek bolýan.

Bäsleşik ýok tebigatyň güýjüne,
Senem il deňinde dyzyňa çökýäň.
Adamlaryň paýlaşmadyk derdini
Merdemsi daragtyň düýbüne dökýäň.

Sary çäge, ýaşyl maýsa, gök asman...
Begres geýen bu meýdandan ganma ýok.
Sen öýden çykypdyň gezelenç üçin,
Nämüçindir – dolanasyň gelenok…

Şiraly NURMYRADOW





Категория: Goşgular | Просмотров: 90 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 4.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dostum / Goşgular - 25.03.2021
Gara pişigiň gözleri / Goşgular - 11.11.2021
Gökdepe mukamy / Goşgular - 14.01.2021
Seniñ adyñ / Goşgular - 29.01.2021
Gije motiwleri / Goşgular - 12.02.2021
Alla hem şahyr / Goşgular - 25.03.2021
Hatyja / Goşgular - 15.02.2021
Güýz goşgulary / Goşgular - 08.02.2021
Guwlar geçýär amman-amman... / Goşgular - 07.02.2021
Babyrdan 40 gazal -2 / Goşgular - 03.02.2021



Всего комментариев: 1
1
1 Garayolly1936   [Материал]
Goşgylar ownady, mazmuny maýda,
Nusgawy esere meňzeýän kaýda,
Gör~ä Şiralyny, köňle golaý~da,
Şeýle şygry ýygy goýan ýagşydyr.

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]