12:41 Köne bag | |
KÖNE BAG Köne bag. Günortan. Düşledik ine, Gelipdiris munda ýolumyz düşüp. Bu ýerde artyk söz gelenok dile, Bolanok hiç zady özüñden goşup. Egni gysyk agaç, agymtyl asman, Bezeg ýok. Hemme zat öz bolşy ýaly. Agaçlar miwe-de getirmändir kän, Özlerine mähir az bolşy ýaly. Ozal şaglap çykanynda öñünden, Sending syrdaş diýen, miwesin dadan. Bu gün bolsa geçip gidýäñ deñinden, Seniñ şu bolşuñ dürsmüdir, Adam! Baharlarda bulut deýin möwç urup, Guşlar owaz goşan hoşwagt sesine Bag bu gün yranýar boýnuny burup, Ýumruk deý tüñçäniñ hiñlenmesine. Diñe şat bolupdyr guran şahalar, Olar ot içinde alyp dur beleñ. Bir zat göwni dilýär: köne bag galar, Biz ýene gideris ýolumyz bilen. Mämmätnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Бессмертие / Goşgular - 17.02.2022 |
√ Ykbala haýyş / Goşgular - 14.01.2022 |
√ Мазурка Шопена / Goşgular - 11.01.2022 |
√ Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022 |
√ Звезда / Goşgular - 25.02.2022 |
√ Ýyllaň geçýänine gynanamzok biz..." / Goşgular - 23.02.2022 |
√ Морской пейзаж с солнцем и орлом / Goşgular - 22.02.2022 |
√ Dykma serdar / Goşgular - 30.01.2022 |
√ Öýke / Goşgular - 15.01.2022 |
√ Беатриче / Goşgular - 24.01.2022 |
Всего комментариев: 0 | |