08:56
Kofe başynda
KOFE BAŞYNDA

Bir käsejik kofe ýasap ber dostum,
Deregne ýüregmi bereýin saňa.
Kofäň deý ajymtyk söhbet etsek-de
Bize ýeterlik bor ýetmäge daňa.

Gijäň reňki örtmez ýürek syrmyzy,
Derdimizi üfläp köreder ýeller.
Gapjyk deý gursagyň içinde gizlän
Ýüregňi her kime açasyň gelmez.

Gel, söhbet edeli,
belki şol pursat
Bizi tämiz arzuwmyza gaýtarar.
Bu pursady duýmak üçin ikilenç
Ömür bize beriläýmez gaýtadan.

Ruhum boşan kapasa deý düňderlip,
Geň däl käte göwrämi ýat saýmagam.
Mähir islän göwnüýarym göwnümi
Doldurmaz dünýäniň hiç bir baýlygam.

Goý, sözümiz deň gelmese gelmesin,
Göwünler göwüne deň gelse besdir.
Men saňa ýüregmi berjek, deregne
Bir käsejik kofe ýasap ber dostum!

Goçmyrat ORAZBERDIÝEW.





Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: Edebiyatcy | Теги: Goçmyrat Orazberdiýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aşgabadyñ goýnunda / Goşgular - 14.01.2022
Häsiýet / Goşgular - 04.01.2022
Çigit satýan oglanjyk / Goşgular - 22.02.2022
Вечер / Goşgular - 20.02.2022
Özüm bilen gönümel gürrüň / Goşgular - 12.01.2022
Стихи на русском языке / Goşgular - 22.02.2022
"Başyndan geçmejek kimiñ.. " / Goşgular - 28.01.2022
Ýyllar / Goşgular - 04.01.2022
Durmuş hakykaty / Goşgular - 13.01.2022
Бессмертие / Goşgular - 17.02.2022



Всего комментариев: 3
0
3 Edebiyatcy   [Материал]
Köp sag boluň jigerdeşler! Siziňem ylhamyňyz egsilmesin!

0
2 Nurdan   [Материал]
Galamyñyz ýiti bolsun, owadan goşgy, ylhamyñyz joşup dursun!

0
1 Mähriban   [Материал]
Gowy goşgy bolupdyr, Goçmyrat, hemmelere şeýle mähriban dost nesip etsin, ylaýym!

Добавлять комментарии могут только зарегистрированные пользователи.
[ Регистрация | Вход ]